Ejekejan

 

   Biyri barmyş, biyri ýokmyş. Öñler bir garyyp adam barmyş. Onuñ bir gyzy bilen bir ogly barmyş. Gyzynyñ ady Ejekejan, oglunyñ ady Baýmyratmyş. Bir gün olaryñ gapysyna bir saýyl gelip, iymäge zat diläpdir. Garyp adam oña:

-Kömek etmäge zadym ýok, arpa-bugdaýym bolmady- diýär.Saýyl:

-Gyzyñ öldürip arpa, ogluñ öldürip bugdaýa sepseñ, hasylyñ köp bolar-diýär.

   Ejekejan bu gürrüñi eşidip, derrew elbukjasyny alyp, dogany Baýmyrady çagyrýar. Baýmyrat aşyk oynap duran ýerinden gaýdasy gelmändir., Ejekejan şeýle ýalbarsa-da ol gelmändir. Ahyry Ejekejan:

- Bally, aý bally, altyndan sakga bereyin, gel- diýipdir.

   Baýmyrat Ejekejanyñ ýanyna gelende, Ejekejan oña:

   - Bally bu gün gafymyzdan bir saýyl geldi, zat diledi, ýok diylende, ol, gyyzyñ öldür arpa, ogluñ öldür bugdaýa sep didi, dädem hem bolýar diydi. Biz çalasym bu ýerden gaçaýly- diýär.

   Bular bir pikre gelip, bir ýerde oynap otyyrka, Baýmyrat Ejekejanyñ başdaragyny alyp gaçýar, Ejekejan hem onuñ yyzyndan kawan bolup öýden gaçyp gitýärler.

   Dädesi muni bilip, olaryñ iyzyndan kawýar, " ýetdim, ýetdim" diýende, Ejekejan baş daragyny zyñýar, dädesiniñ öñünden çyrmaşyk çeti çykýar, dädesi zordan çetiden çykyp ýene-de olaryñ iyzyndan kawýar. Bu gezek Ejekejan aýnasyny zyñýar, dädesiniñ öwünden uly bir derýa çykýar, dädesi suwa girýär we şol suwda boglup ölýär.

   Şeydip iki dogan çöle tarap gidiberýärler. Az ýöräp, köp ýöräp, düz ýöräp, çöl ýöräp, aç-suwsyz isgynlary galmandyr. Olaryñ öwünden bir çeşme çykydyr. Baýmyrat suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw guşlaryñ suwudyr, mundan içseñ guş bolarsyñ- diýip, ony suw içmäge goymandyr. Dem-dinç alyp, ýene ýola düşüpdirler. Öwlerinden ýene bir çeşme çykypdyr. Baýmyrat ondan suw içjek bolanda, Ejekejan:

- Bally, bu suw keyikleiñ suwudyr. Mundan içseñ keyik bolarsyñ- diýipdir.

   Baýmyrat gaty suwsansoñ, Ejekejana bildirmän, şol çeşmäniñ başynda köwşüni galdyran bolup gidipdir. Birazjyk ýöränlerinde, Baýmyrat:

- Ejekejan, köwşüm suwuñ başynda galypdyr- diýär. Köwşi getirmäge Ejekejan gaýtjak bolsa-da etmän, Baýmyradyñ özi gaýdypdyr. Suwuñ başyna baryp, ýagşy ganyp, basyny göterse, keyge öwrülip duruberenmiş.

   Baýmyrat keyik bolandan soñ, her şahyna bir köwşüni iyldirip, Ejekejanyñ ýanyna gelipdir. Ejekejan aglap:

- "Bally, içme diysem etmediñ"-diýip, doganyny izyna tirkäp, gidiberipdir. Öwlerinden bir süri keyik çykypdyr. Keyikler Baýmyratdan gaçmandyr, Baýmyrat bolsa olara goşulyp geziberipdir. Şol ýerde ulakan bir çynar barmyş, üstüne ganatly guşdan başga zat çykyp bilmezmiş. Ejekejan çynaryñ ýanyna baryp:

- "Eñil, çynarym, eñil"- diýipdir. Çynar eñlipdir, Ejekejan çynaryñ üstüne çykyp, şonda ýaşapdyr. Keyik bolan Baýmyrat bolsa käwagyt gelip Ejekejany görüp gityänmiş.

