DÖWLETMÄMMET AZADY.
ABDYLLA ŞABENDE.
MÄMMETWELI  KEMINE (1770-1840)
MOLLANEPES (1810 - 1862)
MAGTYMGULY
MAHMYT – GAÝYBY.
SEÝITNAZAR-SEÝDI. (1775-1836)
ANNAGYLYÇ - MÄTÄJI (1822-1884)
NURMUHAMMET ANDALYP (1710-1770).
ŞEÝDAÝY /1730-1790 /1800/
GURBANDURDY - ZELILI (1780 - 1846)

MOLLANEPES (1810 - 1862)

Mollanepes ajaýyp söz ussady hökmünds XIX asyr.türkmen klassyky edebiýatynyň iň görnükli wekilleriniň biridir. Mollanepes 1810-nji ýylda Saragtda molla Kadyrberdi diýen adamyň maşgalasynda eneden bolýar.

Mollanepes agzybir maşgalada terbiýe alýar. Ol oba mekdebinde we Mary medresesinde okaýar. Soňra Buharadaky medreselerde okap, bilimini artdyrýar. Mollanspes örän zehinli bolýar. Ol halk döredijiligini, Gündogaryň görnükli wekilleriniň, eserlerini öwrenipdir.

Mollanspes Bossantäç diýen gyza öýlenýär. Ondan iki ogul bolýar. Şahyr olaryň ylymly adamlar bolmaklary üçin uly alada edýär. 1860-1861-nji ýylda Hemze Mürze tarapyndan ýolbaşçylyk edilen Eýran şasynyň goşunlary Marynyň üstüne dökülende, Mollanspes hem olara garşy bolan söweşlere gatnaşýar. Şol söweşleriň birinde agyr ýaralanýar we 1862-nji ýylda aradan çykýar.

Mollanepes edebiýata, onuň görnükli wekillerine dogry baha berip bilen şahyr bolýar. Ol Keminäniň "Zülpüň"diýen goşgusyny okap: "Molla Kemine zülpi taryplamaga söz goýmandyr" diýipdir.

Beýik Magtymgulynyň adyny "gökleň şiri" diýip tutýar.

Hoş gal, gekleç şiri-molla Pyragy,

Size sary rowan bolandyr köňlüm.

 MOLLANEPESIŇ LIRIKASY

Mollanspes edebi işine ýaş wagtynda başlapdyr. Şahyr birtopar liriki goşgulary bilen özüni halk içinde uly ussat hökmünde tanadypdyr.

Mollanepesiň lirpkasy tematika taýdan dürli-dürlidir.Olaryň arasyndan ideýa, çeperçilik taýdan has tapawutlanýan şygyrlar: söýgi, öwüt-nesihat we il-ýurdy söýmeklige bagyşlanan şygyrlardyr.

Söýgi, ahlak temasy.

Mollanepes şahyry ýöne ýere "yşk mülküniň şasy" hasaplamaýarlar. Onuň söýgi baradaky goşgulary bogulan çemeni ýatladýar.

Şahyr durmuşyň özeni-söýgi diýip düşünýär we real, dünýewi söýgini öňe sürýär. Mollanepes bu temada "Bäri gel", Haýrana galar","Kakar","Nazar kylsa dişleriňe" "Söwdügim","0wadan gelin", "Istäp ki gözel ýary" ýaly ajaýyp şygyrlary döredipdir.

Mollanepes bu şygyrlarynda gelin-gyzlaryň owadanlyklaryny obrazly sözler bilen taryplapdyr:

Balyk ýüze bilmez.suwa girende,

Guş pessaýlap düşer ýüzüň görende...

ýa-da

Dür derýadan çyka bilmez,

Nazar kylsa dişleriňe.

Mollanepesiň aýdyşyk-dialog şekilinde düzülen "Istäp ki gözel ýary" diýen ajaýyp eseri söýgi temasyna degişli eserleriň arasynda özüniň şow-hunlylygy, formasynyň hem aýratynlygy bilen tapawutlanýar. Şahyryň bu eserinde ýigidiň öz söýýän gyzy bilen duşuşygy, özara gürrüňleri we gyzyň gözelligi.wasp edilýer:

 Istäp ki gözel ýary, gördümki, salamatdyr.

Baş goýdum aýakynda, "Tur - diýdi - "ne halatdyr.

Turdum, diýdim, "Arzym bar"- Arz eýle, adalatdyr!".

Söýgüli gyzyň owadanlygyny wasp edende,  Mollanepes ony dünýä zatlarynyň hemmesinden ýokary goýýar

Bag içine ýar sallanyp girende,

Bilbiller saýramaz, haýrana galar.

