Düýgi

Robaiýatlar

----------------------

Hüdürlenýär garaşýan ENELERE

Aýub Gerkezi

Hyjran

Aý-syz gijeleri aglaýar biri

Ýyldyzlary ýoklap zarýar biri

Gechen kerwnbaşdan soraýar yzy

Ýat illerde , ýada düşüpdir gyzy

--------------------------------------------

Gördüm

Sähramyzyň çölünde Jereny gördüm,

Dälçiräp kän aglap, duranny gördüm.

Soragy bermedim , sakynyp durdum,

Çüňür guýa, daşyň, Cümeni gördüm.

--------------------------------------------

Hünär

Ýaşa sen hünär bolup,

bolmasa, ener bolup.

Hiç gelmese eliňden,

Ýaşama sen gul bolup.

--------------------------------------------

Bardyr

Sähramyň, deresi-daglary bardyr,

Jerenli, jeýranly auwlygy bardyr.

Söndürüp ýanmana goýmasa biri,

Sönsede, geljekde, ýanjagy bardyr.

--------------------------------------------

Söýjek bolsaň eger….* Nazi dostuma*

Haýýamyň kitabin, okadym bir gün,

Okyp sährada, tutabdym bir gün.

Söýjek bolsaň eger, okamda bu gün,

Sähram bilen bile, gün tutadym bu gün.

--------------------------------------------

Parhlyk

Dost niýeti , gauw bolsa,

Bed niýetlem, dost bolsa,

Goý nähilli bolsun dost

Sen bed niýetli bolma.

--------------------------------------------

Adam we haýwan

Gördüm heýwan, balalaryna aglaýar,

Ýöne adam özgelerinem, aglaýar.

Bu düýgüda, paryhly bolup bilmeýän,

Şular ýöne, heýwan ýalak aňlaýar.

---------------------------------------------

Gümän

Keşbini göremde, adam dek otyr

Hilini göremde , gurt dek ýatyr.

Güneşiň çagynda , gümän etmeseň,

Garaňky gijeler, şol şeke getir.

--------------------------------------------

Häsiýetsizlik

Biriniň gözi bar, görmedi ýöne,

Biriniň dili bar, sizmedi ýöne.

Bu düýnýä geldimi? Ýa-da gelmedi,

Hiç kime şol belli bolmady ýöne.

--------------------------------------------

Gojur

Ojagyň ojry, öçdi diýdiler,

Adamyň gojury , gaçdy diýdiler.

Agaç ata ýükläp, bar zadyny,

Bir adam şu ýerden , göçdi diýdiler.

--------------------------------------------

Ynkylab

Daň çagynda güneş, ýalpyldap çykdy,

Şol asmanda ýöräp, hem ýere bakdy.

Giç-ara deňiziň, Deňine baryp,

Ýan berip ýüregi, gan bolup akdy.

---------------------------------------------------------

Düýgi

Şelpeleň içinden,şapyrdap çykdyň,

Gadlaryň şemşady,kyrşdyň , okdyň.

Päkize düýgi üçin,duran söýgi dek,

Perdeleň içinden, saz bolup çykdyň.

--------------------------------------------

Göz

Gözel gözüň bilen, gözle gözeli,

Gara gözlän, görüp bilmez gözeli.

Garany ak görüp, agy hem gara,

Bile tanap bilmezsiň, sen gözeli

--------------------------------------------

Şükür

Kä biri aglaýar, aýakgap diýär,

Kä biri gabynda, aýak ýok diýär.

Aýakgapsyz hem aýaksyz, şükür edýän,

Çonki bile ýaşap bolar, päk diýän.

--------------------------------------------

Söýgi

Söýgüni söýmedik, söýülip bilmez,

Söýülmedik adam, söýgüni bilmez.

Hiç haçan bolmasyn,söýgüniň çägi,

Söýjegiň çyn bolsa, egri bilmez.

--------------------------------------------

Dad

Eý sähramyň şumaly, dadymy ýetir,

Şol oturan läle , adymy yetir.

Men bu ýerde, hyjran oda ýanýaryn,

Ol ýöne , ýanmasyn, mendenem beter.

--------------------------------------------

Sorak

Bir dana adamdan, sorady biri,

Durmuşda nähilli, dueumly diýdi.

Şeýle jowap eşitdi, dana adamdan,

Öwren ýene öwren, döretgin diýdi.

--------------------------------------------

Gudrat

Asmanda bir ýyldyz, ýokdy bir gije,

Kerwenem ýoluny , ýitirdi gije.

Aýsenem gyz, çalyp şonda dutaryn,

Ýyldyzlaryň baryny, getirdi gije.

--------------------------------------------

Yntezar

Ýaz şemalyn gördüm,ýara barýanmyş,

Ýar salgydyn eltip, saza berýänmiş.

