SÖZLÜG ; J- HARPY;
JIB

JIBIRDEMEK, 1. Zaryn ses bilen jüýgüldemek, jürküldemek (guş hakda).

2. göç m. ser. Jibrinmek Jibirdäp gürrüň etmek Jibirdäp beýan etmek.


JIBIRDEŞMEK, 1. Köp bolup bilelikde jibirdemek.

2. göç m. Biri bilen zeýrenişmek, arzy-halyňy aýdyşmak Jibirdeşip oturmak.


JIBIRDI, Käbir guşlar jürküldände çykýan ses Serçeleriň jibirdisi ýatmady.


JIBIR-JIBIR- j i b i r-j i b i r   etmek — ser Jibirdemek. Göwresinden uly sesli kapitan janykdy-da, jibir-jibir edip zeýrendi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


JIBRINMEK, Zeýrenip käýinmek, nägilelik bildirmek, ýanyp gürrüň etmek, ýanyp-bişmek Wüşi kel jany-dili bilen jibrinip gürledi (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) .Ojar ody basylan dek jibrinip Eziz myhmanynyň tarapyn çaldy. («Sowet edebiýaty» žurnaly).