SÖZLÜG

ZUW

ZUL

ZUT


ZULMAT [zulma:t], 1 Gün ýaşandan soň, gündogar tarapdan ýaýrap ugraýan garaňkylyk Gündogardan zulmat gögerilipdir. (B, Kerbabaew, Aýgytly ädim).

2. göç. m Agyr kynçylykly döwür jebri-jepa, sütem, garaňkylyk Bütin dünýe galýap şu işe haýran, Milleti zulmatda galdyran adat (Mollamuot, Saýlanan eserler). Partiýa gutardy beýle zulmatdan («Sowet edebiýaty» žurnaly).


ZULUM. 1. Adama berilýän ezýet, jepa, edilýän jebir, sütem, horluk Gadymy aşyklara edilen zulumlar bir eýýamlar ýok boldy (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde) Gündogar Ewropanyň halklary zulumdan azat boldular («Sowet Turkmennstanynyň aýallary» žürnaly)

* Zulum etmek — horlamak, gynamak Beýle hapa tama salyp, Saňa zulum edenler kim? (R Seýidow, Eserler).


ZULUMDAR [zulumda:r], ser Z l u m k e ş. Zulumdar han.


ZULUMDARLYK [zulumda:rlyk], ser Zulumkeşlik. Zulumdarlyk bilen edilýän hereketi ýok etmek.


ZULUMKEŞ, Zulum ediji, jepa beriji, sütem ediji, zalym, zulumkär Bolşewikler şeýle zulumkeş adamlaryň garşysyna göreşýär — diýip, Aýtguly oňa düşündirdi (N Pomma, Taýlak hyzzyn).


ZULUMKEŞLIK, Zulum edijilik, jepa berijilik, sütemkeşlik. zalymlyk, zulumkärlik, zulumdarlyk.


ZULUMKÄR, ser Z u l u m k e ş. Şeýle-de awtor Babahany adalatsyz, zulumkär diýip aýdýar («Edebiýat»)..


ZULUMKÄRLIK,  ser.  Z u l u m k e ş l i k.


ZULUMLY, Sütemli, jebirli, horlukly.