ÖWEZ ÖÝLENENHabary kimden al? Göroglydan al! Bir gün Agaýunus peri Göroglyny ýanyna çagyryp: Eý, Görogly! Öwez jany Weýeňňamdan äkeldin,. onsoň Hüňkärin. eline düşdi, ondanam getirdin.On dördünden on bäşine gadam basyp barýa. Heý muny öýlendirmek, illendirmek ýadyňda ýokmy? «Öz ýüreginden önen perzendi bolsa, eýýäm öýlendirerdi, illendirerdi» diýip, il-halkyň taň edip ýörendir diýdi. Görogly: Baý, Agaýunus, seniň özüň örän akylly aýal! Eý,Agaýunus, sen syhyr okap, dyrnagyňa gözleseň, näme iş boljagyny bilýärsin! Hany, Öwez jana mynasyp gyz haýsy ýerde bar? Salgyny ber,derrew gidip äkeleris ony!diýdi. Ýok, Görogly, sen entek howlukma, ilatyňy çagyryp, geňeş, maslahat et! Ertesi Görogly bäş-alty goýun soýup, ilatyny çagyryp, kabla, şüle, çaý-çilim berdi. Ilaty jem bolup : Haw, Görogly, bu nä sadaka, bu ne hudaýioly? Ýa bir ýerde gorkup hudaýýoly aýdypmydyň?! diýdiler. Haw, ilat, men gorkmanam, hudaýýolam aýtman! Men Öwez jany öýerjek, şonuň geňeş toýy bu diýdi. Aý, onuň ýaly bolsa, toýuňy giňden tutaweri, uly toý edeweri-ha, Görogly! Nähili toý et diýseňiz ederin, Halaýyk, Öwez jana mynasyp gyz haýsyňyzda bar? Aý, Görogly, haýsynyň üstünden düşeniňde, saňa gyz berilmeýä?! Aksakgallaryň içinde iň damaksowy, damagyna has gyzmarak bir ýaşuly bardy. Ol bir çeträkde galyp, oňa ibaly nahar ýetmändir. Üstesine-de, bu maslahatda oňa aýratyn geňeş salynmandyr. Bu zatlara öz ýanyn-dan gaharlanyp oturan aksakgal tarsa ýerinden turdy-da: Haw, ýigitler, iýipsiňiz süýji kablany, içipsiňiz ysly çaýy,çekipsitsiz garşy temmäkini, her haýsyňyz ýüzlekçilik edip oturanyňyzda gowy bolýamy? Erteki gün Göroglynyň adamy gudaçylyga barsa,«Meniň gyrnagym ýaşdan» başga gürrüň tapmarsyňyz? Munuň gepi bilen ilat dargap ötägitdi. Görogly-da hapa bolup, Agaýunusyň ýanyna geldi. Eý, Agaýunus, men-ä seniň diýennňi edip, ilata geňeş toýy berdim. Märekede hem şeýle-şeýle gep boldy diýip, bolan gürrüňleri aýdyp berdi. Agaýunus: Eý, Görogly, seniň soraýan ýeriňde Öwez jana mynasyp gyz ýok. Ülke söküp, dag aşyp, gaýry ýerden bir gyz äkelseň, «Seniň öz soraýan ýurduňda Öweziňe mynasyp bir sirkeli tapylmaýarmydy?» diýen gep bolmasyn, iliň ýanynda diliň gysga bolmasyn diýip, geňeş toýy berdirdim. Gürjüstan diýen ýurtda Leke patyşa diýen bir patyşa bardyr. Onuň üç gyzy bardyr. Gyzlarynyň iň ulusyna Nigär diýýändirler, iň kiçisine-de Jahan diýýändirler. Ortanjysynyň ady bolsa Gülruhdyr. Ana, şol Gülruh atly gyzy-da Öwez jana mynasyp-dyr. Asmandan bir alma ýere gaçyp, iki bölünip, ýarysy Gulruh, ýarysy Öwez jan bolupdyr. Şony alyp bilseň, !Tüýs boljak, Görogly diýdi. Enşalla, alarys diýip, Görogly meýhanasyna geldi. Haw, Görogly, gudaçylyga ýer tapdyňmy ? Tapdyk. Nirede? Görogly o ýerde, bu ýerde, ýakynrak ýerde diýse, ýigitler «Men gideýin-de, men gideýin» boljakdylar. Görogly: Gürjüstanda Leke şanyň, Gülruh atly gyzy bar eken. Öwez jana şol mynasyp eken. Şony äkelmeli bolduk, Köse! diýdi. Görogly şeýle diýensoň, ýigitleriniň hemmesi ýere bakyp oturyberdiler. Görogly ýerinden turup, çilim otlap, özi ýigitlerine çilim berdi. Köse Taýmaz bege göz ümläp, ony meýdana alyp çykdy. Köse: Haw, Taýmaz beg, bu zaňňaryň juwaz ýaly bolup,çilim aýlandyryp ýörşüni görýämin? Şular ýaly agyr hyzmat bolsa, «hyzmata özüm gaýym» diýip, bizleri oýnap ýör. Men şundan ýedi-sekiz sany ýigit diläýin,bolsa-bolmasa ugruna bir çykyp geleliň! diýdi. Taýmaz begem muny oňlady. Köse içeri girip: Haw, Görogly, senden ýedi-sekiz ýigidi dileýäs. Şu işiň ugruna bir çykyp geljek, biz! diýdi. Görogly: Ýany ýaşdyň-da, indi ulaldyňmy?! diýdi. Hä, Görogly, biz oýlanyşdyk, maslahatlaşdyk ahyry. Sen hemmämize baştutan Taýmaz begi ber! Nirä barsa, sypaýyçylyk bilen gep tapar ýaly Rüstemi ber! Aýyby suwjugrak, galjaňrak bolsa-da, öz duran ýeriňde durjak Hajy Sumsary ber! Aýyby gu- lagy gereň, gulagyna ýakymsyz gep degse, depesinden gylyjy saljak Beki Sansaryňy ber! Aý, Seýtek Gyrmany ber, ony ber, muny ber! diýip, Köse ýedi-sekiz ýigidiň adyny tutdy. Görogly: Baryň, atynyzy eýrläp geliň! diýdi. Bular,atlaryny eýerläp geldiler. Köse at üstünden: Aý, Öwez jan, seniň gudaçylygyňa barýas, bir çilim ber! diýdi. Öwez jan bulara çilim berdi. Görogly, bize bir bat berip, nama-da aýdyp ber. Görogly: Öwez jan mana dutary getirip ber! Bularyň äkelenden äkelmezi ýakyndyr. Bolsa-da, bulara bir söz aýdyp goýbereýin! diýip, sazyny goluna alyp, ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek!