Mollanepesiň dörsdijiliginde süýgi lirikesy merkezi orunda durýar. Şahyryň şu tema boýunça döreden şygyrlary belent hyjuwlylygy, mukamlylygy we durmuşy söýüjiligi tarapdan belent derejede durýar.

Öwüt - nesihat temasy.

Mollanepesiň ajaýyp liriki şygyrlarynyň arasynda onuň ahlaky şygyrlary görnükli orun tutýar. Bu goşgularynda şahyr adamlarda, esasan, agzybirlik, hüşgärlik, dostluk duýgularynyň ösmegine ýardam edipdir.

Öwüt- nesihat baradaky şygyrlaryndan şahyryň "Ner gezgin", "Aňsa" goşgularynyň atlaryny tutmak bolar.

"Ner gözgin" goşgusy halk arasynda iň bir söýlüp okalýan şygyrlaryň biridir. Goşgynyň ilkinji setirlerinde:

Köňlüm, saňa nesihat: gezseň. serbe-ser gezgin" - diýmek bilen her bir adamda ar-namyslylyk, mertlik duýgularynyň bolmalydygyny nesihat beripdir. Şahyr bu goşgusynda halky agzala bolmazlyga, uruşmazlyga we dostlukda ýaşamaga çagyrýar:

Iki adam uruşsa, öter ýaly ýol berme,

Birisine gep berip, ol birine al berme!

Adamlara mert bolmaklygy, her bir bolar-bolmazyň öňünde boýun egmezligi nesihat berýär:

Nepes, hiç bir kem durma, deňi-duşy, dost-ýardan,

Pul tapmasaň göterme, näkes bilen süýthordan,

Her dilende, gam basar, köňlüň dolar gubardan,

Kyrk ýyl maýa gezinçäň, bütin bir ýyl ner gezgin".

Mollanepes "Aňsa" şygrynda özniň, gözýetiminiň giňligini, ýiti synçydygyny, ynsanyň gylyk-häsiýetini haýwana, ynsana öz ýaşan ýeriniň hemme zatdan gowudngyny berip bilipdir:

Jereniň balasyň baksaň, bejerseň,

Suw ýerine şeker-şerbetler berseň,

Höregne gül berip, bir güni görseň:

Watandan el götär, "çöl" sesin aňsa"

Şahyr süýthorlary, il derdine ýaramaýan bigaýratlary, bahyl baýlary özüniň ýiti sözleri bilen gülki astyna alypdyr:

Bedasylyň köňli açylar, "şer" diýseň,

Hergiz gitmez il derdine "ýör" diýseň,

Bahyllaryň jany çykar "ber" diýseň,

Täzeden jan geler, "al" sesin aňsa.

"Aňsa" goşgusy şahyryň has çeper eserleriniň biri hasaplanýar.

"ZÖHRE -- TAHYR" DESSANY

Mollanepes liriki şygyrlarynyň daşyndan halk rowaýatlarynyň esasynda ýazylan meşhur "Zöhrs—Tahyr" dessanynyň hem awtorydyr. "Zöhre—Tahyr" sýužeti halk ertekisi esasynda-dyr.Dessanyň gürruňi halk içinde Mollanspesden öň hem aýdylýan eken.

"Zöhre—Tahyryň" erteki warianty türki dilde gepleýän ähli halklarda bar. Ýöne dessan görnüşinde Mollanepesiňki ýaly hiç bir şahyr işlemändir ( özbek şahyry Saýýadyň "Tahyr we Zuhra" ady bilen poemasy bar). Şahyr bu dessany türkmen durmuşyna mahsus aýratynlyklar bilen ýazypdyr.

Mollanepesiň dessany hem kyssa bilen şygryň gatnaşygy esasynda ýazmlyldyr. Dessan gozgaýan messleleri we çeper formasy  bilen şöhrat gazanan eserleriň biridir.

Dessan söýgi temasy esasynda ýazylan, sotsial-deňsizlige we adalatsyzlyga garşy gönükdirilendir. Halkyň azat söýgi, erkin durmuş gurmak ugrundaky arzuw-niýetlerini görkezýär.

DESSANYŇ OBRAZLARY Tahyryň obrazy.

Tahyr dessanyň položitel gahrymany bolup, ol XIX asyrda ýaşan, öz söýgülisine wepaly, tutanýerli, mert ýigitleriň tipidir.

Tahyr ýaşlykdan Zöhräni söýýär. Ýöne Babahan patyşa Zöhräni bermek ähdinden dänýär. Tahyr   arkadaýanjynyň ýokdugyna  göz ýetirenden soň, bu meselede mert durmagy kasam edýär. Tahyr sözüniň

üstünde pugta durýar. Ol Zöhre zerarly ýurtdan çykarylyp, agyr horluklara sezewar edilýär. Babahanyň jellatlarynyň elindäkä hem müzzermeýär. Ol:

Men bir aşyk-mestana men,

Gorkmanam jellat daryndan –

diýip, gazaply şaha ýalbarmaýar. Onuň şer işlerini ýüzüne aýtmak-dan gorkmaýar:

Bende gul sen, "Şa men" diýip gezer sen,

Atam bilen kylgan ähdiň bozar sen,

Haýyr bolgan işi şere ýazar sen,

Alladan gorkaram, senden gorkmanam!

