SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KLA

KLE

KLI

KLU


KLAWIŞ, Roýalyň, hat ýazylýan maşinkanyň ze ş. m asylýaň we mehanizmi herekete getirýän ýeri. Klawişleriň bozuk ýerleri barmy? («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KLA'PAN, Mehanizmlerde deşigiň açylyp-ýapylýan gapajygy. Bug gazanynyň gorag klapany ujunda aýlanýan oky bar bolan ryçagdan ybaratdyr («Fiziha kursy»). Klapanlaryň öýjüklerini ýylmamak işi öň karuselь stanogynda, tekizlemek işi bolsa el güýji bilen ýerine ýetirilýärdi («Ýaş kommunist» gazeti).


KLARNE'T, Çalynýan agaç tüýdügiň bir görnüşi. Meredow bolsa klarnet çalmagy öwredilýen bölüme girdi («Mydam taýýar» gazeti).


KLAS, 1. Mekdep jaýynda sapak geçilýän, okalýan otag. Klasa girmekleri bilen suraty onuň eline tutdurdy we elindäki hatyny açyp okamakçy boldy (N. Saryhanow, Saýlanan eserler). Şonuň üçin iş otagyna, klaslara, auditoriýalara gündizlik ýagtylygy näçe köp düşse, şonça gowy (S. K. Karanow, Beterlän irinli göz agyry).

2. Köplenç bir ýaşdaky we bir sapak geçýän okuwçylar topary. Birinji klasda okaýan gyzlar üçin mekdep formasy («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Birinji klasa geldiler bile, On-ýyllyk bilimi aldylar bile («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ajap doly däl orta mekdebiň 5-nji. klasynda okaýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

3. Aýry-aýry hünärli adamlaryň iş ussatlygyny görkezýän gruppa, dereje. Ikinji klas şofior.


KLASDAŞ, Bir klasda okaýan. Jally Meýdanly bilen boýdaşdy we klasdaşdy («Mydam taýýar» gazeti), Klasdaş dostlary ýekemme-ýekän, Amanyň gözüniň öňünden geçýär («Sowet edebiýaty» žurnaly). Mehrijamal özüniň klasdaşlarynyň hem ünsüni özüne çekýärdi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KLASKOM, Okuwçylar arasyndan saýlanan klas-komitetiniň ýolbaşçysy. Myrady klaskom edip belledik. Klasymyzyň klaskomy oňat işleýär.


KLASKOMLYK, Klaskomyň wezipesi, klas ýolbaşçysynyň alyp barýan işi. Hatda ony klaskomlyga-da belledik («Pioner» žurnaly).


KLASSIFIKA'TOR, 1. Klassifitsirlemegiň spetsiaisti. 2. geol. Magdan sortlaýjy gural, abzal.


KLASSIFIKA'TSIÝA, Bir meňzeş bolan zatlary, predmetleri ýa-da düşünjeleri klaslara, toparlara bölüş sistemasy. Tizlik boýunça hereketleriň klassifikatsiýasy («Fizika kursy»). Öwrenilýän hadysalary, predmetleri ýatda saklamak üçin klassifikatsiýanyň möhüm položitel ähmiýeti bardyr (S. N. Winogradow, A. F. Kuzynin, Logika).


KLASSIFITSIRLEMEK, Klaslara, toparlara bölmek. Toplanan mysallary klassifitsirlemek.


KLASSIFITSIRLENMEK, Klaslara, toparlara bölünmek.


KLASSITSI'ZM, 1. XVII—XIX asyrlaryň edebiýatyn-da we sungatynda ýörgünli bolan, antik nusgalara öýkünmeklige esaslandyrylan ugur. Karamzinçiler öz edebi jemgyýetini döredip, könelen klassitsizmiň garşysyna göreşýerdiler (A. S. Puşkin, Saýlanaýa eserler).

2. Bilim almagyň antik filologiýasyny öwrenmeklige esaslandyrylan sistemasy.


KLASSYK, 1. Özünüň eserleriniň gymmatlylygy bilen hemmeler tarapyndan ykrar edilen ylym, sungat we edebkýat işgäri. Magtymguly klassyk şahyrdyr.

2. Klassitsizmiň tarapdary.

3. Gadymy grek wo latin filologiýasyndan spetsialist.


KLASSYKY, Klassyklar tarapyndan döredilen, görelde alarlykly, örän kämil. Şahyr klassyky we häzirki zaman poeziýasynyň gowy nusgalaryny öwreniýär-di. Klassyky edebiýatyň oňat däplerini ösdürmek we baýlaşdyrmak bilen, sotsialistik realizm çeper döredijilikde hil taýdan täze bir etap bolup durýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Drama teatryň repertuaryn-da klassyky dramaturgiýa ep-esli orun eýeleýärdi («Mydam takýar» gazeti).