SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MOW

MOD

MOJ

MOZ

MOÝ

MOL

MOM

MON

MOR

MOT

MOH


MONARH, Monarhiýanyň başynda durýan adam, hökümdar (patyşalara, impýeratorlara we ş m. berilýän umumy at). Häkimiýet adamlary Nikolaý II-niň ýerine başga bir monarh oturdarys tamasyny etdiler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MONARHI'ZM, syýasy Monarhiýany döwlet häkimiýetiniň ýeke-täk formasy diýip hasaplaýan reaktsion syýasy ugur.


MONARHI'ST, Monarhizmiň tarapdary.


MONARHISTIK, Monarhiýa degişli bolan, monarhiýa esaslanýan. Onuň eserleriniň bir näçesinde görünýän reaktsion-monarhistik ideýalara we dini wagyz-nesihatlara göz ýumup garamaklyk ýalňyşlyk bolardy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MONARHIÝA, Ýokary häkimiýet nesil boýunça häkimlik edýäne degişli döwleti dolandyrmaklygyň feodalizm döwrüne häsiýetli bolan despotik formasy we şeýle dolandyryşly döwlet. Frantsiýada absolýut monarhiýa (samoderžawie) berkarar bolupdyr (Orta asyrlar taryhy).


MONASTYRЬ, dini. Monahlaryň ýa-da monah aýallaryň bolýan ýeri we kapitaly bar bolan buthana hojalyk guramasyndan ybarat dini üýşmeleňi.Puşkin Swýatogorsk monastyrynyň mazarçylygynda jaýlanyldy (A. S. Puşkin, Saýlanan eserler).


MONA'H, dini. Buthna düzgünine laýyklykda asketik durmuşda ýaşamagy borç edinýän dini üýşmeleňiň çleni, terkidünýä. Monahlar ol ýere daýhanlary çekipdirler (SSSR taryhy).


MONAHLYK, Monah bolup ýaşamaklyk, monah durmuşy, terkidünýälik, monahçylyk.


MONAHÇYLYK, ser. M o n a h l y k.

Monahçylyk ýaly bir zatdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MONGOLLAR, Mongoliýa Halk Respublikasynyň ýerli halky, esasy ilaty.


MONJUGATDY [mo:njugatdy], edeb. Türkmen halk döredijiliginin žanrlarynyň bir görnüşi (türkmen gelin-gyzlarynyň täze ýylda (nowruzda) öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan aýdymly oýny). Mugallym çagalara monjugatdynň nämedigini düşündirdi.


MONJUK. [mo:njuk], Gymmatly daşjagazlardan, jäjeklerden, çüýşeden we ş. m. ýasalýan, ýüpe düzülip boýna, saça dakylýan bezeg. Üzümler hakyt monjugyň çogdamy ýaly ýylpyldaşýardy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Saç monjugy, saç ujundaky düwmeleri otursa-tursa şaňňyrdy bilen ses etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MONJUK-MONJUK [mo:njuk-mo:njuk], Burçak-burçak, damja-damja, düwme-düwme. Monjuk-monjuk ertir çygy simap kimin bulduraýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Öweziň aýaklary monjuk-monjuk gabardy («Görogly» eposy). Şol wagt aýal doganynyň gözlerin-den akýan monjuk-monjuk ýaşy gördi (A. Gowşudow, Eserler).


MONI'ZM, filos. Dualizmiň tersine, dünýäniň esasynda «ýeke-täk bir başlangyç bar» diýip ykrar edýän filosofik ugur (materiýa ýa-da ruh).


MONISTIK, Monizme esaslanýan, monizme degişli bolan. Taryha monistik garaýyş.


MONO..., Goşma sözüň «bir, ýeke» diýen manyny berýän birinji bölegi Meselem: monogamiýa, monoteuzm.


MONOGRA'MMA, Iki ýa-da bir näçe harpyň birigip, bir alamat hökmünde ýazylyşy.


MONOGRAFIK. Monografiýa görnüşli, monografiýa formaly. Monografik eser. Monografik derňew.


MONOGRA'FIÝA, Bir mesele ýa-da tema dogrusynda ýazylan düýpli ylmy eser, kitap. Rus sowet edebiýatynyň üstünlikleri we Sowet Soýuzynyň ähli milli edebiýatlarynyň gazananlary uly sowet ýazyjylary hakyn-daky monografiýalarda we rus, ukrain, belorus, täjik edebiýatparynyň hem beýleki edebiýatlaryň taryhy boýunça soňky ýyllaryň içinde çykan umumy oçerklerde görkezilendir («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MONOKLЬ, Äýnek deregine ulanylýan, täk göz bilen seredilýän tegelek optiki aýna.


