Ak Welsapar,

ýazyjy, filosofiýa ylymlarynyň kandidaty

TÜRKMENNAMA

Alym Ahmet Bekmyradyň ýagty ýadygärligine bagyşlanýar

Türkmeniň öňem Wasdyr, soňam...

Aksakgallaryň gürrüňinden

Kozan dagyndan neslimiz,

Ary türkmendir aslymyz.

Garajaoglan, XVII asyr

1. "TÜRKMEN" SÖZI NÄMÄNI AŇLADÝAR?

Näme üçin mundan birnäçe asyr öň ýaşap geçen klassyk şahyrymyz Garajaoglan türkmenlere "ary türkmen" diýdikä?

Kozan dagyndan neslimiz,

Ary türkmendir aslymyz.

Warsakdyr durak ýerimiz,

Ýat ilde ýar eglär bizi.

"Türkmenlerdendir aslymyz" ýa-da "Türki kowumdyr aslymyz" diýende bolmadymyka? Bu kontekstde "ary" sözi näme üçin "türkmen" sözi bilen bile getirildikä? Gepem, ine, şonda. Türkmenleriň köklerine degişli taryhdan habarly, okumyş hem öz aslyna belet Garajaoglan, meger, bu iki sözi ýöne ýerden bile getiren däldir. Aslynda "türkmen" etnoniminiň manysynyň uzak wagtlap açylman gelmeginiň düýp sebäbi-de şol iki sözüň arasynyň gereginden artyk uzaklaşmagydyr diýmäge-de esas ýok däl. Oguzlara we seljuklara "türkmen" adyny dakan, meger, gadymy ariýler bolsa gerek. Ariý dilinden döwürdeş türkmen diline geçirseň, onda "türkmen" diýmek – türk adam/adamy diýmekdir.

Çünki "türk" sözüniň yzyna goşulýan "men" sözi bogun singarmonizmi kadasyna görä üýtgän "man" sözi bolup, ol hem ariý dilinde "adam" diýen manyny aňladýar. "Man" sözüniň "adam" diýmegi aňladýandygy baradaky çaklamany ilkinji bolup gazak ýazyjysy Olžas Suleýmenow özüniň "Az i Ýa" («Аз и Я») kitabynda 1975-nji ýylda orta atypdy. Emma ol bu sözüň haýsy dile degişlidigini anyklaşdyrmandy we munuň özi ýüzugra öňe sürlen, subut edilmegine mätäç gipotezady. Belki, şonuň üçindir, ol öz wagtynda biziň dilçi alymlarymyzyň ünsüni özüne çekip bilmedi.

Bu etnonimiň emele gelmegi dogrusynda oýlanylanda: "Köpsanly tire-taýpalara bölünen türkmen halkynyň diňe şu territoriýada, ýagny häzirki zaman Türkmenistanyň çäklerinde ornaşanyna "türkmen" adynyň dakylmagy meseläni aýdyňlaşdyrmaga kömek edip bilmezmikä?" diýip, öz-özüňe sorag bereniňi duýman galýarsyň. Eýse, näme üçin bu giňişliklerde birnäçe asyr ýaşanlaryndan soň dürli sebäplere görä Kawkaza, Ruma göçüp giden türkmenlere, wagtyň geçmegi bilen ýene-de oguz-seljuklar ýa-da "türkler" diýip at beripdirler? Meselem, azerbaýjanlaryň ata-babalaryna ýaňy-ýakynlara deňeç-de azeri türkleri diýýän ekenler. Rum türkmenleri bolsa, "türk" adyny gutarnykly alypdyrlar.

Bu faktlary ünsden düşürmeseň, onda şolaryň üsti bilen ýene-de iki sany kyn sowala jogap berse bolar. Olaryň birinjisi: näme sebäpden "türkmen" sözi oguz-seljuklaryň häzirki Türkmenistanyň territoriýasyna gelmezinden hem has öň, baryp-ha VIII asyrda, akademik W. Bartoldyň sözlerine görä bolsa, ondanam ir – V asyrda-da gabat gelýär? Ikinji sowal-da, "türkmen" etnoniminiň, hamana, täjikleriň "türk manend", ýagny ”türkmene meňzeş” diýen adalgasyndan gelip çykandygy baradaky çaklamadyr.

