WYZ-WYZ: wyz-wyz etmek ser. Wyzzyl damak. Bir siňek wyz-wyz edip gelipdir-de, Soltansöýiniň ýüzüne gonupdyr (Myraly). WYZZYLDAMAK, Wyzzyldyly ses etmek, wyz-wyz edip seslenmek, wyzlamak. Bal arylary yhlas bilen aýlanyşyp, ümsümlikde wyzzyldaýardylar (M. Gorьki. Ene). WYZZYLDAŞMAK, Wyzzyldyly ses edişmek, wyz-wyz edişip seslenişmek, wyzlaşmak. Mör-möjekler wyzzyldaşyp uçýardylar (N. Jumaew, Syrly gala). WYZZYLDY, Sinegiň, käbir mör-möjekleriň uçup ýören wagtynda ganatynyň edýän sesi. Hany, ary, sen derrew baryp, piliň gulagyna hoş owazly wyzzyldyňy et («Türkmen ertekileri»). WYZLAMAK, ser. W y z z y l d a m a k. WYZLAŞMAK, ser. W y z z y l d a ş m a k. WYZYRDAMAK., Wyzyrdyly ses çykmak, wyzyr-wyzyr edip seslenmek. WYZYRDAŞMAK, Wyzyrdyly ses edişmek, wyzyr--wyzyr edişip seslenişmek. WYZYRDY, ser. W y z z y l d y. |