MONOLIT, Ullakan bitewi daş we şol daşdan oýulyp ýasalan zat.


MONOLOG, Pьesada oýnaýanyň özüne ýa-da tomaşaçylara ýüzlenip aýdýan sözi. Bu bada-bat göremäge gahrymanyň dekleratiw monology ýaly duýulýar. («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MONOPLA'N, Bir jüp ganatly samoliot.


MONOPOLIZIRLEMEK, Bir zady monopoliýanyň predmeti etmek.


MONOPOLI'ST, 1. Monopoliýadan peýdalanýan adam.

2. Iri kapitalist. Monopolistleriň höküm sürýän ýerinde hakyky demokratiýanyň   ýoklugyny we bolup-da bilmejekdigini Draýzer örän aýdyň   görkezýär.(«Sowe edebiýaty» žurnaly).


MONOPOLISTIK, Monopoliýa esaslanýan, monopoliýa degişli bolan. Iri monopolistik kapitalyň reaktsion guramalarynyň täsiri artýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MONOPOLIÝA, 1. Bir zady öndürmeklige ýa-da satmaklyga bolan aýratyn hukuk we şunuň ýaly-da bir zatdan aýratyn peýdalanmaklyk. Şonuň awtory: «Ösgün senagatyň ideallary — monopoliýa we sindikatdyr» diýyp aýdýar (W/I. Lenin, Eserler).

2. Hojalygyň belli bir pudagynda agalyk etmek we şonuň bile birlikde maksimal derejede girdeji almak maksady bilen kapitalyň jemlenmegi esasynda ýüze çykan iri kapitalistik birleşik.


MONOPOLLYK, Monopoliýa ýagdaýyndalyk, monopoliýa halyndalyk.


MONOTI'P, poligr. Harplary ýeke-ýekeden ýygnaýan maşyn.


MONTA'Ž,  1. Maşynlary, desgalary, olaryň aýry - aýry böleklerini  ýygnama we gurama.

2. Bir zadyň dürli bölek1erini ýygnama we birleşdirme. Şol presiň montažyçy kombinatyň    işçileri geçiripdirler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Edebiýat montažy.


MONTAŽÇY, Bir zadyň montažy  boýunça spetsialist, ussa, montior.Häzirlikçe seni slesarь-montažçy edip kabul edýäris  («Sowet edebiýaty» žurnaly). Häzirki  montažçylar bug gazanyny  gurnaşdyrýarlar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


MONTÝOR, 1 ser. M o n t a ž ç y. 2. Elektrik abzallaryny guramak, oturtmak boýunça spetsialist, elektro - montior. Kružok çlenlerinden köpüsi obanyň montiorynyň ýakyn kömekçisi hasaplanýarlar («Pioner» žurnaly). Montiorlar wagona telefon simini çekmäge başladylar (B Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MONTIORLYK, Montioryň käri, wezipesi. Onuň käri montiorlyk (N. Saryhanow, Saýlanan eserler).


MONTY, Üzümiň togalak iri sorty. Suwy ýaňy süýjän monty üzümi dadyp görüpdi  («Mydam taýýar» gazeti). 

Gelinbarmak, monty — üzümiň  tüýsi, Miweler bol bitýär biziň ýerlerde  (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


MONUME'NT, Uly skulьptura ýa-da arhitektura ýädigärligi.


MONUMENTAL, 1. Ägirt uly, äpet. Monumental jaý.

2. edeb. Çuň manyly, düýpli mazmuny bar bolan. Sowet  satirasy  hakynda aýdylanda, satiriki eserler hökman düýpli, uly göwrümli monumental eserler bolmalydyr diýip düşünmeklik nädogrudyr  («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MONÇA [mo:nça]:  monça  bolmak — bir zat sebäpli göwnüň göterilmek, hoşwagt bolmak, şat bolmak, begenmek, guwanmak.

Hoşly molla özüniň gurda degelenine monça bolup, murtlaryny towlaşdyrdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Monça bolup söýgülimiň sözüne, Messan basyp, bu kenara aýlandyk  (N. Pomma, Saýlanan eserler).