OTRABOTKA, tar. Kärendesine alan ýerleri üçin daýhýanlaryň pomeşige öz maly bilen işläp bermekleri. Otrabotka sistemasy daýhanlary ezýärdi, («Türkmenistan kommunisti» žurnaly).
OTRE'ZOK, tar. 1861-nji ýylda Russiýada krepostnoýçilyk düzgüni ýatyrylandan soň, pomeşikleriň daýhanlardan zorluk bilen alan ýer uçastoklary. Ýene bir närazylygy öňünden görýäris: otrezok ýerler hakyndaky meselä we ş. m. täzeden garamaklyk bu ýerleriň daýhanlara gaýtarylyp berilmegine alyp barmalydyr (W. I Lenin, Eserler).
OTRTSATELЬ, 1. Bir zada garşy çykýan,
2. Matematikada: aýyrmak alamaty bilen alnan ululygy görkezýän, noldan aşak bolan. Otritsatelь san. 3. Fizikada: elektrona degişli bolan. Kütek burçuň kosinusy otritsateldir («Fizika kursy»).
OTRUB, tar. 19061916-njy ýyllarda daýhanlaryň hususy eýeçiligine bölünip berlen ýer uçastogy.
OTRÝA'D, 1. Ýörite goşun topary. Otrýad aklar bilen güýç synanyşyp görmän, şu ýerden aýagyny hem ätmez (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). 2. Bir işi ýa-da tabşyrygy bilelikde alyp barmak üçin birleşen adamlar topary. Otrýad bolup gijelerine kolhozyň ekerançlygyna garawulçyşk çekmeli boldy (A. Gowşudow Köpetdagyň eteginde). 3. biol. Haýwanlaryň ýakynlyk meňzeşligini öz içine alýan topar. Kebelekler otrýady. |