SÖZLÜG ,, Ö- HARPY;

ÖSD

ÖSM

ÖSS

ÖSÜ


ÖSMEK, 1. Gögerip  boý almak, boýy  uzalmak  ýetişip barmak (ekerançylyk, bagçylyk, ösümlik we ş »m. hakda). Gün gyzyp başlaly bäri, ekinler gowy ösýär.

2. Terbiýelenip ýetişmek, terbiýelenmek (adam hakda). Oglanlar ösýär Sowet Soýuzynda çagalaryň sagdyn ösmekleri üçin ähli şertler döredilendir.

3. Sany artmak, köpelmek, artmak. Biziň ýurdumyzda maldarçylyk barha ösýär. Kolhozyň girdejisi bu ýyl geçen ýyldakysyndan üç esse ösdi.

4. Güýçlenmek, kuwwatlanmak, berkemek. Biziň sowet jemgyýetimiziň ösmegi, güllemegi halk döredijiligine hem täsir etdi  («Edebiýat»).

5. Kämilleşmek, ýaýbaňlanmak, giňelmek. Öňki wagtda Türkmeniň saz sungatynda bolmadyk orkestr we ansamblь biziň döwrümizde döredi we günsaýyn ösýär («Edebiýat»).

6. Düşünjäň artmak, düşünjeli bolmak. Sowet adamlary günsaýyn ösýärler.

7.  göç. m. Derejäň galmak,  ýokary wezipä geçmek.