Mollanepes Tahyry Mahym bilen baglanyşkly etmek bilen. onuň bir sözlüligini, öz söýgülisniň wepalydygyny subut etmekçi bolýar. Tahyrdaky adamkärçiligiň oňat sypatlary oňa okyjynyň duýgudaşlyk etmegine sebäp bolýar:

Zöhräniň obrazy.

Zöhre öz söýgülisine wepaly, adalatsyzlyklara garşy durup bilýän mert gyzlaryň tipidir. Awtor Zöhräniň obrazynyň üsti bilen döwrüň adalatsyzlyklaryna garşylyk görkezmek, erkin söýgi barada pikirleri öňe sürmek ýaly ideýallary amala aşyrýar.

Zöhre öz söýgüsine wepaly bolmakda şanyň gazabyndan çekinmeýär. Hiç bir güýç, baýlyk ony özüne tabyn edip bilmeýär. Zöhre binamyslygy, gorkaklygy adamynyň iň ýigrenji sypatlary hatarynda näletleýär. Zöhre kakasy Babahanyň elinden dat edýär, ýöne hiç haçan ýalbarmaýar.

Ol öz kakasynyň sütemkärdigini şeýle beýan edýär:

...Günde ýüz zulum bar mazlum başynda,

Barçalara ganly jaýdyr bu jaýlar.

Zöhrs erkin durmuş,  azat söýgi,  adamkärçilik hukuklary ugrunda göreşen gyzlaryň esasy häsiýetlerini özünde jsmleýän gyz dyr.

Mahym, Adyl şa, Mollanepesiň öz obrazy.

Mahym Mollanepese Tahyryň Zöhrä wepalydygyny görkezmek üçin gerek bolupdyr. Şonuň üçin awtor ony Zöhreden-de owadan. Tahyr üçin her-hili jebir-sütemlere dözýän, baýlyga, beglige kowalaşmaýan gyzyň sypatynda suratlandyrýar. 

Mahym Tahyryň didaryny görüp, oňa aşyk bolýar. Emma Tahyr ony kabul etmeýär. Awtor Mahymy Tahyra päk söýgi bilen baglaýar. Mahymyň özüni alyp barşy Tahyra-da täsir etmän durmaýar. Ol-da:

Tahyr diýr, dönmen senden;

Sen hem el göterme menden...

diýip, Mahymy özüne baglaýar.

Adyl şa Babahanyň garşysyna goýlup, awtoryň ideýasyny ýüze çykarýan obrazdyr. Bu romantik obraz bilen şahyr han-begleri adalatly rehimdar bolmaga çagyrýar.

Mahymy, Adyl şany belli bir derejede Zöhräniň halyna perwaýsyz garaman adamlar derejesinde awtor görkezip bilipdir.

Mollapepes eseriň başynda Zöhräniň we Tahyryň terbiýeçisi hökmünde wakalara gatnaşyp başlaýar we olaryň söýgüleriniň goragçysy hökmünde çykyş edýär.

Awtor eseriň başynda bu eseri haçan we nirede ýazandygyny, özüniň adyny, kimlerdendigini, näme kär bilen meşgullanandygyny beýan edýär.

"Zöhräni... Mollanepesiň aýaly Bossantäje terbiýelemäge berdiler" diýen setirlerinde bolsa şahyryň aýalynyň Bossantäçdigi aýdylýar. Mollanepesiň we Bossantäjiň obrazy adalatyň tarapynda DURUP, adalatsyzlyklara garşy çykýarlar.

Dessandaky otritsatel tipler.

Dessandaky otritsatel tipler: Babahan patyşanyň we Gara batyryň obrazlary degişlidir.

Babahan zalym şalaryň tipidir. Ol Tahyr bilen wada kylsalar-da, gyzy bolandan soň, ähdinden dönýär. Tahyryň hojalygy garyplaşýar. Babahan gyzyny özüniň ýakyny feodal Gara batyra bermekçi bolýar. Zöhre Gara batyra barmajakdygyny aýdýar. Ýene patyşa gyzyny diňlemeýär.

Awtor patyşany adalatsyz işleri üçin ýazgarýar. Ýurduň, halkyň aladasyny etmän, özüniň şöhraty, baýlygy ugrunda ilata sütem berýändigi üçin näletleýär. Ahyrda bolsa, adalatsyz şany adalatyň öňünde güýç bilen dyza çökerýär.

