GARRY WE TÄZE AÝ Aý dogdy. Bu älem umytdan doldy. Garry täze Aýy ýüzüne syldy. Ençe ýyl husnunyñ gedaýy bolan, Bu gün gürrüñ etdi Hudaýy bilen: Hakgaý-hakgaý telim baý, Ýagşylyga elim baý. Ýeneki köp aýlara Özüñ ýetir-dä, Hudaý! Aýlar geçer göreris, Ýyllar geçer göreris. Ýogam bolsañ, ýoluña Ýene janly bereris. Ýere düşme, eý Tañrym, Otur mydam belentde. Düşseñ, senem adamlañ Biri borsuñ, elbetde... |