Ädikli Pişik

Gadym  zamanlarda bir garyp degirmençi bar eken. Şol degir­mençi öz üç ogluna bary-ýogy bir degirmenini, bir eşegini we bir pişigini galdyrypdyr. Üç dogan hiç kimi çagyrman, ýaňky zatlary dessine paýlaşypdyrlar.

Uly ogluna degirmen, ikinji ogluna eşek, iň kiçisine bolsa pişik miras galypdyr. Doganlaryň kiçisi özüne beýle paý düşenine gynanypdyr:

 "Meniň agalarym bile goşulşyp, päk zähmetleri bilen iýjek çöreklerini gazanyp bilerler. Emma men bolsa, öz pişigimi iýsem, onuň derisinden golluk tikinsem, soňra açlykdan öläýmeli

bolýaryn-da" diýipdir.

Pişik  ýaňky   sözleri   eşidip, emma eşidendigini   bildirmän,   oňa agras we çynlakaý äheňde:

- Hojaýyn, hiç gam çekmäň. Maňa bir torba beriň we gür-gyrymsy agaçlykda aňsat ýörär ýaly bir jübüt ädik tikdiriň. Soň­ra siz öz agalaryňyzdan kem galmandygy-ňyza göz ýetirersiňiz - diýipdir.

Pişigiň hojaýyny oňa kän ynanyp durmasa-da, onuň garyplykdan çykarjagyna umyt edýär. Çünki şol pişigiň alakadyr syçan tutmakda ezberdigini ýadyna salypdyr.

Mysal üçin, ol başaşak gaçsa, entek görülmedik çaltlyk bilen iki aýagynyň üstünde durardy, ýa-da onuň içinde öli ýaly bolup ýatardy.

Pişik sargyt edilen zatlary alansoň, ädigini dogumly geýipdir we torbasyny egnine atyp, ýüplerini eline alypdyr.

Pişik towşandan doly bir tokaya barypdyr. Ol torbasynyň agzyny açyp, içine kepek we kelem baryny salyşdyryp ýerde goýupdyr. Özi bolsa öli ýaly aýaklaryny uzadyp süýnüpdir. Pişik entek bu dünyäň mekirliklerini öwrenmedik towşanyň biri tä duzaga düşýänçä garaşyp ýatypdyr.

Pişik ýaňy bir ýatan dessine onuň torbasyna bir aljyran towşan giripdir. Pişik oňa gaty begenipdir. Ol basym ýüpi çekip daňypdyr we ýaňky towşany rehimsizlik bilen öldüripdir.

Ýaňky awlan towşanyna buýsanyp, ol patyşanyň köşgüne gidipdir. Köşge baryp sakçylara şa bilen ikiçäk gürleşmek isleýändigini mälim edipdir.

Ony patysanyň oturýan otagyna eltipdirler. Pişik giren badyna patyşany görüp, baş Egipdir hem-de ona:

- Siziň Aly hezretleriňiz, jenap markiz do Karabaş (bu ady pişik ýörite öz hojaýyny üçin oýlap tapypdyr) maňa şu towşany size öz adyndan gowşurmagy buýurdy - diýipdir.

Patyşa:

- Öz hojaýynyň ýanyna bar-da, meniň minnetdarlyk bildirýändigimi we begenendigimi aýt- diýip, pişiğe tabşyrypdyr.

Indiki sapar pişik bugdaý meýdanyna barypdyr-da, gizlenip durupdyr. Ol torbasyny açyk goýmagy unutmandyr.

Bu gezek tora iki käkilik düşüpdir. Pişik gele-gelmäne torbasynyň ýüpüni çekipdir-de, olaryň ikisini hem tutupdyr. Soňra ol towşany edişi ýaly kakilikleri alyp, patyşa gowşurmaga barypdyr.

Patyşa ýene-de höwes bilen iki käkiligi kabul edipdir we pişige çaý puly beripdir.

Ädikli pişik bu bereketlerini iki-üç aýa golaý dowam etdiripdir. Aram-aram patyşa aw guşlaryny ýa-da ownuk haýwanlary, hamala olary onuň hojaýyny awlan ýaly edip getirip durupdyr.

Günlerde bir gün pişik patyşanyň gezelenje gitmäge hyýallanýandygyny bilipdir. Patyşa özüniň dünyäde iň owadan gyzy bilen derýanyň kenaryna gitmekçidi.

