BU SAÇY GIJEDEN ALDYM


Bu saçy gijeden aldym!

Garadyr olañ buýrasy.

Men güýzüñ güni doguldym,

Ýerde pasyllañ seresi.


Türkmeniñ gyzgyn çölüni

Gezdim başyma täç edip.

Düzlerde ýylgyn gülüni

Barmagma orap, uç edip.


Söýdüm asmanyñ mawusyn,

Ýatlasam, ýürek dilýändir.

Demirtikenleñ awusyn

Dabanlarym ýat bilýändir!


Bu yhlasym üçin biri

Inderdi başyma gubar.

Emma entek umyt diri,

Entek saçlarmyñ towy bar!


Bir gün bararyn dolanyp.

Watan öñünde ýok hatam.

Gözleri maña zar bolup,

Garrandyr meñ enem-atam...


Bu yrymdan gözläp many,

Goýman olar az sanlysyn,

Barsam, ýygnap bar obany,

Bererler aýdan janlysyn.


Şonda men gussany ýene,

Elbet, özüme goýaryn.

”Geldiñmi aman?” diýene,

”Sag-aman geldim!” diýerin.


Görnüşi mähriban öýüñ,

Ynjan köñle rahat berer.

Gökde gyz ýaglygy deýin,

Ak bulut aýlanar ýörer.