Bu sözi aýdandan soň, ýigitler atlaryna ýedi gamçy dartyp gidiberdiler. Bular iki gün ýol ýöräp, üçünži güni bir otly, gulanly, odunly ýeriň üstünden duçar geldiler. Hajy Sumsar: Şu eri bir oňaýly, paýyzly jaý eken. Şu ýerde bir düşläp, wagtymyzy hoşlap, «patyşa gyzyny bermedi» diýip gaýdyp baraýsak, niçik bolar?! diýdi. Taýmaz beg: Ýigitler, ondan gep bolmaz! «Atylan ok daşdan gaýtmaz» diýenleri. Her zat bolsa-da, baryp gaýdalyň! diýdi. Bular atlaryny sürüp gidibersinler. Köp ýoly geçip, sürüp patyşanyň ýurduna bardylar. Gaýry ýurtdan ýedi-sekiz sany atly geldi, ilçimi, habarçymy, nämedigini bilemzok diýip, patyşa habar berdiler. Patyşa: Baryň, özbaşlaryna bir jaý boşadyp beriň, Özleri habaryny aýdarlar! diýip buýurdy. Bularyň özbaşlaryna bir jaý berip, patyşalyk-dan gonagyny berip, üç günläp saklady. Dördülenji gün patyşanyň gaşyna ugrajak mahalynda : Hany, ýigitler, gepi kim başlar?! diýdi, Hajy Sumsar: Biz başlarys! diýdi, Bedrüstem: Sen menden ökde bolduňmy? Biz başlarys! Diýdi. Köse: ýigitler, bu gylygyňyzy goýuň! Gepiň başyny Taýmaz beg başlasyn,yzyndan geregiňizi aýdyberiň! diýdi. Bular bir-birine basalyk bolup, patyşanyň arz jaýyna gelip durdular. Salam berdiler, patyşa bularyň salamyny alyp: Haw, ýigitler, haýsy ýurduň adamy bolarsyňyz,habaryňyzy beriň! diýdi. Taýmaz beg ilki bolup söze başlady: Tagsyr, Çardagly Çandybilden bolarys. Çandybilli bolsaňyz, nä habarly geldiňiz? Tagsyr, «Çardagly Çandybilde Görogly diýen är döräpdir» diýip eşidipmidiniz?! Hawa, eşidipdim. Eşitseň, «Bir aýypsyz adam bolmaz» diýenleri,Göroglynyň, ogly ýok. Weýeňňam diýen ýurtdan Buldur gassap baýyň Öwez diýen ogluny äkelip, ogul edinip saklap ýör. Sizde bir gyz bar diýip, bizi şu ýere gönderdi, tagsyr! «Bularyň gepine görä gep gaýtaraýyn-la?» diýip, patyşa içini gepletdi. Haw, ýigitler, ol aýdýan satlyk gyz-çoryňyz-a bizde ýok. Bu ýandan Hajy Sumsar çykyp: Tagsyr, biz «satlyk gyz-çory» diýip gelemzok. Görogly bizi gudaçylyga iberdi. Patyşa: Şondan şuňa-da bir gudaçylyk bolarmy? Bedrüstem: Iki göwün bir bolsa, mundan daş ýerden-de guda bolýandyrlar diýdi. Patyşa: Alla, men bir ýatan ýylandym. Bu zaňňar aýlanyp gelip,maňa deger boldy-ow diýdi. Seýtek Gyrma gezek geldi. Ol: -- Tagsyr, ol aýdanyň-a rast, ýöne gyzyňy berseň,garyndaş bolsaň, ýagşy bolar. Bolmasa, «Ýurdy duşman bozar» diýenleri. Duşman bu gün geler çapar, erte geler çapar, taňla geler çapar. Söwdagäriňi çykarmaz, malyňy meýdanda bakdyrmaz. Daşyňy gabap, ýaman heläk eder, tagsyr! Gyzyňy Göroglynyň ogluna berseň, garyndaş bolsaň, hemmesinden dynarsyň diýende, patyşa oýlanyp oturdy. Onýança Däli Mätel gepe başlady: Tagsyr, köp oýlanyşdyň.Oýlanyşaly,gepleşeli diýseň, ertire çenli möhlet bereli. Muna patyşanyň gahary gelip, gatyragada! Habaryňyz şu bolsa, gelen yzyňyzy ýel bozmanka gaýdyň! diýdi. Munuň diňe gatyragada «gaýdya» diýeni gulagy agyr Beki Saňsaryň gulagyna degdi. Tagsyr, gyzyňy berip goýberseň, gulluk! diýdi. Iň sonunda Kösä gezek geldi. Ilerräk ätläp durup : Tagsyr, seniň bilen gepi uzak ezişip oturmaly,Bir agyz gep: gyzyňy berýämiň ýa bermeýämin?Gel, indi munuň ylalaşygyna geleli. Sen gyzyňy bermeseň, Görogly bilen ýagy bolarsyn. Hüňkäre ýeňdirmän ýören Görogly üç gyzyň üçusinem alyp gidäýse näder- siň?! Onuň üçin sen abraýyň barka, gyzyňy beräý, göter patyýa! diýdi. Patyşanyň gahary gelip, peşaplara ümläp goýberdi. Peşaplar bularyň ýakasyndan tutup meýdana çykaryp, her haýsynyň arkasyna kyrkdan-kyrkdan gamçy urup çykardylar. «Baryň, hezzet-sylagynyz şu bolsun, gören-eşideniňize habar beriň!» diýdiler. Patyşa bir wezirine! Ilçä-habarça ölüm ýokdur. Bulara ölmän ýurduna aşar ýaly az-kem harajat berip goýberiň! diýip buýurdy. Kyrk gamçyny iýip, az-kem harajady alyp, atlaryny sürüp gaýdyberdiler. Bular Çardagly Çandybile gelip, atlaryny baglap meýhana bardylar, Görogly: Haw, Köse, aman-sag geldiňizmi?, Geldik, Görogly. Hany, näme iş bitirip geldiňiz? Biziň bitirmedik işimiz ýok, Görogly. Patyşa näme sylag etdi, näme horluk Patyşa hiç kişini biziň ýaly «sylan» däldir, Hany, egniňde tegelek serpaý, biliňde pyçak-aýpalta görünmeýär-le? Görogly, biziň pyçak, aýpaltamyz, sylagymyz her haýsymyza kyrkdan-kyrkdan gamçy urup goýberdiler. Bu sylag däl, ondan başga ölüm gerekmi bize? Öwez jan, sora,oglum, niresine urdukalar bu,samsyklaryň?! Öwez jan sorady: Mährem aga, patyşa niräňize urdy?! Arkamyza urdy, Öwez jan. Onda Görogly: Sen arkan ýatyr-da garynlaryna-da ur, bularyň,iki ýanam deň bolsun diýdi. Öwezem bir ýogyn gamçyny alyp, urmaga häzirlendi. Köse: Aý, Öwezim, indi urança boldy. Indi duruber!diýdi. Görogly: Mätel, Gyraty getir!diýdi. Mätel Gyraty eýerläp getirdi. Görogly ýaraglarypy dakynyp, özi atlandy. Köse aýtdy: Görogly, sen-ä gahar-gazap bilen atlandyň, ýa,alyp gelersin, ýa ölüp gelersiň! Enşalla, alyp gelerin, Köse! Alyp gelsen, biz toý tutumynda boluberelimi ýa bigam oturyberelimi? Toý tutumynda boluberiň, Köse! Hany, nähili toý tutaly? Ynha, şu hili toý tutuň! diýip, Görogly ýigitlerine garap, bäş keleme söz aýdar gerek :
Bu sözi aýdandan soň, Görogly atyna jüp gamçy urup, sürup gidiberdi. Görogly dört gun ýol ýöräp, bäşilenji guni ilkagşam bir suwa ýetdi. Şol suwdan aýlanyp ötdi, dolanyp ötdi, heý, bu suwuň soňuna çykyp bilmedi. Daňa ýakyn «Alla janlarym, men bu ýerde kän gezýärdim, bular ýaly suw görmändim» diýip, atdan duşüp, syn edip gözlese, bu ýeri şol ilkagşamky gezip ýören ýeri. Zaňňaryň başy aýlanyp, aty terslin-oňlyn dolap, öz ärkine goýman ýören äken. Görogly: Päk-ä, perwerdigär-ä! Bu niçik iş boldy?! Ol ýedi-sekiz ýigidim patyşa bilen bäş-alty agyz gepleşip gaýdypdyr, Men munuň özünem tapmajak boldum-ow diýdi. Görogly hapa bolup: «Öwez jan, men-ä seniň ýaryňy tapabilmedim» diýip, sazyny goluna alyp, bäş keleme söz aýdar gerek.
