SÖZLÜG ,,, W-HARPY;

WIT

WITAMI'N, Organizmiň kadaly işlemegi üçin gerekli, dürli himiki sostawa eýe bolan organiki madda.

Bu iýmler witaminleriň, uglewodlaryň we minerally maddalaryň çeşmesidir.


WITAMINLI, Sostawynda witamin bolan, witamine baý bolan. Witaminli gök önümler.


WITRI'NA, Magazinleriň penjirelerinde haryt goýmak üçin ýer hem-de şonuň ýaly ýüzi aýnalanan şkaf ýa-da ýaşik. Ol täze kitaplar goýlan witrinanyň ýanyna barýar (B. Pürliew, Ilkinji gün).


WITSE..., Goşma sözleriň «orunbasar, kömekçi» manysyny berýän birinji bölegi (Meselem:

witse-konsul, witse-korolь).


WITSE-ADMIRA'L, Kontr-admiral we admiral çinleriniň aralygyndaky harby admirallyk at, çin.

v

WITSE-ADMIRALLYK, Witse-admiralyň käri, ýagdaýy.


WITSE-PREZIDE'NT, Prezidentiň orunbasary, kömekçisi.