ÝITGI Bu düzlükde ýiten zatlañ sany ýok! Ýaýnap ýaşanyñ hem ömri köýeniñ. Taryhçylar ýazýar: ”On farsah geçseñ, Duşup dur bu ýerde şäher diýeniñ.” Indi Mäne bilen Çäçe galypdyr, Galanlarnyñ bary guma garlypdyr. Obalar ýitipdir, Ýitipdir kentler! Derýalary bilen Ýitipdir bentler! Güwläp duran şäherler, Märekesi bilen Güñläp duran säherler Ýom-ýok bolupdyr! Şeýle bir ölüpdir munda ýaşanlar, Hoşuña gelsin! Begi, bezirgeni, gedaýy bilen, Şalary, Şatyry, Hudaýy bilen! Galmandyr olaryñ dini, ynanjy, Galmandyr şalaryñ dünýäsi-genji. Ýolagçysy ýoly bilen ýitipdir, Bilbilleri güli bilen ýitipdir! Ýitipdir bu ýerde hasyl alanlar: Bugdaý ekip, Harman atyp, Üfläpläpler saýlan ýel bolmasa, Harpykdan çäjin… Ýazda baryn ekip, Güýzde hasylyñ Üçden birin ýa-da ýaryn alanlar. Men bilmedim, Garrygalañ üstünde Ýa-da gumlarynda Altyndepäniñ Monjukmy agaryp doñup galan zat? Monjuk-monjuk gözýaşymy gallajyñ? |