  Bir gün şol yurdyñ padyşasynyñ ogly awa çykypdyr. Ol bir keygi kawalap, şol çynaryñ üstünden gelipdir. Çynaryñ düybünden akýan suwy görüp, atyny suwa ýakjak bolanda, aty ürküpdir. Padyşanyñ ogly suwa baksa, suwuñ yüzünde bir gözel gyzyñ suwratyny görüpdir. Padyşanyñ ogly geñ galyp durka, ýanyndakylar ol gyzyñ çynaryñ üstündedigini bildiripdir. Padyşanyñ ogly gyza karap:

- Ey, gyz, insmysyñ ýa jynsmysyñ? gel, düş- diýip, köp ýalbarypdyr. Ejekejan sesini çykarmandyr. Padyşanyñ ogly bilen ýanyndaky adamlar her zat etseler-de, Ejekejany alyp bilmän izlaryna dolanypdyrlar.

   Padyşanyñ ogly atasynyñ ýanyna baryp:

- Ey, ata, pylan çynaryñ üstünde bir gyz gördüm, şeýle bir awadan, aýdar ýaly däl. Emma şony alyp bilmedim- diýär.

   Padyşa derrew pilli, paltaly, kerkili köp adamy oglunyñ ýanyna goşup, şol çynary yykmaga burupdyr. Bu adamlar baryp çynary kesmäge başlapdyrlar. Çynaryñ yykylmagyna biraz galanda gün ýaşýar. Adamlar ” ertir keseris” diýip ýatýarlar. Ertir görseler, çynar asla kesilmedik ýaly bolup duranmyş. Adamlar ýene kesmäge başlaýarlar. Agşama çenli gutaryp bilmänleri üçin giyje ýatyp, ertir görseler ýene öñküsi ýali bolup duranmyş, gaýta çynar günde iki esse yogynlanypdyr.

   Bular izlaryna dolanyp gelip, bolan zady padyşa aýtýarlar. Padyşa: "kim şol gyzy alyp getirse agramyna agram altyn berjek”- diýip jar çekdirýär.

   Bir garry kempir gelip:

- Padyşahym, maña bir gara gazan, birki sany kirlän ak geyim tapyp berseñ şol gyzy alyp getireyin- diýär.

   Padyşa derrew bu aýdylan zatlary tapyp berýär. Garry kempir çynaryñ düybüne gelip, eşikleri gazanyñ garasyna süykäp yuwmakçy bolýar. Ejekejan ony görüp:

- Ey, mama, eşikleri öñküsünden hem beter garaltýarsyñ- diýipdir.

   Kempir:

- Wah, gyzym, gözüm görenok, gelip ýardam etsene- diýär.

   Bu garrynyñ bolşuna Ejekejanyñ yüregi awip:

- Eñil, çynarym, eñil- diýipdir. Çynar eñlipdir. Ejekejan düşüp, garrynyñ eşiklerini yuwup beripdir. Soñra kempir Ejekejana:

- Gyzym, eden iyşiñe tañyrýalkasyn. Ýöne şol ýerde meniñ bir sandygym bar. Şonda iýer ýaly ojuk-bujuk zat bar, şondan garbanar ýaly al- diýipdir.

Ejekejan etmejek bosa-da, kempir goyman, sandygyñ ýanyna

getiripdir. Ejekejan sandygy açyp zat almaga eñilende, kempir derrew sandygyñ gafsyny ýapypdyr. Ejekejan näçe ýalbarsa-da açmandyr. Şol wagyt padyşanyñ ogly hem gelip Ejekejany öýüne äkitjek bolanda Ejekejan:

- Meñ bir ballym bar, ol keyik suwny içip, keyik boldy.Eger ony hem äkidip, altyndan ahyr, kümüşden köken edip saklasañ, señ bilen gityän- diýipdir. Padyşanyñ ogly razy bolupdyr. Ejekejan bir depä çykyp, ballysyny çagyrypdyr. Keyik ballysy gelende Ejekejan bolan iyşi aýdypdyr. Keyik hem muña razy bolupdyr. Şondan soñ padyşanyn ogly Ejekejan bilen keygi getiripdir. Keyige, aýdylşy ýaly, altyndan ahyr salyp, kümüşden köken edip goyupdyr. Ejekejany bolsa, toy edip, özi alypdyr. Ejekejanyñ ýanyna bir gyrnak beripdir.

