OZAK, Çapyşykda, ylgaşykda öň gelýän, hemişe ozýan. Kimiň galak, kimiň ozakdygyny kim bilýär? (B, Kerbabaew, Aýsoltan).
OZAL, 1. Bir näçe wagt mundan öň, öňki wagtlar,öňler, öň, owal. Gulluhana iş ynanmak mümkin däl! diýip, men ozal size aýtdym ahyry (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ozallar çaňap ýatan bu ýerleri bag-bossançylyga öwurmek üçin 15 sany guýy gazypdyrlar. (Sowet edebiýaty» žurnaly). Rewolýutsaýadan ozal zähmetkeşler hor ýaşaýardylar. 2. Ilki bilen, öňi bilen, owal, öňürti, öň. Öwez, oglum, bu meýdana gireňde, Ozal sypaýçylyk etmegiň gerek («Görogly» eposy). Şeker Aýnadan ozal Artygyň boýnundan gujaklady. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).
OZALKY, Öň bolup geçen, owalky, öňki. Onuň barasyndaky ozalky gürrüň Halnazary öldüripdir. Kolhozyň ozalky başlygy ozal Gyzyl Goşun hatarynda gulluk eden ýigitdi. (A. Gowşudow, Eserler). Ozalky idegsiz ýatan ýerleri tekizlemek, dökünlemeç üçin ähli güýçler mobilizlendi. («Sowet edebnýaty» žurnaly).
OZAN. kön. s. Aýdymçy, bagşy. OZDURMAK, 1. Öňe geçirmek, öňe düşürmek, ötdürmek (ýaryşda). 2. Öňe geçmek, artdyrmak. Biz syýahatçylardan-da ozdurdyk (K. Işanow, Watan üçin).
OZMAK, 1. Öne geçmek, ýetip ötmek, öň gelmek, birinji ýeri eýelemek (ýaryşda). Ýaryşda ozanyň baýragyna sygyr, göle ýa-da goýun berilýär (A. Gowşudow, Köpetdagyň egeginde). Tarlaň şu gün ozmalydyr, ol atdan çykan taýdyr. (B. Pürliew, Ilkinji gün). 2. Öň hatarda barmak, bir işde, ýaryşda üstün çykmak. Bir birinden ozjak bolup göreşýär, Höwesli, gyzykly işiň baryşi. (Ş. Kekilow, Saýlanan eserler). Hudožnik durmuşdan ozup geçýär we göreldäniň, beýik güýjüni peýdalanýar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Egri azar, dogry ozar (nakyl).
OZOKERIT, him. ser. Nebitdakyl. Çelekende ozokerit zawody bar.
OZON, him. Kislorodyň üç atomynyň biri-biri bilen birleşmeginden emele gelen hem-de suwy howany we ş. m. arassalamak üçin peýdalanylýan gaz. Şu gyzgyn gatlak esasan ozon gazyndan ybaratdyr («Mydam taýýar» gazeti).
OZONATOR, Ozonyň kömegi bilen howany arassalaýan senet, enjam.
OZONIRLEMEK, 1. Ozona öwürmek. Kislorody ozonirlşmek.2. Ozon bilen arassalamak. |