BIZIÑ INDI MÖHLETIMIZ AZALÝAR
Biziñ indi möhletimiz azalýar,
Ýeke-ýeke göç edýäris o dünýä.
Erbet adamlaryñ zorundan ýaña
Gowy döwür erbet bolup görünýär.
Erk diledik bu mähriban ile biz,
Garaşsyzlyk talap etdik Watana.
Emma taryh, haýp, üstünden ýol berdi
Mertlere däl, öz ilini satana.
Ýumruk düwüp çykdyk köçä erk üçin,
Gol ýapmadyk mekirlikdir emele.
Şoñ üçin aw bolduk ene süýt ýerne
Ýaş başyndan hilegärlik emene.
Ýitirdik oglanlañ gyzyl ýüzlüsin,
Nämüçin gülleriñ ýitisi solýar?
Düşünip bilemok, pelek nämüçin
Erbedi ýaşadyp, gowyny alýar?
Kimden öwrenipdir ol nadan pelek
Merdiñ keýpin gödeklerçe döwmäni?
Bu dünýä kim üçin ýaradylypdyr
Eger akmak sürjek bolsa döwrany?
Biziñ indi möhletimiz azalýar,
Ýeke-ýeke göç edýäris o dünýä.
Erbetligiñ üstün çykany üçin,
Bu giñ dünýä kapas dek dar görünýär...