   Aýdan-aý, günden-gün geçip Ejekejan göwreli bolýar. Bir gün gyrnak derýa boyuna geyim yuwmaga gidende, Ejekejan hem gidipdir. Gyrnak derýañ gyrasyna bir gazyk kakyp, oña bir uzyn yüp dakyp, bir uwjyny biyline baglap, suwa giyrýär. Ejekejan ony görüp suwa düşesi gelipdir. Ejekejan suwa giyrende, gyrnak gazygy goparyp göýberipdir. Ejekejan suwa çümüp, derýañ düybüne gidiberipdir. Ejekejanyñ ýerine geçmegi isleyän gyrnak Ejekejanyñ eşiklerini geyip, öz eşiklerini bolsa garnyna dañyp, Ejekejana meñzäp, öýe gelipdir. Padyşanyñ ogly onuñ gyrnakdygyny bilmändir.

   Gyrnagyñ kellesi kel eken. O1 giyjeler " hyrt-hyrt" edip, kellesini gaşanda, äri onuñ nämedyändigini soranda:

Atam öýünden getiren gowurgamy iyýärin- diýipdir.

Äri:

-"Maña-da bersene" - diýipdir.

Gutardy- diýip, gyrnak aýdypdyr.

   Günleriñ biyrinde keyik ertiyr bilen bularyñ ýanyna gelip olara seredipdir. Keyik:

Bu padyşanyñ oglunyñ aýagy, bu-da gyrnagyñ aýagy, Ejekejanyñ aýagy ýok- diýipdir.

   Gyrnak muny eşidip:"şu keygi öldürmesem, meñ kimdigimi bildirjek" diýip öýlanypdyr. Ertiyr turan badyna padyşanyñ ogluna:

- Şu gün keyik etini iýesim gelýär, şu keygi öldürip ber- diýipdir. Padyşanyñ ogly:

- "Sen bu güne çenli keyik meniñ doganym diýärdiñ, indi näme üçin ony iyjek diýärsiñ? "- diýip sorapdyr?

Onda gyrnak:

- "Doganym bolsa-da iyjek"- diýipdir. Ondan soñ padyşanyñ ogly keygi öldürmegi buyrupdyr.

Keyik padyşanyñ ogluna garap:

- "Men bir suw içip geleyin"- diýipdir. Padyşanyñ ogly "bolýar" diýipdir. Keyik derýanyñ boyuna baryp

-Altyn ahyr bozuldy,

Kümüş köken üzüldi,

Padyşanyñ kel gyrnagynyñ,

Göwni maña düzüldi- diýip, aglapdyr.

   Ejekejan suwa gaçandan soñ, bir yunus balygyñ agzyna düşüp, balyk ony öz garnynda saklapdyr. Ejekejan şol ýerde ýaşap ekiz çagasy bolupdyr. Ejekejan keygiñ sesini eşidip:

 

 - Özüm balyk agzynda,

 Saçym derýa yüzünda.

 Bir ýanymda Heseljan,

Bir ýanymda Gözeljan,

Barsañ aýtgyñ baý ogla,

Öldürmesin ol seni. diýipdir.

Keyik gaýdyp gelipdir, emma bogazy dolup, sözüni aýdyp bilmändir. Padşanyñ ogly ony öldürjek bolanda, keyik ýenede:

- Suw içip geljek- diýipdir. Padyşanyñ ogly göýberipdir.

Üçünji gezek padyşanyñ ogly: " Şu keygiñ bir gürrüñi bar" diýip, onuñ izyna düşüpdir.

Keyik derýanyñ boyuna baryp:

 -Altyn ahyr bozuldy,

  Kümüş köken üzüldi.

  Padyşanyñ kel gyrnagnyñ

 Göwni maña düzüldi- diýip ýene zar-zar aglaýar. Ejekejan hem doganynyñ sesini eşidip, şeýle seslenipdir:

- Özüm balyk agzynda,

 Saçym derýa yüzünda.

 Bir ýanymda Heseljan,

 Bir ýanymda Gözeljan,

 Barsañ aýtgyñ baý ogla,

 Öldürmesin ol seni.

 

Padyşanyñ ogly keygiñ nalasyny eşidip, hem-de derýadan çykan sesi eşdip, bolan iyşleriñ hemmesine düşnüpdir.

Ol gaýdyp gelip:" Şu gün hiç maly suwa ýakmaly däl" diýip jar çekdiripdir. Ertir hemme kişi suwsan mallaryny derýa sürýär. Mallar derýanyñ bar suwyny içip gutarýarlar. Görseler Ejekejan suwuñ düybünde çagalaryny gujagyna alyp otyr. Keyik bilen padyşanyñ ogly Ejekejany çykarýarlar. Öýlerine gelip, gyrnagy bolsa gyrk gatyryñ guyrugyna dañdyryp, kowup göýberýärler. Ejekejan bilen padyşanyñ ogly maksat- myratlaryna ýetip, şatlyk bilen ýaşaýarlar.