Garabatyr zähmetkeş halkyň ganym duşmanlarynyň tipidir. Onuň "batyr" lakamyndan "çomak" lakamy halk arasynda has ýörgünlidir. Gara, awtoryň belleýşi ýaly, batyr däl-de, onüň suratlandyrylyşy ýaly gorkak, onda-da binamys gorkaklaryň biri.

Onuň gorkaklygy adalatyň öňünde ejizligini alamatlandyrýar. Ol söýşen ýürekleriň arasyna düşýär. Özüniň baýlygyny, şöhratyny artdyrmak üçin, Zöhräniň razylygyna, närazylygyna garamazdan, ony özüne aýal edinmek isleýär. Gara çomak şu maksadyna ýetmek üçin her hili jenaýata baş goşmaga taýýar.

Gara çomak uly baý, patyşanyň garyndaşy we goşun serkerdesi.Babahan halkyň özünden nägiledişni bilýär. Bu ýagdaýda goşun başlygynyň ynamly adam bolmalydygyna düşünýär we Zöhräni Gara çomaga bermek isleýär. Adalat hemmelerden we gara güýçlerden üstün çykýar.

Eserde Moýsepit we Kamarylzamanyň obrazlary.

Moýsepit, Kamarylzaman we olaryň nökerleri dessanda "garakçy" diýip atlandyrylýar. Emma olaryň hereketi bu termine asla gabat gelmeýär.

Olar Babahan ýaly sütemkärleriň zulumyna çydap bilmän, ata çykan adamlardyr. Bular XIX asyr türkmen jemyýetindäki adalatsyzlyklara garşy baş göteren ýigitleriň ti-pidir. Moýsepidiň ýolbaşçylygynda ýaraglanan agyr goşun emele gelýär.

Moýsepit we Kamarylzaman söýşen ýürekleriň howandary hökmünde çykyş edýärler. Bu obrazlaryň döreýşi belli derejede "Görogly" eposy bilen baglanyşyklydyr. Bular Tahyry goldap, patyşanyň üstüne dökülýärler we Babahany ýesir alýarlar.

Dessanyň kompozitsiýasy, dili, çeperçiligi.

Mollanepes bu dessana özüniň bütin döredijilik ylhamyny siňdiripdir. Dessandaky esasy ideýanyň halka düşnükli, ýeňil okalýan formada berilmegini gazanypdyr. Şahyr sözlemleriň gysga, anyk we ýiti many bermegine üns beripdir.

Dessanda çeperçilik serişdeleri aýratyn ussatlyk bilen ulanylypdyr. Mollanepes ulaltmany hem pikiri täsirli bermegiň serişdesi hökmünde peýdalanýar. Muny Gülragnanyň saçynyň waspyny edende giňden ulanýar.

Dessanda janlandyrma, ritoriki ýüzlenme ulanylypdyr (Tahyryň daga ýüzlenip aýdýan sözleri).

Dessanda ulanylýan şygyr, esasan, gazal, dörtleme, bäşlemedir."Zöhre-Tahyr" dessany boýunça Bazar Amanow bilen şahyr Hojanepes Çaryýew sazly drama spektaklyny döretdiler. Bu spektaklyň premýerasy 1939-nji ýylda bolýar.

1941-nji ýylda "Zöhre-Tahyr" operasynyň premýsrasy bolýar.Onuň librettosyny artist Alty Garlyýew ýazýar.

Mollanepes bagşylaryň repertuarynda.

Mollanepes halkyň kalbynda indi bir ýarym asyr bäri ýaşap gelýär. Şahyryň goşgularyna we dessandaky gahrymanlaryň sözlerine aýdymlar döredildi. "Ýanyp men ataşlaryňa", "Gözleriň", "Oýanmadyň", "Daglar" goşgulary bagşylaryň repertuarynyň bezegidir.

Mollanepesiň  döredijiligini öwrenmek üçin Magtymguly adyndaky Dil we edebiýat instituty tarapyndan ekspeditsiýa guraldy, köp ylmy işler alnyp baryldy, ylmy monografiýalar taýýarlanyp, kitaplar çykaryldy.

Mollanepesiň liriki goşgulary we "Zöhre-Tahyr" dessany öwran-öwran çap edilip çykyryldy. Mollanepesiniň eserleri dürli dillere terjime edildi. Şahyryň portretini belli suratçy Aýhan Hajyýew çekdi.

Mollanepes özüniň bina eden dürdäne setirleriniň halkyň dilinde ýaşajakdygyna ynanypdyr:

Çyn gülem, galmanam solup,

Ismim ýörär, gitsem ölüp.

Mollanepes türkmen klassyky edebiýatynda söýgi lirikasynyň öňüne geçilmedik ussadydyr.