DERÝA


Derýa owsun atýar,

Çyrpynýar derýa!

Urunýar ikiýan köýen dek ary.

Oñ akmaly ugrun ýat beklän birçak,

Gabsap ýatyr ony goşa kenary!


Gaýnap,

Köpürjikläp,

Çägiñ ýok ýerne –

Kenarlañ ýok ýerne akyp barýar ol.

Gök deñizi gök asmana meñzedip,

Gamçylap, suw atyn çapyp barýar ol!


Barýar dönmek üçin gara buluda,

Barýar öz işine ökünmek üçin.

Gögi gözi bilen görüp, ýañadan

Aglap, Arşdan Ýere dökülmek üçin.


Tolgunýar,

Towlanýar,

Tapanok alaç,

Ýanyp, ejizligne bagryn dildirýär.

...Ýerde goýberenok ony kenary,

Ýokarda ol erkin ýele aldyrýar.