Bu sözi aýdyp, tirsegine söýenip uka galyp boldy. Şiri-huda piri gelip Göroglynyň düýşüne girdi. Oglum, sen hapa bolup ýatma! Ertir ir bilen çykyp ugrasaň, gun çäş galanda,öňüňde ,bir kent peýda bolar. Bu kende barsaň, bir baý adam toý tutýandyr.Bu toýa barsaň, at çapsaň, at baýragyny alarsyň. Bagşy, sazanda baýragyny alarsyň. Pälwany bilen gö« reşseň, ahmal etmegin. Ondan hem çykyp gidiberseň,Gülruhuň bagbanyna Saňsar baba diýerler. Şonun göwnuni tapsaň, seniň eliňe şol çykaryp berer diýip, gözünden gaýyp boldy. Görogly oýandy. Gözlese düýşi. Hudaýyň berenine şükür edip, çaý içip,çilim çekip, sürüp gidiberdi. Gözlese, bir baý adam toý tutmaga başlapdyr; Bäş-alty sany ak eleňli1 öý oý meýdana dikilipdir. Märeke öňünden ýygnanmaga başlapdyr. Bu-da bardy bärden, aty, özi örän ýagşy ýigit. Bir adam Göroglynyň ýanyna geldi. Haw, ýaşuly, atdan duşseň, at tutaly! Beli, düşerin. Meniň atym daşrakdan geldi; Bir oglan mundurip, Gyraty meýdanda gezdiribersinler. Ol adam gelip, ak öýüň gapy kilimini ýokary göterdi. Haw, myhman bagşy geldi, myhman bagşyny töre ötüriň! Görogly töre ötüp, güberilip otyrdy, Görogla çaý berdiler, çilim berdiler. ----------------------------------------------------------------------------------------------------- 1 Eleň ýörite dokalyp, ak öýuň gamşynyň daşyndan aýlanýan bezeg. Myhman bagşy, al eliňe sazy! Galyň sazandalar çalşyp otyr, galyň bagşylpr aýdyşyp otyr. Munuň hem eline sazy berdiler. Ozaly nowaýy, yzy talhyn, iň soňuny ylgar ýoluna ýazdyrdi. Hemme sazanda-bagşy baýragyny muňa berdiler. Il-kagşamdan jarçy gygyrmaga başlady. Uly at dokuz menzil ýoldan gaýtžak! Bäş ýüz tylla, bir ýorga ýaby, bir kemha don baýragy bar! Muňa ilkagşam iki at gitdi. Atly gidenson, Göroglynyň ýanyna bir adam geldi. Haw, myhman bagşy, atyň satanlagrak görünýar,ýuzi-gözi tikenli görünýär, atyňy çapaýmarsyň, alla? Ezber oglan tapyp bersen. çaparys. Ýeňil oglany mundürip, hemme atlaryň yzyndan Gyraty-da iberdiler. Ertesi at çapan jaýa märeke ýygnanyberdi. Märeke onçakly ýygnanmanka, gün çäş galanda, Gyrat ortadan tazy oýnan ýaly tasap geçdi. Oglan aýlanyp geldi. Haý, oglan, atlar bilen bile gaýtdyňmy, ýa orta ýoldan gaýdyberdiňmi? diýip soradylar. Bile gaýtdym. Hany, ýoldaşlaryňdan, süýregçkden gara-çyra ýok-la?! Aga,men ýoldaşlaryňy-da bilemok, süýregçiňi-de bilemok. Atyň jylawyny bäri öwrenimi bilýän,gaýdyp meniň gözüm ýer gören däldir. Bu gelşiň bilen saňa baýrak bermeris! Emini görüp, onsoň berjek. Günortan bir at geldi, peýşin bir at geldi, giç peýşin emin geldi. Haw, emin, myhman bagşyň aty hem atlar bilen bile gaýtdymy ýa orta ýoldan gaýdyberdimi? Dogryňy aýt! Onda emin: Myhman bagşyň aty-da geldimi? Men ony jylawlap, atlardan iki tanap boýy soň iberipdim. Emin şeýle diýensoň, gep üzüldi. Bäş ýüz tümen tyllany sanap berdiler. Görogly bäş ýüz tümen tyllany horjuna salyp, kemha dony atyň syrtyna bökderip, ýorga ýabyny at çapan oglana berdi. At çapyşyk sowlansoň, pälwan meýdanynda märeke tegelenip duruberdi. Ýene bir adam Göroglynyň ýanyna geldi. Haw, myhman bagşy, bagşy-sazanda baýragyny aldyň, atyň-da ozdy, «gözaýdyňa» ýakyn ýigit ekennň,seniň pälwançylyk bilen işiň ýokdur, alla?! Ýok, pälwançylyk bilen işim bolmaz! Şu göwräň bilen bir adam-a ýykarsyň. Rast aýdýasyň, ýagşy ýigit, şu göwräm bilen bir adamyň aşagyna düşäýsem, ne ýagşy, üstüne duşsem,ödürerin! Öldürsenem gany ýok diýdiler. Gel, tutsam, tutaýaýyn diýip, Görogly guşagyny gowşadyp, orta geçdi. Öwünjeň bir ,uly pälwan bardy, Şägirdiniň birni goýberdi. Bar, köwek zaňňary ýere ur, ortada näme işläp ýör? Bu-da Göroglynyň gulagyna degdi. Içinden! «Meger, özüň gelmersin-dä» diýip ýaňky. şägirdi bilen gujaklaşyp, göreşip gidiberdi. Görogly ýykaýyn diýse, derrew ýykjak, ýankyny zordan ýykan kişi bolup, iki dyzyny ýere degirdi. Uly pälwan dikine atdan zyňyberdi. Ädigini çykarman, guşagyny gowşatman gelip, şatyr-şutur Göroglynyň ýakasyndan tutup, bir eli bilen ýeňsesinden tutup, göterjek bolýar, o ýana kakýar, bu ýana kakýar, içinden ildirýär, çopan salýar, ýanbaş salýar. Görogly gögerip çykan ýaly,doňgaty bolup dur. Pälwan hasyrdaý-hasyrdaý halys ýadady. Myhman bagşy, sen jadygöý bolaýma? Asla gyMyldamaýasyň-la? Ýok, jadygöýlik bilen işim bolmaz, Bilýän emeliň bolsa ediber! Biz-ä emelimizi edip bolduk eýse. Emeliňi edip bolan bolsaň, mäkäm dur.Adam ökjesine galyp duranda, mäkäm durýan eken diýip, rast gerdeýip durdy-da, Görogly elini guşagyndan ýazdyryp, iki bykynyndan gujaklap, ýaňky pälwany ýokara göteräýdi. Aýlap-aýlap rast asmana zyňyp goýberdi , üç naýza boýy atylyp gitdi, şondan kelemenläp, gygyryp gelýär. Dat, myhman bagşy, ýere düşürmän tutsaň, daşymdaky kemha don seniňki! Görogly bykynyndan, ýagyrnysyndan tutup ony ýerde goýdy. Pälwan essine gelse, bykyndan tutanda, Görogly bir gapyrgasyny döwen eken. Ýagyrnysyndan tutanda, bürgut ýaly penjesini geçiripdir. Haý, biziň pälwany öldürdi! diýip ýüwürdiler Göroglynyň üstüne. Görogly: Dostlar, aýplaşmaň, meniň ýykan adamym erte essine gelýär diýdi. Görogly pälwan baýragyny alyp ötegigdi. Pah, galyň aksakgallar