ÖŇ, 1. Bir zadyň ýüz tarapy, alyn tarapy. Ýaraglylaryň öňüne düşüp barýan Poltoratskiý:Tyçenko beri meni goldajak bolup ele düşäýmese ýagşydyr diýip oýlanýardy (B. Kerbabaew, Aýgygly ädim). 2. Öňki wagtlar, ozal, öňürti, başda. Şu teklip, şu piker mundan bir hepde öň bolan bolsa bolmaýarmy? (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Sen maňa öňler doganym diýýärdiňle?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Öň gelen orun alar (nakyl). Öň degen ýumrugyň täsiri artyk (nakyl). Öňem gelenden soňum gelsin (nakyl). 3. Kömekçi söz rolunda: Äpişgäniň öňünde. Märekäniň öňün-de . <> Öň ýeten her bir gelen, özüňçe bar-ýok, bolan- blmaz, bolgusyz (adam hakda). Her bir öň ýeten bilmeýän zadyny bilýän diýip otursa gaty gelşiksiz bolýar. <> Öňde baryjy işde, zähmetde görelde görkeziji, zarpçy. Şahyryň tankydy esasynda ýaltalaryň arasyndan öňde baryjy kolhozçylar hataryna geçenleri hem boldy (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Öňe düşmek ýol görkezmek, ýolbaşçylyk etmek. Öňe seretmek geljegi göz öňüne tutmak. Öňe sürmek işi janlandyrmak, güýçli depgin bilen alyp barmak. Öňüni almak bir zadyň bolmagyna ýol bermezlik, bir zatdan saklamak, degişli çäre görmek. Urşuň öňüni alyp bolar we onuň öňüni almak gerek («Ýaş kommunist» gazeti). Suwuň bisarpa tutulmagynyň öňüni almak gerek. Öňüni başlamak bir işe ilkinji bolup girişmek, başyny başlamak. Öňüni kesmek biriniň ýa-da bir zadyň ýoluny bölmek, ýoluny beklemek.
|