Tamdyraň Heňi , Bagşynyň Owazy
Halypa Bagşy, Ussat Doktor Gylyç Änwär | ||
Merhum Ussat bagşy , Gylyç Änwäri Iranly ildeşimiz , Türkmensähra-da 1324-nji ýylda dogulupdyr. Ol 50 ýyldan gowurak ömrüni Halk aýdym- saza bagyşlan Tanymal Bagşy bolup dabaraly üýşmeleňlerde , Şadyýan Toý- baýramçylyklarda öz labzly owazy bilen halkyň göwnünine ýerleşen, Türkmen Aýdym-sazyny öz ömrüniň manysyna öwürip, Türkmen sungat äleminde uly bagşylarnyň biri-dir. Halypa Ussat bagşy , 50 ýyl sungat dünýäsin-de özüniň talantly okyby bilen Iran Türkmensährasyn-da Iliň büýsançly sungatyny ösmeginde hyjuw bilen , aryp-ýadaman işläp ýaşap-dyr. Ol Gürgen Türkmen Radiosy birinji açylan gününden başlap şol wagtky Hormatly bagşy- sazandalar bilen bir hatar-da, işeňňerlik bilen Gürgen Türkmen radiosyny baýlaşdyran halypalaryň biri-dyr. Ussat Gylyç Änwäri Iran hem-de ýüwürtden daşary Halkara Folklor dabaralara gatnaşyp şirin labzly owazy bilen ýatdan çykmaz yz goýupdyr. Halypa bagşy ýöne bir Şahyrlaryň sözlerinden aýdym aýdyp kanagatlanmandyr. Ol hem dessan bagşy bolup iliň öňünde köneden bizlere miras galan dessanlary zehinden ýitmez ýaly edip labzly sesi bilen Halkyň bu mirasyny diri saklan dessan bagşylaryň biridir. Zöhre-Tahyr, Şasenem-Garyp we Ýusup- owgan ýaly dessanlary ses ýazgylara ýazylyp Arhiwimizy baýlaşdyran we alkyşlar mynasyp bolan bagşydyr. hemmelere mälim bir pikir, bir näçe setir bilen 50 ýyl köpräk ömrüni sungata bagyşlan halypany gydyrdanlik bildirip tanap bolmaýar. Halypaň durmuňy hakynda maglumat elime geleninden, dowamly sahypa-da ýerleşdirerin. Hormatly ussat Gylyç Änwäri 1392 nji ýylda keselçilik arkaly wepat edýär. Sungat Äleminde yzy öçmejek Halypa bagşy Doktor Gylyç Änwäri ýady berk galandyr. Ýatan ýeriň ýagty bolsun, ady öçmez bagşymyz Gylyç Änwäri, |