bir topar, gara sakgallar bir topar, ýaş ýigitler bir topar, gelinler bir topar, gyzlar bir topar, Görogly bir çetden surüp barýa. Görogly ýetmiş iki dile düşýädi. Birka ýary nowça gyzyň käbir sözüne düşenok. Alla, janym, ýalançyda meniň hem düşmeýän dilim bar eken-ow diýip, içini gepledip sürşüne,toý ýerine geldi. Aksakgal baba ýanyna geldi. Haw, myhman bagşy, men toý edýänin içki diwan begisidim, «bar, çaý äkel, temmäki äkel, desterhan äkel» hyzmat bilen seniň bilen gürrüňleşmäge-da elim degmedi. Toý bolsa sowuldy, elim bolsa boşady. seniň bilen birsalym gürrüňleşeli. Men seni bir ýagşy sazanda-bagşy diýip eşitdim diýdi. Göroglyny bir ak öýe duşürip, çaý, çilim berdi: Myhman bagşy, şular ýaly gelin-gyzlar, ýüwrük atlar siziň ýurduňyzda-da barmy? Eý, ýaşuly, bir ýurtda bolan zat hemme ýurtda-da bolýandyr. Şulary taryp edip, maňa bir nama gaýryp ber. Menin nama gaýranym-a ýagşy, bular meniň dilime düşjek däl. Haý, olar düşmese, men düşýän, maňajyk aýdyp ber! Görogly nämeden tymsal getirerini bilmän, töweregine äňedip, ýaltaklap oturdy. Ol dutary eline alandan, öýüň daşy gelin-gyzdan, ýaş ýigitden doldy,öýüň durlugyny ýokary çermäp, gamşyny aýryp, Görogliniň sazyny eşitjek, özüni görjek bolup,bela galyp duran ekenler. Görogly: Baba, saňa aýdyp bersem, «Hiç zadyň biziň ile Meňzemeýä» diýip bir söz aýdar gerek.
Görogly bu sözi aýdansoň, baba ýene bir öe baryp, Görogla bir don, bir telpek, bir ädik, bir guşak baş-aýak serpaý etdi. Myhman bagşy, häzir size sylagym şu. Gaýdyşyn ýoluň düşse, bir agşam gürrüňleşip öteweri, Hol ak howly, gara bag biziňki. Seniň ýaly ýolagçy adama gerek bolar diýip, ol bir desterhan külçemi, gatlamamy getirip berdi. Görogly sowgatlary horjuna salyp, mundan jogap alyp, ilkagşam atyny sürüp gaýdyberdi. Gijäniň içinde gelýärkä, Görogly: «Alla, Saňsar babanyň jaýyny salgy alar ýaly, beýnisi ýukarak, akyly gysgarak bir adam tapsadym» diýdi. Şol barşyna, daň hem agardy. Bir çal sakgal adam gelip, goş sürmäge başlady. Görogly isleýän adamsyny görenden tanady. «Senden-ä habar bilsem gerek» diýip, salam berip geldi. Bu-da: Amanmy, aman-sagmy! diýip, öküzleri aýlap gidiberdi. Görogly güpbe atdan düşüp, atyň jylawyny eýeriň gaşyna gysdyryp, atyň tanapyndan tutup bu-da yzyna düşüberdi. Ol çetine gidende, bile gidýär, bäri gaýdanda, bile gaýdýar. Haw, ýaşuly, armaweri! Bar bol. Näme ekýäsiň? Künji ekýän. Tohumyň müň gelsin! Aýdanyň gelsin. Öküziň ýörgür eken, kündän düşgür eken, demçriň kesgir eken diýip, munuň bilen gepini alyşdyraýdy. Ýaşuly, seniň çaýdan, çilimden, neşeden habaryň barmyka diýýän?! Pah, oglum, dertden bilýän ekeniň. Ir bilen goşa howlugyp, zordan bir çilim çekdim. Eýse, baba, men saňa bir çilim bereýin diýip, Görogly bürünç çilimi horjundan alyp, garşy temmäkiden bir çilim berdi.Gurgun çilimýa, garşy temmäkini çekip, baba ýykylyp ýatyberdi. Bir salymdan soň sakgalynyň suwuny süpürip ýerinden turdy. Görogly: Çaý içermiň, baba? diýdi, Beli, içerin. Görogly ysly çaýdan bir çäýnek çaýy-da demläp goýdy, bir azrak neşede goýdy. Garaz, babanyň wagyny hoşlady-da: How, ýaşuly,men Saňsar babanynka barýaryn,şonuň jaýyny maňa salgy ber! diýdi. Aý, ýagşy ýigit, ony soramak gerek däl. Ynha,şu uly ýola düşüp, bir meýdan ýöreseň, öňüňden bir ik howly çykar, bir ýan gapdaly ýykylan hüjresiniň agzynda ullakan güjüm bardyr.Oňa meňzeş jaý ol töwerekde ýokdur. Bar-da gygyryber. Görogly pugta salgy aldy. Babanyň aýdan salgysy bilen sürüp gidiberdi. «Meger, çyksaň, şu çykarsyň» diýip, hüjräniň agzyna gelip, ozal gören ýaly,tanyş ýaly: Haw, Saňsar baba, öýdemisiň, öýde bolsan çyk bu ýana! diýdi. Birsalymdan hepbik ýaly bükülip, bir garry baba çykdy. Görogly salam berdi. Ol salamy-da alanok, ýüzüne çikjerip gözleýär. Baba, meni ýitiripmidiň, araba çykjak horaz ýaly, ýüzüme gaty çikjerip gözleýärsiň.? Ýok, oglum, seni ýitiremok, seni bir adama meňzedýän, dogryňdan gelseň soraýyn, egriden gelseň sorap hem durjak däl, derrew güm bol şu ýerden! Dogrymdan geleýin, baba! Dogryňdan gelseň,«Çardagly Çandybilinde Görogly diýlen är döräpdir» diýip eşidýän.Megerem, bolsaň, şolsuň. Hut şonuň özi men, baba. Oglum, bäri egil! «Nätjekkä?» diýip, egilse, garry baba Göroglyny şap-şap ogşaberdi. Baba, meni nädiberdiň? Oglum, atdan duşsene, habarjygyňy alaýn. Bolýar, habarjygymy bereýin. Atdan düşurip, çaý berip, çilim berip, gaty-guty zagarasyndan çykaryp: Hany, oglum, ber habaryňy! diýdi. Baba, saňa habarymy bersem, patyşanyň Gulruh atly gyzy barmyş. Onuň hem bagbany sen. Şony meniň elime çykaryp bermegiň alajyny edäýseň! Pah, oglum, sähediňi oňaryp çykan ekeniň-ow! O, niçik baba? Patyşa ýedi ýaşardan, ýetmiş ýaşary bilen awa-şikara gitdi. Oglum, şu wagtlar galasynda jandar ýok. Baba, galasynda bolanda-da, men urşup, gyrlyşyp, adam äkitmäge gelemok. Maňa hilesini salgy ber. Men hile bilen äkitjek. Babaň göwnüni tapsaň hilesini salgy berýäs. Baba göwnüň näme bilen tapyljak? Aý,oglum, düşmedik kişi bolup turkülige salyp oturmasana! Bu wagtlarda teňňe-tylla gezek geldi diýip, baba syýyny ýazyberdi. Baba, sen syýyňy ýazmasaň-da, saňa az