BULUTLAÑ GÖÇI


Bulutlañ baky göçi

Tutup barýar asmany.

Gök ýüzünde başgaça,

Ýerde bar başga many.


Inip gökden ýere men,

Ýitirdim bu ymmaty.

Ömrüm berdim ýele men,

Bilmedim ne gymmaty.


Kötel ýola boldum duş,

Ne emel, ne emrim bar.

Iki dünýe garşydaş

Hem ýekeje ömrüm bar.


Ýalbarmadym näkese,

Kysmatyma boýun men.

Minnetli meýli käse –

Öwgüni nädeýin men?


Her ädimim täleýim,

Zehinim: şöhrat-şanym.

Men nökeri däleýem

Hiç bir hanyñ, hiç şanyñ!


Serhilem men, saýawan

Depämde gök gümmezi.

Il-gün bilen deñ aýan

Tañryñ ýagty günleri.


Dünýe kapas kim üçin.

Alsañ, erk hem bar eken.

Bu dünýe erkin üçin

Ne giñ, ne-de dar eken!