ÖWH, Kynçylyk çekilende, gaty ýadalanda, bir zadyň güýçli täsiri netijesinde uludan dem almak bilen aýdylýan ümlük. Öwh, daşarynyň sowugy içiňden-bagryňdan geçip barýar (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Ak-jagül «öwh» çekip turanyny özi-de duýman galýardy (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).
ÖWHÜLDEMEK, Gynançly uludan dem almak, öwh çekmek. Kapaslykdan ejir çeken adam ýaly öwhüldäp dem aldy (G. Kulyew, Köpetdagyň aňyrsynda).
ÖWŞÜN, 1. Käbir zatlarda şöhle düşmegi sebäpli ýüze çykýan ýalpyldy, dürli reňkdäki görnüş, şöhle. Maýsalan otlar gök, ýaşyl öwşüni bilen meýdana görk berýär («Kolhoz günleri»). 2. Ýagty yşyk, şöhle. Seniň sag gaýdyp gelmegiň meni bijaý guwandyrdy, meniň kütelen gözüme öwşün berdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). <>Öwşün atmak dürli reňkde öwüsmek, ýalpyldamak. Egnindäki gyzyl keteni, Öwşün atýar göýä şapak (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).
|