bermerin. Saňa kyrk tylla bereýin. Baý-boý! Babaň çokjajysyna galam puly hem bolmaýar ol. Eýse, ene kyrk tylla bereýin; Babaňa çaý puly hem bolmaýar ol, Eýse, ýene kyrk tylla bereýin. Oglum,babaňy henek edip oýnama.Kyrk-kyrkdan gurrüň bolmaz. Berseň düzüwje ber, düzüwje! Atyň baýragynyň bäş ýüz tümen tyllasy horjunda-dy. Görogly horjuny alyp, babanyň syýynyň üstüne guýdy.Baba Göroglynyň arkasyna üç mertebe kakyp: Oglum, indi bir zat bolsa bolardiýdi, Hany, baba, salgy ber?! Oglum, sen ham ýatan ekeniň, hälýa bişmän ekeniň;Meň saňa salgy bersem, senem bir ýana äkitseň, patyşa-da awdan gelse, menden jepa ýetenini bilip, başaşak ýere gömüp, aýagyma at baglar. Sen bir bazar arasy şu ýerde görünmän ýat, men ertir bazardan şaýmy tutup, göçi Çandybile ugradyp, onsoň, saňa salgy bereýin oglum! Babanyň asly Çandybilden eken. Görogly babanyňkyda boluberdi. Ertesi bäş ýüz tümea tyllany alyp, baba bazara gitdi. Ýigrimi tyllalyk erkegi ýigrim bäşe alýar, ýigrim bäşligi otuza, otuzlyk maýany kyrka alýar. Iner maýa, meşik, mytara, azyk şaýyny tutup, baba ilkagşam göçüni ýola saldy. Görogly: Hany, baba, salgy ber! diýdi, Oglum, kerwen gidibersin, çaý içeli, çilim çekeli, onsoň salgy bereýin. Baba «Göçüň yzyndan kowgy bararmyka» diýip gorkýar. Çaý-çilim bedessur kyldylar. Hany, baba, salgy ber! Oglum, salgy bersem, pylan ýerden aýlanyp barsaň, üç ýüz altmyş bag-çarbagy bardyr.Belentligi kyrk gez, aşagy on iki gezden tutulan derwezesi bardyr. Oňa-da hiç zat kär etmez. Ondan neneň edip geçjegiňi özüň bilýäsiň. Bar, mundan hilesini tapyp geç- seňem, uç ýüz altmyş çorusy bardyr. Muýadanam neneň edip geçjegiňi özüň bilýäsiň. Ondan hem geçäýseň, saraýnyň agzynda Hopnyşan diýen dogagöý,jadygöý ýeňňesi bardyr. Şonuň göwnüni tapsaň, gyzy seniň eliňe çykaryp berer. Göwnüni tapmasaň, senýa doga bilen agaç eder, eşek eder, bedeniňi üýtgeder. Seni şol yerde ýok eder. Pah, baba bäş ýüz tümen tylla berip, Görogly salgy alyp, hezil etdi-dä! Oglum, men saňa «salgy bereýin» diýip boýun boldum. «Çykaryp bereýin» diýip, wada edemek. Ondan bu ýany-da alypdyryn tyllany, salypdyryýa jubä, gö«çi bolsa ugratdym, geňeşimi ha al, ha alma! diýip, düýeleriň yzyndan ýortup ötägitdi. Görogly: Baba, sen gepiň soňuny üzduň, bar, alla ýaryn! diýdi. Görogly babanyň howlusynda bolup, ertesi gün batanda, atyny babanyň howlusynda goýup, bir dutaryny eline alyp, baga tarap ýöriş etdi. Esewan etse, guş uçup girmese, girer ýaly däl. Derwezesine-de hiç zat kär etjek däl, Bagyň töweregine ylgap aýlanyberdi. Bu baga suw akyp girýän bir deşik bardy. Bu deşige arap dilinde «saňryk», täjik dilinde «dillik», parsy dilde «abygowak», özbek dilinde «muktaş», türkmen dilinde bolsa «tokurtga» diýýndiler. Görogly şun-dan sümüp, aňyrsyna geçdi. Howzuň boýuna barsa, çorular howzuň töwereginde şabraşyp uklap ýatyrlar. Görogly bulary aralap, aňry geçip gitdi. Saraýyň agzyndan geldi. Ortasy giden däliz, bir-birine garap duran dokuz gabat saraý. Görogly Hopnyşany tapjak boldy. Görogly: «Gel, men nazarymy pes tutmaýyn-la. Töre ötüp, barlap gaýdaýyn» diýip, sekiz saraýdan ötüp, dokuzlanjy saraýyň işigini açdy. Açan saraýy Gülruhuň öz saraýy öken. Gözlese, Gülruh altyn tagtyň üstünde dokuz gabat çymylgan taşlap, başujuna dokuz tekýe, aýag ujuna bäş tekýe, üstünden bir ýukarak körpäni taşlap, uka gidipdir. Körpäniň birýan burçy serpilnp, gyzyň ýuzi açylypdyr. Göýä bulutdan çykan aý ýaly, ýalp-ýalp edip, saraýa şöhle berýär. Muny görensoň, Göroglynyň huşy başyndan göterildi. Hopnyşan-da ýatdan çykdy, beýleki-de ýatdan çykdy. Dutaryny eline alyp, «Oýan-ha, patyşaň gyzy!» diýip, gygyryberdi:
Pah, Göroglynyň bujagaz namasyna gyzyň bir damary gymyldasyn-da. «Pah, zaňňaryň gyzy, şunça yhlasly gygyryşyma, göwnüm üçinem bir gymyldamady...» Habary kimden al? Hopnyşandan al. Höpnyşan Göroglynyň, deslapky giren saraýynda galan eken.Munuň bu ýana ötenini gören eken. «Gel, şu bimahal wagt kimdir diýýäň, çorularyň birisidir-dä» diýip, galan eken. Birmahaldan soň, gijäniň ýarynda saraýyň töründe aýdym aýdyşmamy, dutar çalyşmamy, ala-galmagalyň sesi eşidildi. «Alla, bu nämäniň galmagalyka?» diýip, Hoanyşan penjireden boýnuny uzadyp seretdi. Görse, Gülruhuň başujunda bir pyýa-da häzir bolupdyr. Dutary eline alyp, murtuny towlap, daraklygyna basyp dur. Hopnyşan: Haý, zaňňar, töre ötmäni-hä bilipsin! Indi gaýdyp yzyňa çykyp biläýseň? diýdi. Görogly ýeňsesine seretse, deslapky giren saraýyň, penjiresinden bir gelniň ýüzi görnüp dur, göýäki ýüz-gözüne polat suwy berlen ýaly. On sekiz örüm saçy bar, ol hem ýere degip, ujy yzyna gaýdyp, goçuň şahy ýaly bolup dur. Görogly çinerilip gözleýär, Hopnyşan hem çiňerilip seredýär. Hoşnyşanyň gözi garçgaý guşuň gözi ýaly, Göroglynyň içinden parran-parran geçiberdi. «Alla, muňa Saňsar baba dogagoý diýdi. Doga-jady bilen meniň bedenimi üýtgeden bolmasa ýagşy» diýip, töweregine ýalt-ýult ediberdi. Göroglynyň mundan susty basyldy, ýene-de oýlandy: «Şu nä hoşamat bir söz aýdyp gowşadaýmasam, meni heläk etjek». Dutary bolsa elinde taýyn. Görogly Hopnyşna bakyp, bäş keleme söz aýdar boldy.