Garap ýolun, tä gelýänçä oturdym,

Sodyryp,saraldyp, göze bir ýanmyş.

--------------------------------------------

Bulutlaryň keşbi deňize gaçdy,

Asmanyň hem keşbi, deňize düşdi.

Men hem, öz keşbimi, gözläp otyrdym,

Güneş hem oldurlyp, deňize düşdi.

--------------------------------------------

Diýdiler

Söýgüni söýmýäne, däli diýdiler,

Sögüni söýenem, däli diýdiler.

Söýgüni söýmäni. Däli bolandan,

Bol söýgüni söýüp, däli diýdiler.

--------------------------------------------

Ýoruldym

Söýgüm diýip, söýüp daşdan,

Ynandym men, ilki başdan.

Ýalan sözden, wada boşdan,

Ýoruldym men, ahyr başdan.

--------------------------------------------

Dost ülkesi

Dostluk çyrasyn, ýakauwer

Galp çyrasyn, söndiriwer.

Buz bolmasyn , dost ülkesi,

Yşyk ülkede, gundiriwer.

--------------------------------------------

Bir ýüzli söýgi

Ýüregim ak, ganyň gara,

Niýetim päk, hiliň gara.

Görmesem men, ýürek para,

Gözlemeseň , bagtym gara.

--------------------------------------------

Dert-Derman

Derdim bar, dermanym ýok,

Derman sensiň, derdiň ýok.

Çeken dert, dermansyz,

Sen dertsiz , armanym ýok.

--------------------------------------------

Geçdi

Bu ýeden atly geçdi,

Ýüregi , otly geçdi.

Çykyp soraň, siz, şondan,

Men ýany datly geçdi.

--------------------------------------------

Joralar

Aý saçyny , darap dur,

Ýyldyz baryn, orap dur.

Geler joralar diýip,

Ýollaryny, garap dur.

--------------------------------------------

Nala

Läle, läle, lälesi

Näme diýär , nalasy.

Ýaşyn döküp, gözünden

Dertli diýär, synasy.

--------------------------------------------

Duman

Dag başynda, duman otyr,

Ýüregi hastalap , ýatyr.

Kerwen tutun , bulutlaram,

Şoň üstünde , aglap otyr.

--------------------------------------------

Durar

Daglar bir gün, duman erär,

Eräp duman, ýagmyr dörär.

Gurap ýatan , bägülleriň,

Ganyp içse ,ýene dörär.

--------------------------------------------

Arzuw

Hazaryň ýeli dek, dilleriň össin,

Ylym derýasynda, gark bolup ýüzsyn.

Onsoň gelip, sähraň bagyryna çöksün,

Erteki geljekler, şol ýoly söksin.

--------------------------------------------

Söýerdim

Söýgüm seni, söýerdim men,

Seň düýgüňi , düýördim men.

Gözümde ýaş bolup, ýöne,

Ýüregimde , köýerdim men.

--------------------------------------------

Arman

Söýgüm diýip , söýüldiň sen,

Hyýalymda, suw, datdyň sen.

Keç pelegiň, oýny bilen,

Ýüregimde, gömildiň sen.

--------------------------------------------

Omid

Hyş bolup, näme diýip, doňýaň bu gün,

Göz bolup, näme diýip, solýaň bu gün.

Gorbat-da gapymy,kakyp dur bahar,

Ýüregimde omid, ekip dur bahar.

--------------------------------------------

Kör oldy

Meniň ýolum, tiken oldy, gar oldy,

Bahar geldi, säher oldy, saz oldy.

Dost kerweni, geçip gidip, bir mahal,

Garaşyp, gözleim, şoňa kör oldy.

--------------------------------------------

Iki ýüzli dost

Dost diýip men, ýürek ýakdym bir zaman,

Garga bolup, gözüm çokduň bir zaman.

Sadadym men, ynanardym sözüňe,

Dost diýip, duşmana , bakdyň bir zaman.

--------------------------------------------

Parahatçylyk barada

Geňeşi ýok diýip, etmegin uruş,

Ölçärsiň uruşy, ot alar durmuş.

Asman dury bolsun , ýagmasyn garbyş,

Ýer parahat bolsun,paýlansyn alkyş.

--------------------------------------------

Meňzeş

Ýer şaryna ,älem goşar bolsadym,

Daşyňa aýlanyp, mydam dursadym.

Reňk berip men, seňe, reňk alyp ýene,

Elmydam men seňe , meňzäp dursadym.

--------------------------------------------

Köçämiz

Köçämizde oglanlygymyň ,yzy bar,

Köçämizde oglanlygymyň, ysy bar.

Gojalyp, yol sökip, öwürlip bardym,

Köçämizde oglanlygymyň, özi bar.