TÜRKMENIM
Bapba Gökleñi ýatlap...
Türkmen, türkmen türkümdir,
Türkmen meniñ görkümdir.
Toklyny satar sekize,
Dümmesin alar dokuza!
Giñ goltugy ”garpyzly”
Gaçsa, ýeri boş bolar.
Nätsin dünýä-baýlygy?
Boş söz bilen hoş bolar.
Öz öýünde günlükçi,
Menzil aşmaz ”ah” sesi.
Ol ne hammal, ne ýükçi,
Ne-de ýurduñ eýesi.
Gar ýassanar mal bakar,
Buz düşener pagta eker.
Ýylda onki aý işläp,
Ýene bergili çykar.
Ýuka görüp aklyny
Wada bilen bakarlar.
”Ber” diýse öz hakyny,
Gözünde ot ýakarlar.
Gyrmyz dony bolar dar
Emma keýpli çagynda.
Kül üstünde orny bar,
Ah, göwni Kap dagynda!
Ýüz ýyl gul bolan halkyñ
Derdin müñ ýyl aýdyp bor.
Diýildi oña ”Galkyn!”,
Galkynaýsa, nädip bor?!
--------------------------------
Dümme toklynyñ guýrugy, guýruk ýag.