Bu sözüň soňunda Göroglynyň ady geldi. Göroglynyň ady, owazasy ýalança dolan eken. , Hopnyşan: Haw, zaňňar,Görogly diýýäsiň. Sen Göroglyny nirede gördüň?! diýdi. Hopnyşan, sen nirede gezip ýörsüň häli.Biz Görogly diýeniň hut özi bolsak nätjek?! Çardagly Çandybil diyen ýurtda Görogly atly är döräpdir diýip eşidip ýördük. Sen şolmy? Hawa, şonuň özi men, Hopnyşan peri. «Alla, şular ýaly gerçek goç ýigit döräpdir,atarmançylykda, çaparmançylykda, gylyçlaşmakda asla onuň deňi-taýy ýok!» diýip tarypyňy eşidip ýördük. Nähili ýigitkä, nähili adamka, ölmänkäm bir görüp bolmazmyka? diýip, arzuw edip ýördüm. «Yhlasamyrat» diýenleri, adam arzuw etse, görjek eken-ä Diýip, -------------------------------------------------------------------------------- 1 Awan allanyň bolmagy-da ehtimal). Hopnyşan gözüni güldürip goýberdi, Munuň göni güldürenini görüp, Görogly dutary diwara söýäp, Hopnyşana tarap ýüwürdi. Penjireden kellesini çykaryp duran gelniň boýnunyň üstünden dolap alyp, birýan ýaňagyny agzyna saldy. Hopnyşan kellesini sypdyryp aljak bolýar, Görogly onuň boýnunyň üstünden dolap alypdyr, hiç ýazdyranok, şol barmana beýleki ýaňagy-da gaýym geldi, agzyny oňa-da basdy, onýança Hopnyşan özüni dürsäp, iki eli bilen Göroglynyň gursagyndan itip goýberdi welin, Görogly Gülç» ädip dälize degdi. Gahary gelen Hopnyşan: How, zaňňar,aşyk magşugyny görende, eredip,ýumşadyp, ýagşy sözler tapyp «gurgunmysyň, mestmiň» diýip, saglyk-amanlyk soramazmy ahyr? Sen bolsa gazykdan boşan öküz ýaly hasyrdap gelýärsin.Diýidi. Eý, Hopnyşan, biz bir sähraýy türkmen. Seniň edep-ekramyňy nä bileli,tälimiňi nä bileli.Bizden aýyp görme. Men edep-ekramy, tälimi senden öwrenmäge geldim. Öwrenmäge gelen bolsaň, otur, Görogly! Görogly däliziň bu ýanynda, Hopnyşan beýle ýanynda esli wagt gürrüňleşip oturdylar. Bular kyýamatlyk dogan bolmagy wada etdiler. Hopnyşan dogan bolansoň, munuň habaryny almaga başlady. Hany, Görogly, ber habaryny, bu ýerlere nä habarly geldiň? Men habarymy bersem, «Gülruh jan» diýip geldim. Görogly şeýle diýenson, Hopnyşan oýlanyp, başyny aşak salyp oturyberdi. Görogly: Hopnyşan, köp oýlanma, «Bir ýagşylyk, bir ýamailyk unudylmaz» diýenleri; meniň bilen doganlygy berjaý etjek bolsaň, gyzy elime çykaryp ber! Diýip, öz ýumşuny aýtdy. - Alla, Görogly, bu ýumşuň örän agyr ýumuş eken; hyzmatyňy buýurjagyňy bilen bolsam, men seniň bilen kyýamatlyk dogan bolmazdym. Hopnyşan peri, kyýamatlyk doganlygyň puşeýman edýen bolsaň, bu ýanka başlaýaly!., Hopnyşan aýtdy: -- Görogly, sen-ä tüýs bir garadan gaýtmaz ekeniň! Indi näme «Oýunçy utulanyny bilse ýagşy» diýenleri, Men senden utuldym. Bar, atyň, ýaragyň nirede bolsa getir, gyzy çykaryp eliňe bereýin. Görogly daň atmanka, babanyň, howlusyndan atyny, ýaragyny alyp getirdi. Hopnyşan: Görogly, Gülruh jan menden dokuz beter dogagöýdur. Bu saňa diri äkitdirmez diýdi. Maňa diri gerek, ölüsina öwlüýä elteýinmi men? Ýok, ony bihuş edeli diýjek boldum. Gülruhy ýatan ýerinde bihuş edip, çymylgan körpesi bilen götirip, Gyratyň syrtynda, bökderginin üstünde bent etdiler. Hopnyşan huş dermany Geroglynyň eline berip: Ýurduňa barandan soň,Gülruhyň burnuna tutsaň, essine geler, bolmasa dokuz ýylky öli ýaly bolup ýatar diýip tabşyrdy. Görogly derwezä çenli atyny idip, Hopnyşan bilen egnini kaklyşdyryp, gürrüňleşip geldiler. Derwezeden daşary çykyp, Görogly aty sypa ýanap atlandy-da, Hopnyşana garap: Hopnyşan,alla ýaryň, eden hyzmatyňa taňry ýalkasyn! diýdi. Alla, Görogly, adam-adamyny ölmänkä, ýene bir görüp bolmazmyka? diýip, gözüni ýumdy, gözünden ýaş paýrap gitdi. Görogly: . Hopnyşan, sen hapa bolma, men seniň hizmatyň-da elmydama tapylaryn! diýip, Hopnyşana garap, sazyny goluna alyp, bäş keleme söz aýdar boldy.
