SÖZLÜG

ZÄK

ZÄH


ZÄK, him. Alýuminiň, hromuň, demriň, şonuň ýaly-da aşgarly metalyň ýa-da ammoniniň ikili kukurt turşy duzy. Obadaky bolgusyz tebiplerden biri onuň gözüne tirýek, ýene biri zäk goýup, beýlekisi-de duz pörküp, onuň gözüni zarbykdyrdylar.(N.Pomma,Sebäbini soň bildim) *Agza zäk atylan ýaly etmek — ser A g y z. Meni puçlasaň, edil agzyňa zäk atylan ýaly ederin. (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


ZÄKLEMEK, Zäk atmak, zäk gatmak.


ZÄKLETMEK,  Zäk atdyrmak, zäk gatdyrmak.