Ak Welsapar

AK ÖÝ

Goşgular kitaby

.


STOCKHOLM 1996

.

.


GÜNDOGARDA BAR ZAT POEZIÝADAN BAŞLANÝAR...

Gündogarda ýazyjylyk hünäri goşgy düzmekden başlanýar. Bu ýörelge häzirki zaman türkmen edebiýatynda-da üýtgewsiz dowam edýär diýse bolar. Görnükli türkmen prozaçylary A.Tagan, Ag.Allanazar kyssa kitaplarynyñ daşyndan goşgy kitaplaryny-da çap etdirdiler. K.Kuly, A.Halmyrat ýaly ady belli ýazyjylar-da studentlik ýyllarynda şahyr diỳlip tanalỳardylar. Aramyzdan ir giden ussat ýazyjylar A.Şir, B.Gökleñ-de goşgudan başlapdylar. Akmyrat soñra bütinleý proza geçse-de, Bapba ömrüniñ ahyryna deñeç şahyrçylygy goỳmady. Başdan özüni prozaçy hökmünde tanadan Ý.Annagurbanyñ soñky döwürde çap etdiren goşgulary onuñ prozasyndan has güýçli. Ussat prozaçy T.Jumageldiniñ goşgy ýazandygyny bilýän azdyr, ỳöne özara gürrüñde ol goşgy ỳazyp görendigini boýun aldy. Men ökde ýazyjy J.Hudaýgulynyñ prozasynyñ diýseñ akgynlylygyndan çen tutup, onuñ-da şygyr sungatyndan başynyñ çykýandygyny güman edýärin. G.Dañatar, M.Oraz dagynyñ goşgy ýazanyny- ýazmanyny bilemok, ýöne, belki, olaram bu däpden sowa geçen däldirler. Umuman, Gündogarda adam durmuşy poeziýadan başlanýar, poeziýa bilen-de gutarýar…

Elbetde, goşgy ýazmak ýazyja sözleriñ gadyryny bilmegi, sözi, setirleri tygşytly tutmagy öwredýär. Ýöne onuñ hakyky prozaça zyýanly ýerem bar. Prozanyñ öz, goşgynyñ-da öz ýazlyşy bar. Bu iki hünäriñ uzak wagt bile ýöredilmegi prozany aşa ýumşadýar, äheñini ýoýýar, oña aýakbagy bolýar. Netijede ýazyjynyñ iki ugurda-da öz ýetjek añrybaş derejesine ýetip bilmän galmak gorkusy döreỳär. Bu, elbetde, ýazyjy üçin uly şowsuzlykdyr.

Men ençeme ýyllardan bäri diñe proza eserlerini ýazýaryn. Iki hünäri deñ ýöretmek maña eýgertmedi. Ýöne dürli ýyllarda ýazan goşgularymy bir kitap edip okyjylara hödürlemek höwesi kän wagtdan bäri meniñ gursagymda bitmedik arzuw bolup ýaşady. Soñky döwürde täze ýazlan goşgular-da bar. Megerem, bu ykbaldaky öwrülişikler bilen baglydyr? Üstesine-de, meniñ goşgularym hiç haçan dolulygyna çap edilmändi. Sovet häkimiýeti döwründe maña olaryñ diñe ujypsyzja bölegini neşir etmek başartdy. Sebäbi meniñ goşgularym hiç wagt senzorlaryñ göwnünden turmandy. Gürrüñ berişlerine görä, türkmen oppozisiýasyny goldap çykyş edenimden soñ, öz garşyma goýmak üçin meniñ çap edilen goşgularymyñ içinden gara heläk bolup, partiýa, Lenin hakdaky goşgulary gözläpdirler. Emma añtawjylaryñ paltasy daşa degipdir, olara bu zeýilli ýekeje setiri-de tapmak başartmandyr. Sebäbi men beýle goşgulary ýazmandym. Hudaýlygymy aýtsam, men öz ýaşan sovet gurluşymyza ýüreginde üýtgeşik bir gizlin ýigrenç göterip gezen adam däldim. (Men onuñ bilen açyk çaknyşdym.) Ýöne ilkibaşdan türkmeniñ köne mirasy, gadymy golýazmalar, köne kümüş şaý-sepler, halk döredijiligi, daşary ýurt edebiýaty bilen gyzyklanamsoñ, ýalan-ýaşryk, çemeçil goşgulary ýazmak meniñ ýadyma-da düşmändir. Galyberse-de, ỳekimde ýigrendigim at-abraý, wezipe üçin goşgy düzýänlerdi. O tetelliler häzirem gözüme gelenok. Çünki olar öz uşajyk bähbitleri üçin sungata, il-güne zyỳan ỳetirỳärler. Edebiýat geldi-geçer syýasatyñ gurbany edilmeli däl.

Üýtgedip gurmak döwründe çaklañja goşgular kitabym çap edilse-de, redaktorlar, senzorlar goşgularyñ köpüsiniñ „dişini“ döwüpdiler. Şonuñ üçinem bu meniñ okyjylara hödürläp bilen ilkinji goşgular kitabym diýseñ-de boljak. Kitaby taýýarlan döwrümde goşgularyñ köpüsini ýatdan ýañadandan ýazmaly boldum. Sebäbi golỳazmalaryñ köpüsi dogduk ilde galdy. Netijede öñki goşgularyñ hemmesini gaýtadan dikeltmek başartmady we olaryñ ençemesi bu kitaba girmedi. Ỳöne, belki, olar-da iru-giç kitap görnüşinde türkmen okyjylaryna gowşar.