OJA |
OJAGAZ-BUJAGAZ, ser. O d u r-b u d u r. OJAK [o:jak], 1. Içinde ot ýakyp üstunde nahar bişirmek, çaý gaýnatmak üçin gurlan hojalyk enjamy. Öýüň tüýnüginden düşen tomus güni ojak üstünde, halynyň çetinde ýazylyp ýatyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ojakda atarylgy duran uly gazanlarda çekdirme bygyrdap gaýnaýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Garaja öýüň ojagynda ot parlap ýanýardy (A. Durdyew, Saýlanan eserler). 2. göç. M. Bir zadyň emele gelen, ýüze çykýan, ýaýrap başlan ýeri, merkezi. Türkmenistan SSR Ylymlar akademiýasy respublikamyzyň parlap ösýän ylym ojagynyň merkezidir («Sowet edebiýaty» žurnaly). Kolhoz kluby medeniýet ojagy boldy («Sowet Turkmenistany» gazeti).
OJAKBAŞY [o:jakbaşy], Ojagyň gapdalyna düşemek üçin ýörite dokalan kiçiräk halyça ýa-da kiçiräk düşek. Artygyň aşagynda seçekleri gidip, älemine çenli çeýnelen, gemrilen ojakbaşy düşelgidi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
OJAR, bot. Gum, çöl ýerlerde ösýän, odun hökmünde ulanylýan ownuk pürli, sazaga meňzeş agaç. Jigitler gyrymsy gara ojarlary, olaryň töňürtgelerini üýşürip, ullakan ot ýakdylar. Eziz sandyrady, gözleri ojar közi ýaly gyzardy. Ojaryň howry Nikolaý Matweýewiçi gaýra-gaýra süýşmäge mejbur etdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
OJARLYK, Ojaryň köp biten ýeri, ojaryň bol ýeri. Bir salymdan soň ellerine her dürli ösümlikler göterip gelýän çagalar depäniň ötsündäki ojarlyga ýygnandylar («Sowet edebiýaty» žurnaly). |