Pişik öz hojaýynyna:

-  Eger-de siz meniň maslahatymdan çykman, diýenimi etseniz, derýada meniň görkezen ýerimde suwa düşüp dursaňyz, onda size bagtly ykbal garaşýandygyna söz berýärin. Bu işi amala aşyrmaga maňa ygtyýar beriň - diýipdir.

Markiz do Karabaş pişiğiniň maslahat berşi ýaly ähli zady berjay etse-de, munuň näme peýdasynyň bardygyna düşünmeýär-di.

Ol suwa düşünip otyrka, golaýdan patyşa geçip barýardy. Pişik sesiniň ýetdiginden gygyrypdyr:

-  Kömek ediň! Halas ediň! Bu ýerde jenap markiz do Karabaş gark bolýar.

Bu  gykylyga  patyşa paýtunyň äpişgesinden kellesini çykaryp seredipdir. Patyşa özüne ençeme gezek aw guşlaryny we ownuk haywanlary getiren pişiği derrew tanapdyr we öz gorawyndaky garawullara çaltrak gidip, jenap do Karabasy halas etmegi buýruk beripdir.

Markizi derýadan çykaryp durkalar pišik paýtunyň ýanyna barypdyr.

Ol hojaýyny suwa düşüp ýörkä, ogrularyň onuň geýim-gejimini alyp gaçandyklaryny patyşa habar beripdir.

Ol birnäçe sapar: "Ogrulary tutuň!" diýip gygyrsa-da, oňa hiç kim kömege gelmändir diýip aldapdyr. Mekir pişik hojaýynynyň eşiklerini uly daşyň aşagynda bilgeşleýin gizläp goýupdyr.

Patyşa öz geýim sandygyndan jenap markiz do Karabaşa derrew iň owadan geými getirmegi gorawda duran esgerlerine buýrupdyr. Patyşa markize öz merhemetini görkezip başlapdyr.

Markiz üçin getirilen geýimler oňa diýseň gowy gelşipdir (dogrusy, onuň özem örän görmegeý ýigitdi).

Ýaş ýigit  patyşanyň  gyzynyň göwnünden turupdyr. Markiz do Karabaş şa gyzyna tarap birnaçe gezek mylaýym we mylakatly nazar bilen seredipdir. Onuň bilen gezelenç etmek isläpdir.

Pişik   maksadynyň   ýerine   gowşup başlanyna begenip, paýtundan arany açyp, ylgap gidipdir. Ol giden giň meýdanda daýhanlaryň bugdaý orýandyklaryny görüp, olara:

- Eý, orakçylar, eger-de siz häzir geçip barýan patyşa şu orulýan bugdaý meýdanynyň jenap markiz do Karabaşa degişlidigini aýtmasaňyz, onda sizi kerçem-kerçem edip, etli gutap ederler - diýip gorkuzypdyr.

Patyşa-da öz gezeginde orakçylardan bu bugdaý meýdanynyň kime degişlidigini soramagy unutmandyr.

- Ol jenap markiz do Karabaşa degişli - diýip, olaryň bary bir adam ýaly gygyryp, jogap beripdirler. Sebäbi pişik olara elhenç jezanyň garaşýandygyny öňünden aýdyp, haýbat atypdyr.

Patyşa markiz do Karabaşa:

-   Diýmek,  bu ýerde  siziň  ajaýyp mirasyňyz bar-da?! - diýip sorapdyr. Markiz hem öz gezeginde:

- Siziň Aly hezretleriňiz, görşüniz ýaly bu bugdaý meýdany her ýyl bol hasyl getirýär- diýip jogap beripdir.

Ädikli pişik hemişe olaryň öňlerin-dedi.Bu gezek onuň ýolunda başga orakçylar duş gelipdirler, pişik hem olara:

-   Eý,   orakçylar,   eger-de   siz   şu bugdaýyň  hemmesi  jenap   markiz   do Karabaşa degişlidigini aýtmasaňyz, onda sizi

kerçem-kerçem edip, etli gutap ederler! - diýip gygyrypdyr.

Patyša bir salymdan sol ýerlere gelip ýetipdir we öňünde ýaýylyp ýatan bugdaýlaryň kime degişlidigini bilesi gelipdir. "Bularyň hemmesi jenap markiz do Karabaşyňky" diýip, orakçylar jogap beripdirler. Patyşa bilen markiz muňa gaty begenipdirler.

