SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MÖW

MÖJ

MÖÝ

MÖL

MÖN

MÖŇ

MÖR

MÖH

MÖÇ


MÖN [mö:n], Dogumly däl, alagowşak, aňkaw,  ynanjaň, sada. Ozal bu adamyny görmedikler birinji gezek ony daşyndan synlanda, şu adam göhert ýaly ynanjaň hem gaty mön bolsa gerek diýip güman etmekleri mümkin (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


MÖNLÜK [mö:nlük], Dogumly dällik, aňkawlyk, sadalyk. Kimdir biri Keljäniň depderiniň içine bir ýadygýärlik salypdyr welin, gaty, gowy zat eken — diýip, mönlüge salyp gepledi (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


MÖNSÜREMEK [mö:nsüremek], Bir zady bilmediksirän bolmak, jögülik etmek, hilegärlik bilen ankawlyga salmak. Artyk ýene mönsüräp azm urdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýeri, mönsüräň bolmasana! (B. Kerbabaew, Japbaklar).


MÖNSÜREŞMEK [mö:nsüreşmek], Bir zady bilmediksirän boluşmak. Gulluhan, mönsüreşmesek näderkä?! (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).