SÖZLÜG ,, O- HARPY;

OKA

OKG

OKD

OKE

OKK

OKL

OKO

OKT

OKU

OKY

OKÝ


OK I, 1. Ýaý bilen atylýan, ujy peýkamly uzyn göni çybyk. 2. Tüpeň, pulemiot, rewolьwer we ş. m. ýaraglarda atmak üçin içi däriden doldurylan, agzyna gurşun dykylan peşeň. Indi sekiz sany döwekçi hatara durýardy, olaryň baryny ýeke ok bilen ýatyrmak boljakdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Biziň yzymyzdan atylan okuň iki sanysy maşynyň gapdal demrine degdi (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda). Okgun ýürek bolsa, ok hem kär etmez (B. Kerbabaew, Aýlar).

<> Ok bolup degmek — ser. D e g m e k. Enäniň soňky sözi Aýgüle ok bolup degdi («Sowet edebiýaty» žurnaly). Her sözi ok bolup degdi janyma (N. Pomma, Saýlanan eserler).

Ok ýaly—1) göni, dogry. Annagulynyň ýüregine Altynyň ok ýaly kirpikleri sanjylan ýaly boldy. (A. Durdyew, Saýlanan eserler); 2) çalt, ýyldam. Hiňlenip, ol agaçdan-ol agaja ok ýaly atylyp barýar, ýoldaşlaryna elini bulaýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

<>Oka tutmak — ok ýagdyrmak, atyp başlamak.

Gözüňde okuň bolsa urmak — ser. G ö z. Ol gözünde oky bolsa meni urjak, ol maňa duşman (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


O K II, 1. Iki ujuna tigir geýdirilýän sterženь, tigirleri birleşdirýän uzyn demir. Traktoryň tormoz waliginiň uly we kiçi oklaryny hem degişdirmek zerurdyr («Sowet Türkmenistany» gazeti).

2. Azal, araba we ş. m. ýaly gurallarda boýuntyryga dakylýan uzyn göni agaç. Azalyň oky ýerinde bolsa-da, tutawajy çykypdyr, demri poslapdyr (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


OKALGA, Edebi kitaplar, gazet-žurnallar okamak üçin abzallaşdyrylan jaý. Kolhozyň okalgasy ýaşlardan doldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Bular agşamlary oba gelenlerinde, çaý-çöreklerini iýip, derrew kolhozyň okalgasyna barýardylar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Gyzlar ýuwaşlyk bilen okalga tarap ugradylar (H. Ysmaýylow, Powestler).


OKALMAK, 1. Okuw işi alnyp barylmak, okap berilmek. Hajy Ysmaýylowyň eserleri höwes bilen okalýar (H. Ysmaýylow, Powestler).

2. Sowat öwrenilmek, bilim alynmak. 3. Märeke öňünde bir zat barada çykyş edilmek. Okaljak. lektsiýalar barada kolhozçylara giňden mälim edilýär («Türkmenistan kommunistik» žurnaly). Häzir bu kurs geologlar taýýarlanylýan ähli okuw jaýlarynda okalýar («Mydam taýýar» gazeti).


OKAMAK, 1. Ýazylan ýazgyny, haty sesli beýan etmek ýa da sessiz gözden geçirmek. Gazeti çaý başynda okasaň, lezzeti aýry bolýar, maňzyňa oturýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Poltoratskiý iň soňky sagadyny hem rewolýutsiýa harç edip, işçilere ýazan hatyny gaýtadan okap otyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. Bilim öwrenmek, ylymly bolmak üçin okuw bilen meşgullanmak, sowat, bilim almak. Ol okap-okap agronomçylyga ýetip, heniz kolhoz ýerlerine timar berip başlamanka bolsa, öz bilýäniň, uruş başlandy (B. Kerbabaew, Aýsoltan). Okuw okap, bilim alýan ýaşlardan Mert, göreşjeň gurultaýa kän salam (Ata Salyh, Saýlanan eserler).

Bir okana bar, bir-de dokana (nakyl). Okan ozar, okamadyk tozar (nakyl).

3. Auditoriýada, märekäniň öňünde bir zat barada çykyş etmek, Lektor halkara ýagdaýy hakynda lektsiýa okady.

4. dini. Dem salmak, «küf-çüf» etmek.

<>Alkyş okamak, ser. A l k y ş. Biz alkyş okaýas saňa, partiýam («Sowet Türkmenistany» gazeti). Takal okamak —, ser. Takal.

Suw ýaly okamak — sakynman gowy okap bilmek.


OKARA, Nahar iýilýän kiçiräk agaç gap. Aýna şol küýzäniň ymyrganly çalyndan okarany dolduryp. Artyga uzatdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

Bar okaram, gel okaram, barmasaň, gelmeseň, ara ýolda döwül, okaram (nakyl).

<> Goňşy okara — ser. Goňşy. Ýolli goňşulary bilen goňşy okara alyşýan adam däldi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde).


OKARYK [oka:ryk], oba h. Keşlere suwy deň göýbermek üçin keşleriň gapdalyndan keseligine gazylýan ýap. Soňra yz çalýan ýaly kartalar arasyndaky okaryklary yzarlap, kartalara tapyşýan ýerlerine siňe seredýär-di (B. Gurbanow, Duşuşyk). Her bir kişiň başyndan suw göýberip, aýagyna çykarys-da, ýene okarygyň başyn-da jem bolýarys («Kolhoz günleri»).


OKATMAK, 1. Birine okamaga bermek. Bir gün Sähet Wepadan gelen haty oba oglanynyň birine okatmakçy bolanda, Gylyç mergeni hem çagyrdy (A. Gowşudow, Eserler). 2. Birine sowat öwretmek, bilim bermek, ýazyp-bozmagy öwretmek. Onuň esasy käri oglan okatmak we edebi döredijilik işi bilen meşgullanmak bolupdyr («Edebiýat»).


OKAŞMAK, 1. Bir näçe bolup  bilelikde okamak, okamaga kömekleşmek. Olaryň hemmesi Rejebiň ýoldaşlary, agşamlaryna bile kitap okaşan, işleşen çagalardy (H. Ysmaýylow, Powestler).   2. Bir näçe bolup bilelikde okuw okamak, sowat öwrenmek, bilim almak. Oglan-gyzlar okaşyp ýör garyşyp, Yhlas bilen ylym alýar ýaryşyp. (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler).

<> D o g a n   okaşmak — ser. D o g a n.   Biz seniň bilen dogan okaşypdyk ahyry. («Türkmen pьesalary»). Güljamal han ak patyşa bilen dogan okaşanmyşyn. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).