Görogly bu sözi aýdyp, allaýarlaşyp, atyny sürüp ötägitdi. Indi habary kimden al? Hopnyşandan al! Hopnyşan Göroglynyň yzyndan gözläp galdy. Görogly öz-özüne: «Zaňňar Görogly, tilkiniň muňde bir sapalagy bar, iň ýagşysygörünmezlik, Sen yzynňan ýygyn ýetirip, goşun ýetirip, nämäň azary. Uruş edip, galmagal edip näme işiň! Dogrulap sürübereýin-le» diýip, atyny sürüp gidiberdi. Şol gidişine birnäçe gün ýol ýöredi. Niçe dag, niçe derýadan aşdy. Bir gün säher mahaly Görogly dag üstünden barýady, Ol şol barşyna: «Alla, bu gyzdan habar alman sürüp barýan-ow» diýip oýlandy. Gyratyň ylgawyna köppäniň bir ýan burçy Gülruhuň agzyna dykylyp, hopugyp ölen bolsa, ölini ýükläp eltsem, niçik bolar? Mundan bir habar alaýyn-la» diýip, gaňrylyp syrtyna gözledi. Gözlese, Gyratyň ylgawyna körpe gyzyň ýüzünden serpilip aýrylypdyr. Ozal-da nurana gyz, gijänin. çygly şemaly Gülruhuň ýüzüne degipdir. Gany duran ýerinde doňupdyr. Agy-ak, gyzyly-gyzyl, menek-menek, tegmil-tegmil, hal-hal. Alkymynyň, aşagy pereňi kagyz kimin, gabaklary çil-çil bolup ýatyr, Örümden galan bir puşda saç maňlaýyndan aşak düşüpdir. Ak ýüzün üstüne gara zulp düşensoň, örän ýakymly göründi. Gyzyň bu halda ýatyşyny gören Göroglynyň göwni göterildi: Pah, bu gyzyň başyna Gyrat sadaga bolsun! Gülşirin siňlim, o-da sadaka bolsun! Bar, Agaýunusam öz jaýyna gitsin! Öweze bolsa tapylmyýamy osmanlynyň bir sirkelisi?! Özüme gaýym ýaly-la bu...diýip, gyzyň zülpüni taryp edip, bäş keleme söz aý-dar boldy:
Sözünin şu ýerine etende «Ýa men özüm alsammy-kam...» diýende «Dek!» diýen söz ýaňlanyp gitdi, Ol şol, ýerde saklandy-da, gewnüne getirdi: «Men bu gyzy oglum Öweze niýetläp alyp barýan. Bu bozuk niýetim näme, pälimden gaýdaweräýin» diýip, toba etdi: Bu sözi aýdyp, pälinden gaýdyp, niýetini dogra tutup, Görogly atyny sürüp gidiberdi. Görogly Çandybile bir günlük ýol galanda, Saňsar babanyň göçüniň yzyndan ýetdi. Saglyk-amanlyk soraşansoň, Saňsar baba: Oglum, amanadyň eliňe gowşupdyr,gözüň aýdyň! diýdi. Gowuşdy, baba! Men Serçemene bararyn. Sen Çandybile bar!Kyrk ýigide,Öwez jana, Agaýunusa söýünjile! Agaýunus elmaýa kejebe gurap, Serçemene gelsin! Gülruh jany toýuň üstüne adam şekilli edip eltmeli! Bu habary eşidensoň, baba düýeleriň burunlygyny üzere getiriberdi. Ol Çandybile gelip, Öwezin ýanyna ýüwürdi. Haw, Öwez jan söýunji-ha, söýünji! Ataň saňa Gülruh jany äkelipdir, söýünji! Baba Öwez jana söýünjiläp, mundan serpaý geýdi, 'Agaýunusa söýünjiläp, mundanam alyp bilenini aldy, kyrk ýigide söýünjiläp, bulardan-da alyp bilenini aldy. Garaz, bu gyz baba haýyr berdi-dä. Baba Agaýunusa: Görogly: «Agaýunus elmaýa kejebe gurap, Serçemene gelsin!» diýip aýtdy diýeninden soň, Agaýunyysyň wagty hoş bolup, elmaýa kejebe gurap, Öweziň deňduşlary bilen Serçemene geldi.Görogly hopnyşanyň beren dermanyny Agaýunusyň eline berip: Agaýunus, howzuň boýunda Gülruh jan ýatandyr.Bar, şu dermany burnuna tut, essine gelsin! diýdi. Agaýunus Gülruhuň başujuna gelip, dermany burnuna tutup oturdy. Gülruh jan üç öwrä asgyryp essine gelip, gözüni açyp, töweregine gözledi. Yzyndam aýaklaryny-ellerini gerneşdirip, soňra gernip, ýatan ýerinden elini serip gygyryberdi. Hopnyşan, bu ýana şerap gönder! Gulruh hemişe şeýdip gygyrýan eken. Hopnyşan bolsa eltip, agzyna tutýan eken. Ýok, hemişe bir gygyranda gelýän Hopnyşan gelmedi. Ogrynça gözuni açyp gözledi. Görse, başujunda oturan başga bir perizat. Agaýunus: Gülruh jan, gyz halky, gelin halky gaýyn atasynyň, gaýyn enesiniň ýanynda geplemezek bolýandyr.Bu yerde saňa şerap kaýda, zat kaýda, howlukma, hemme zat ýerbe-ýer bolar diýdi. Bir ýakymsyz owaz Gülruhuň gulagyna degip, ýalpa gözüni açdy. Esewan etse, ýatan ýeri çarbag, howzuň boýy, sypanyň üsti. «Düýşüm bolsa ýagşy...» diýip, gözüni ýumaýdy. Seretse, oýa ýatyr, gyz turup aglaberdi. Agaýunus: . Gülruh jan, aglama, hudaýtagalanyň ýazan takdyryna boýun bolan ýagşydyr. Ýyglamak aýyp bolar! Diýidi. Soňra gyz ýüwrüp, çadyrdan çykdy. Çadyrdan çykanda, çöpde san bar, Göroglynyň adamlarynda san ýok. Gyz çadyra girip, bir gurra taşlady. Gurrasynda Görogly begiň Gülruhy köp azaplar, mähnetler bilen alyp geleni aýan boldy. Gülruh: Nä ýer diýerler, bu ýerlere? diýip sorady, Bu ýere Çardagly Çandybil diýerler. Elhepus, heniz düýn-öňňin dälmidi, menin ýatanym? diýip, geňirgendi. Şol wagt Gülruhuň gözn atyna ot-iým berip ýören Görogla düşdi. Ol: Şol atyň töwereginde gezip ýören ýigidiň ýaman 'Tüýsi bozuk eken. Meni bir adam getiren bolsa, şol Getirendir diýdi. Hawa, seni şol getirdi. O ýigide kim diýýäler?! Oňa Görogly beg diýýäler. Şony çagyr, bäri gelsin! Agaýunus aňyrrak baryp elini salgady. Görogly ' Ylgap geldi. Gülruh: Görogly diýýänleri senmi?! diýdi. Hawa, men. Meni äkelenem senmi?! Hawa, men. Meni näme iş etjek bolup getirdiň?! Saklap çory etjekmi, satyp pulumy aljakmy, ýa özüň aljakmy, ýa-da başga birine berjekmi?! Gülruh jan, Öwez diýen ýigidim bar, seni şoňa berjek bolup getirdim! Görogly beg, Öwez diýeniň-ä bir hoşamat eşidip ýören adam. Men bir salpaýak ýigidin, ýary däldirin. Edermen, çaparman goç ýigidiň ýrydyryn! Gülruh jan! Öwez diýen oglum bar, Mirkm, Gammar diýen ýigitlerim bar.Ondan başga Sapar Köse başlyklaýyn kyrk ýigidim bar. Dünýädir, seniň göwnüňdir, asla seniň gabagyňy çytdyrman, seni halanyňa bererin. Sen bir entek kejebä münüp, gala bar! Gülruh Görogla: Görogly, meni berjek ýigidiňi alnymdan bir hatar ötür, göwnüme ýaksabararyn, ýakmasaýene il-ilatyma aşaryn! diýdi. Görogly Gülruhy kejebä mündürip, Agaýunusa başyny itdirip, gala garşy at gamçylap gaýtdy. Bärden barşyna: Haw, Köse, bizia emgegimiz haýp bolaýjak ýaly! diýdi. O niçik, Görogly?! O gyz-a hiç kimi halanok. . Nätjek halamasa?! Köse, Gulruh janyň garşysyna gidip bolmaz, ony halanyna bermeli bolarys-da. Kyrk ýigidiň göwni bölünip «Şaýlanaly!» diýip, bazera eňdiler. Haw, don satan, şol ýüpek donuň.bahasyny aýt derrew?! Iki bahasyny aýdaýsa-da alýalar, telpek bolsun, ädik-guşak bolsun iki esse bahasyna ur-tut alýalar. Ýigitler satyn alan zatlaryny geýnip, şaýlanmaga durdular. Hajy Sumsar ýaly galjanragy çiş telpeginiň kä maňlaýyny, kä gapdalyny epleýä, ýoldaşyn-dan: Haw, dost, haýsysy ýagşy gelişýä? diýip soraýa. Seýtek Gyrma ýaly sakgaly köpräkleri sakgalyny gatyk bilen ýuwup, darap-darap goýberdi. Weli Hyrtman ýaly boýy kelteräkleri ökjesi belendräk ädigi geýip: Bizia boýumyzam birneme parh etdi-how! diýip begenýä. Sapar Köse bir gyzyl dony egnine geýip, çuri telpegi başyna atyp, bilini dartyp guşap, «Daşdan ýyldyraňrak görneýin» diýip, ýüzi-gözüne ýag sürtüş-dirip: Ilki bilen men geçjek! diýip, urdy Bozdumana gamçyny. Gelip kejebänin öňünden geçip barýar. Häli «Bäri gel!» diýip aýdar, şindi «Bäri gel!» diýip ýaýdýar, asyl ony indän adam bolmady. Gülruhuň öňünden kyrk ýigndi hem geçdi, Emma Gülruh hiç haýsysyny hem halamady. Bulardan soň Görogly Öwez jany esbaby altyn-kümüş, lagly-jowahyrdan bezelen ata mündürip, käkillerine şana urup, ýüzi-gözüne perdoz berip, kemini goýman, ýene bir topar ýigidi saýlap, olary hem bile goşup ugratdy. Görogly at gamçylap, ýene kejebänin ýanyna gaýtdy. Bir salymdan Gülruhuň gözi Öweze düşdi. Gyz kejebäniň gapdalyny göterip: Haw, Görogly beg, şol topar atlynyň içinden gelýän ýigit adamzatmy, ýa bir jyn-arwahmy, ýa meniň gözüme görünýärmi? diýip sorady. Gülruh jan, şol ýigit meniň Öwez jan diýen ýigidim. Öwez jan diyen ýigidiň şol ýigit bolsa, men şoňa barmaga razy. Gülruh jan Öwezi saýlansoň,Görogly muna hoş boldy. Bol-bol, Görogly bol! Ilaty-da öňünden çykdy. Göroglynyň wagty hoş bolup, ilatyna garap, bäş ke-leme söz aýdar boldy.