Birinji sowalyň jogaby, meger, köpsanly taryhçylaryň eserlerinde häzire-bu güne çenli gizlenip ýatan, emma degerli düşündirişe eýe bolmadyk maglumatlardyr. Eger-de "türkmen" sözi oguz-seljuklaryň häzirki Türkmenistana gelmezinden has irki döwürde, hatda gadymy hytaý çeşmelerinde-de duşýan bolsa, onda bu türkmenleriň hökman Altaýdan bu ýere gelendiginiň subutnamasy däldir. Tersine, belki, bu soňra "türkmen" adyny alan halkyň günbatardan tä Altaýa, Hytaýa çenli öz täsirini ýetiren döwrüniň bolandygyndan habar berýändir? Mahmyt Kaşgarlynyň "Diwany lugat at-türk" kitabynda "türkmen" etnoniminiň döreýşi dogruda getirýän rowaýatynda aýratyn üns bermeli ýer bar, ol hem biziň regionymyza gelende, Aleksandr Makedonskiniň türki kowumlara duşandygy baradaky maglumatdyr. Diýmek, bu etraplarda biziň eramyzdan öňki IV asyrda-da türki kowumlar ýaşan bolarly.

Ikinji sowalyň jogaby. Eýse, ”türkmen” etnoniminiň täjik dilindäki adalga esasynda dörändigi baradaky çaklama nireden we haçan peýda bolduka? Aslynda näme üçin täjikler türkmenlere ”türk manend” diýmeli? Belki, bu aşa ýüzleý çaklamadyr? Geň ýeri, bu çaklamany öňe sürýän adamlar hiç bir anyk taryhy tekste salgylanmaýarlar. Eýse, täjiklere türkmenlere "türkmanend" diýmek gerek boldumyka? Belki, olar ariý medeniýetinden, ariý atlaryndan belli bir derejede habarly halklaryň biri hökmünde başdan "türkmen" adalgasyndan peýdalanandyrlar? Bu etnonimi edil ariý dilindäki ýaly däl-de, eýse täjik diline uýgulaşdyryp ulanmaklary, bolup biljek zat. Ariý dilindäki düýp manysyna düşünmän, ”türkmen” adalgasyna täjikçe düşündiriş agtaryp, "man" sözüni "manend" sözi bilen çalşyryp ulanaýanlarynda-da, bu ”man” sözüniň ”manend” sözünden gelip çykandygyny aňladyp bilmez. Mysal üçin, türkmenlerem häzirki Türkiýäniň, köne Wizantiýanyň territoriýasyna baranlarynda, Ikoniýa atly gadymy Wizantiýa şäheriniň adyny Koniýa diýip, türkmençeleşdiripdirlar, ony "köne" sözüne ýakynlaşdyrypdyrlar. Beýle hadysalar her bir diliň taryhynda näçe diýseň tapdyrýar.

Hywa taryhçysy Abulgazynyň (1603-1664) öz ”Şejereýi Teräkime” (Türkmenleriň nesil dargty) atly ylmy işinde ”türkmen” adalgasyna degişli gözleglerini şu ugurdan alyp gitmegi-de bu aýdylany azda-kände tassyklap biler. Elbetde, XVII asyrda ýaşap geçen Abulgazynyň ariý sözlerine düşünmek, olaryň manysyna ýetmek mümkinçiligi biziň döwrümizdäkiden artyk bolan däldir. Çünki ariýlerden Abulgaza çenli eýýäm döwür aýlanyp, dowran dolanypdy, taryh çalşypdyr... Abulgaza ariý däl-de, türki we täjik-pars dilleriniň ýakyn bolandygy-da düşnükli. Belki, ol arap dilini-de suwara bilendir, emma arap diliniň agzalýan etnonimiň manysyny anyklamaga degerli kömek edip biljekdigi gümana. Sebäbi arap dili ariý medeniýetiniň täsirine düşen dillerden däl.