Pişik entek hem paýtunyň öňünden çykan adamlara şol bir zady gaýtalaýarmyşyn. Patyşa bolsa markiz do Karabasyň köp baýlygynyň bardygyna geň galypdyr. Şeýlelik bilen, pişik bir ajaýyp köşge baryp ýetipdir. Bu köşgüň hojaýyny dünýä-de entek görülmedik tütjar ýudarhamyş.

Ýaňky patyşanyň görüp geçen ýerleri şol köşgüň eýesiniň mülküdigini aýtmak gerek. Ädikli pişik iş edinip, şu tütjar ýudarhanyň kimdigini, elinden näme gelýändigini bilipdir.

Ol köşge gelip, hojaýyn bilen gürleşmegi haýyş edipdir. Pişik bu köşgüň hojaýynyna hormat goýman, onuň gabadyndan geçip bilmejegini duýdurypdyr.

Tütjar  ýudarha  mylaýymlyk  bilen oňardygyndan pişiği kabul edip, oňa dynç alar ýaly ýagdaý döredipdir.

-   Maňa   siz   haýwanlaryň   dürli  görnüşlerine öwrülmäge ukyply diýip aýtdylar. Mysal üçin, siz arslana ýa-da pile öwrülip bilýärmişiňiz?

- Bu diýýaniňiz dogry diýip, birdenkä ýuwdarha oňa jogap beripdir. - Şony subut etmek üçin siz häzir meniň arslana öwrülşimi görersiniz.

Pişik öňünde duran arslany görenden zähresi ýarylyp, zordan ternawa dyrmaşyp ýetişipdir. Emma bu oňa aňsat düşmändir, sebäbi aýagyndaky ädikler kerpiç üçegiň üstünde ýöremäge maý bermeýärmişin.

Bir   mahaldan   soň   pişik   tütjar jadygöýüň başky görnüşine öwrülenini görüp, üçekden aşak düşüpdir we gaty gorkanyny boýun alypdyr.

-   Maňa   siziň  kiçi  haywanlara-da öwrülip bilýandigiňizi aýdypdylar. Ýöne men oňa ynanmaýaryn, mysal üçin, bir alaka ýa-da syçana öwrülip bilermisiňiz? Çynymy aýtsam, bu bolup biljek zat däl - diýipdir.

Jadygöy ýudarha:

- Näme, şony oňarmaryn diýip pikir edýäňmi? Gör bákaly - diýipdir.

Ol   derrewjik  bir  syçana   öwrülip, otagyň ol burcundan bu burcuna iki ýana ylgap başlapdyr. Pişik kän garaşman onuň üstüne böküpdir-de, ony lak-luk atypdyr.

Patyşa şol ýerlerden geçip barýarka, uzakdan owadan köşgi görüp, onuň içine giresi gelipdir. Pişik golaýdaky köprüniň üstünden geçýän paýtunyň tigriniň sesini eşidip, ylgap daş çykypdyr. Ol edep bilen:

- Aly jenap, jenap markiz do Karabaşyň köşgüne hoş geldiniz! - diýipdir. Patyşa bolsa:

- O nähili, jenap markiz? Diýmek, bu köşk hem siziňkimi? Bu howludan hem onuň daşyndaky jaýlardan owadan zat ýokdur. Geliň, munuň içini hem göreliň - diýipdir.

Markiz patyşanyň yaş gyzyna elini uzadypdyr. Olar patyşanyň yzy bilen näz-nygmatdan doly uly otaga giripdirler. Bu naharlary jadygoý ýudarha myhmançylyga geljek dostlary üçin bişirdipdir. Emma onuň dostlary patyşanyň gelenini eşidip, barmaga çekinipdirler.

Patyşanyň jenap markiz do Karabasyň abraýynyň  artykdygyna gözi ýetip, ol haýran galypdyr. Diňe patyşa däl-de, onuň gyzy hem markiziň baýlyklaryna geň galypdyr.

Patyşa baş-alty käse meýi başyna çekip:

-   Jenap   markiz,   meniň   giýewim bolmaga razymysyňyz? - diýip sorapdyr. Markiz uludan baş egip, hormat bilen onuň sözüni kabul edipdir. Şol günüň ertesi ol şa gyzyna öýlenipdir.

Mundan soň pişigiň bu öýde hormaty uly bolupdyr. Ol indi syçanlary iýmek üçin kowalamandyr. Kowalaýanda-da, ol indi keýpine öz göwnüni açmak üçin, oýun edip kowalaýarmyş.