HÜWI Birçak tozup giden, galan baýlyksyz, Harabany sorap otyrdy hüwi. ”Sagbolsunsyz”, girdejisiz, aýlyksyz Ony kän ýyl gorap otyrdy hüwi. Ýalñyzlygy oñ janynyñ derdidi Hem derdidi harabanyñ geçmişi. Uzak gyş gijesi aýdyp erteki, Şemal az salymlyk güýmärdi guşy. Susdy oñ günleri. Şoñ üçin ahmal Syganokdy käte harabasyna. Garrydy, uklardy, ýöne kämahal Oýanardy ötegçileñ sesine. Gelnalyjy ötse toý lybas geýip, Ol begenip, ganatlarny kakardy. ”Ýoluñyz ak bolsun, adamlar!” diýip, Yzlaryndan melul-melul bakardy. Öñem kän şum gören galañ duşundan Gerdeni tabytly, ýüzleri salyk, Geçseler, hüwi hem aglardy şonda, Olaryñ derdini egisjek bolup. Emma adamlara ýakmazdy sesi, Olar ýöwsel üýşenerdi bu guşdan. Ejizläp, şowsuzlyk gabat geläýse, Diýerdiler: ”wah, men baýguşa duşdum!” Şol sebäpden gelnalyja barýanlar: ”Haýyr çagyr!” diýip, ederdi dady. Hyrçyn dişläp, öwlüýäden gelýänleñ Biri gazap bilen salardy daşy... Ol bu zatlañ sebäbine düşünmän Hem geñ görüp adamlaryñ gazabyn, Aglardy owadan gözlerni ýumman, Iýmän, içmän oturardy gazarlyp. Ýekelikden özge günäsi ýokdy. Eýsem, näme etdikä ol märekä? Näçe oýlansa-da düşünenokdy, Il ony nämüçin ýigrenmelikä? Ýagşylyga garaşýan ýok hüwüden, Nätsin ol betbagt hüwi bolmasa: Kalby doly bolsa aýdym-hüwdüden, Arman, sesi welin, gowy bolmasa?! |