ŞÜKÜR Şükür, alhamdililla, Ilden aýry görgüm ýok! Açda algym ýok meniñ, Şükür, bege bergim ýok! Kimsäni örtemedi? Durmuş bir gara gazan. Ilden artyk ýanmadym, Ýanmadym ilden azam. Çeksem-de men ezýeti, Ýalbarmadym namarda. Şygrym derde ýarasa, Ömrüm ýarar meñ derde. Galagoply bu zaman Şeýle ýürege ýakyn. Çünki göreşip ölmän, Diriligñi bilmek kyn. Töhmet ölümden ajy. Duşup, şeýle çakladym: Ajydan ajysy bar, Beterinden saklasyn! Bu bir köne dünýedir, Örtär, gözde ýaş eder. Akmak sürer döwrany, Akyl herne iş eder. Birmeñzeşlik irizýär. Etse-de ol bir pellä, Birmeñzeş günleñ üçin Şükürim kändir, Alla! Şükür, alhamdililla, Ilden aýry görgüm ýok. Açda algym ýok meniñ! Şükür, bege bergim ýok! |