DOGDUK DIÝAR


Ençe ýyllap aýra düşdüm,

Bu gün meñ nesibäm çekdi.

Dogduk Diýar, seniñ keşbiñ

Höwesim gündiz görmekdi.


Emma welin, ilki munda

Ýada salyp gara aty,

Obañ edil alkymynda

Çykdy öñümden garañky!


Jaýlañ depesinden bakan

Aý ýatladýar sary ýagy.

Üstüne gijelik çöken,

Obam edil güman ýaly.


Tukat ýatyr ýörelen ýol,

Aýagyzym öçüripdir.

Aý şöhlesi agaçlary

Diwarlara göçüripdir.


Ýetişen günebakarlar

Görüp buýra saçlarymy,

Göýä utanjañ uýalar,

Egdi ýere başlaryny.


Gursagymda gaýgy-gam bar,

Ýetilmedik sepgit öñde.

Haýpyñ geler seniñ, meger,

Saçlarmyñ agyn göreñde.


Aýra düşüp çekdim zaryñ,

Sensiz dünýe – gury owaz.

Maña eziz señ didaryñ,

Maña seniñ bar paslyñ – ýaz!


Adyñ senadyr dilimde,

Nädeýin men tylla tagty,

Nesip etse öz ilimde

Uzak-uzak ýollañ bagty!