SÖZLÜG ,,, M- HARPY;

MYD

MYŽ

MYJ

MYK

MYL

MYM

MYN

MYŇ

MYR

MYS

MYT

MYH

MYÇ

MYŞ


MYDAM [myda:m], Hemme wagt, hemişe, elmydama,  mydama. Biz leninçi ýaş nesil, Mydam öňde bolarys' («Mydam taýýar» gazeti). Seniň owazaňy mydam söýdüm men, Şu şygrymy seň şanyňa diýdim men (N. Pomma, Saýlanan eserler). Buýralyja guzym bar, Mydam gezýär ýanymda («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYDAMA [myda:ma:], ser. Mydam. Ata-enelr komiteti mekdebe kömek bermegi özüne maksat edip goýýan, mekdepdäki mydama işleýän organdyr. (I. T.  Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika).


MYDAMALAIYN [myda:ma:laýyn], ser. Mydamalyk.

Hojalygy bilelikde alyp barmak berk we mydamalaýyn birleşmegi talap edýär eken.(SSSR taryhy).


MYDAMALYK [myda:ma:lyk], Hemme wagtlaýyn, hemişelik, bakylyk, elmydamalyk, mydamalaýyn. Daşdan mydamalyk köpri saldyrypdyr (Myraly). Azat bu respublikleň synmaz Soýuzyň Mydamalyk birikdirdi beýik Rusь («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYDAR [myda:r], 1. Güzeran, eklenç, oňşuk, gün. Bu mydardan mydar bolmaz (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Sabyr, çydam, gujur, gurbat, sabry-kararg, takat, ýagdaý.

Wepa agyr ýaralandy, onuň ýöremäge mydary galmandy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa) Wah, bar mydarym şujagaz gyzym-la (G. Gurbansähedow, Hekaýalar).


MYDYRDAMAK, Ýuwaşjadan geplemek, eşidiler--eşidilmez ýaly geplemek.

Kagyzlary birin-birin okýaýar, öz içinden mydyrdaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly).


MYDYRDAŞMAK,  Biri bilen ýa-da köp bolup ýuwaşjadan gepleşmek, eşidiler-eşidilmez   ýaly gepleşmek. Hojamyrat polkownik bilen mydyrdaşano soň, öz düşünjesine görä Artyga   ýakymly söz aýtdy. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


MYDYRT:  mydyrt    etmek— biri ýa-da bir zat  hakynda agzamak, geplemek, agyz ýarmak   Özi ýatlamasa, şol hakda mydyrt hem etme !  («Sowet edebiýaty» žurnaly).