Görogly bu sözi aýdyp, galasyna gelip, Öwez jana toý tutup, on gije-gündizläp, nan diýene nan, teňňe diýene teňňe, serpaý diýene serpaý berdi, at çapdyryp, altyn gabak atdyryp, toý-tomaşa berdi. Habary kimden al? Köseden al! Köse toýda aýlanyp gezip ýörşüne: «O ýana baryp iýdik kyrk gamçyny, bu ýana gelip iýdik kyrk gamçyny. Gyzy alarmykak diýip, nesýe-ýaryma don-telpek aldyk, o-da bolmady. Şol don-telpegiň bahasyny üzer ýaly, Göroglyny aldap, nika puluny alyp bolmazmy-ka?diýip, içini gepletdi. Toý sowlansoň, Görogly : Köse, bir ýana atlansaň bolmaýamy?! diýdi. Nire atlanaýyn? Bir molla tapyp, bulara nika gyýyp goýber ahyry! Aý, Görogly, her wagt-her wagt bular ýaly masgara bolup, öz aýybyňy özüň açaýmaňam bar-da seniň! O niçik, Köse?! Haw, Görogly,«Göroglynyň, kyrk ýigidi bar,kyrk ýigidiniň içinde tagta başyny tutup, nika gyýyp bilýäni ýok eken» diýip, ilatyň masgara etmezmi? Köse, her wagtrak şeýle akyl beräýmäňem bar-ow seniň! Eýse, haýsyň nika gyýyp bilýäsiň? Görogly, men ýedi ýaşymdakam, atam elimden tutup molla berdi. Ýedi ýyl mekdepde okadym. Öwrenenim-okanym nikadyr. Sapagyň nirä barypdy, Köse? «Ebjetden» geçip, «Höwweden» çykypdym. Sag tarapymda bilinmän ýören tüýs ahun-a sen ekenin! Eýse, nika gyýaweri! Ýör, Öwez! diýip, Öwezin elinden tutup, haremhana gitdi. Baryp Gülruh bilen ikisini elleşdirdi. Gülruh jan, Öweze özüňi bagyş etdiňmi?! Etdim. Öwez jan senem aldynmy?! Her haýsyna üç mertebe aýtdyryp, «Byzaw geçdi, tyzaw geçdi, bissimylla allahy ekber! Nikanyň ketde-si, ine, şudur» diýip, Köse dönüp gaýdyberdi. Gülruh onuň yzyndan gygyrdy: Mährem ata, Görogly meniň ýanyma bir gelip gitsin! Köse Göroglynyň ýanyna geldi. Köse, nika gyýdyňmy? Ikisi biri-birinden ölinçä aýrylmaz ýaly nika gyýdym. Köse, seniň nika aklygyň näme bolar indi?! Görogly, mollalardan, kazylardan bäş ýüz tumen tylla bolar diýip eşidýärdim. Görogly: Gülruh seniň gyzyňmydy? diýdi. Görogly, hakyna garasaň-a şol bäş ýüz tümen tyllamyşyn. Ondan buýanyny «öt-geç» diýip razylaşsaň, ýagşy bolar. Emma gyza-pyza ýetiberme! Eýse, Köse, saňa iki dokuz tylla bereýin, iki howut bereýin, iki kirbenke çaý bereýin. Rast päkize don hem edeýin. Beýlesini mana öteweri! Alla, Görogly, maňa birneme jebirräg-ä bolýa. näme-de bolsa, galanyny öteýin. Ýene birinde sylarsyň-da! Garaz, Görogly Kösäni razy etdi. Haw, Görogly, saňa Gülruh bir gelip gitsin diýip aýtdy. Ýa- Ýagşy diýip, Görogly gerek bolar diýip,dutarynam alyp ugrady. Görogly işigiň agzyndan geldi; seretse işik 'ýapyk. Ol işigiň agzynda durup gygyrdy. Haý, Gulruh jan, maňa näme hyzmatyň bar?! Gülruh yrgyp ýerinden turup, işigi açyp: «Gelewe-ri, Görogly aga!» diýip, çaý-çilim berdi. Hany, Gülruh jan, maňa näme hyzmatyň bar, aýdyp otur! Görogly aga, saňa hyzmatym, meni enem-atam hemişe goýnunda-goltugynda saklamazdy. Iru-giç birine bererdi, Öwezden gowy ýara bermezdi. Men maksadyma ýetdim. Sen hem maksadyňa et! Meniň üç ýüz altmyş çarbagym bardy, üç ýüz altmyş çorym bardy. Hopnyşan diýen dogagöý, jadygöý, aýýar endem bardy. Şolaryn arasyndan meni neneň edip alyp çykdyň?! Ýa hemmesini gyryp, yzymdan gan akdyryp alyp gaýtdyňmy? Gülruh jan, sen yzyňdan gaýgysyz bolaý! Seni hamyrdan gyl sogran ýaly edip alyp gaýdandyryn. Ne bagyň duýandyr, ne-de bagbanyň diýip, bir söz aýtdy:
Bu sözi aýdan soň, Gülruh: Berekella, Görogly aga, men yzymdan arkaýyn boldum. Bar, saňa rugsat! diýdi. : Görogly gaýdansoň, Öwez bilen Gülruh galyberdi. Görogly-da haremhanasynda Agaýunus bilen boluber-di. Ýagşy ýetsin myrada, ýaman galsyn uýada, o-da galyp näme boljak, hemme ýetsin myrada! |