GÖÝÄ  BIR  TAL ÝA-DA DEREK...


Göýä bir tal ýa-da derek

Gyrmançaly ýap boýunda,

Doguldym men, boldum gerek

Adaty türkmen öýünde.


Asuda oba ýerinde

Ösdüm. Küýsedim şäheri.

Onsoñ günleriñ birinde

Terk etdim tämiz säheri.


Günler, aýlar dogdy, ýaşdy,

Şäher şeýtan dek güýmedi.

Ýöne dogduk obañ yşgy

Käte günüme goýmady.


Niçikkä goñşy-golamlar?

Garrylarda barmy bir tap?

Durmyka öñki ýerinde

Gaýraky jeññel, tally ýap?


Bardym otludan düşdüm-de.

Emma kän giren düýşüme,

Adamlar hüwwe üýşdi-de,

Dargady işli-işine...


Gansam diýip has gowuja,

Çykdym düze ýürek howlap.

Düzi basypdyr gowaça,

Igläp, gömlüpdir akar ýap.


Obañ daşy kapas dek dar,

Düzden gelýär derman ysy.

Ne-hä ýylgynly jeññel bar,

Ne-de tilki, towşan yzy.


Jeññeli çapyp, bu taýda

Adamlar pagta ekipdir.

Ak kömelek çykýan oýda

Ah, indi ak şor çykypdyr.


Ýadap, öýe özüm atýan,

Bialaç ýygnaýan ýüküm.

Tükeniksiz gussa batýan,

Tapyp bilmän mundan köküm.


Gidersiñ baş alyp indi,

Gidersiñ ne gülüp, ne aglap.

Geçmisiñ soñy göründi,

Geljegiñ ýüregin daglap.