Tamdyra sapagy(8)

Perde we barmaklaryň teknikleri 

Tamdyra öwrenjiler üçin öwrenmekde iň birinji ädim, perdäni tutmak we ondan sesi arassa çykarmakdyr. Şu ýerde häzir barmaklar tamdyraň perdelerinde, perdeden-perde böküp ses çykarmasyny we her perdäň atlaryny not ýazuwsynda öwrenmek, esasi ýümüşimizdir. 

Ýokarda perdelerniň adyny eýäm öwrenen bolsaňyz hem , aşakdaky ýümüşler hökmany çalyp öwreniň.

Sesi eştmek üçün şu ýery klik etmely

(1-3-5  perde eýri) 

Siz şu wagta çenli bir topar sazyň gramatik we ýene-da tamdyraň perdelerniň adyny öwrenensyňyz! 

Şonuň üçin indi bir kiçi saz böleg bilen Tamdyrany çalmany öwrenip başlaýlyň.

Türkmen halk heňi Lälä.

Bu saz-da görşüňüz ýaly hemme ýerde başam we süýem barmak ikisi bile bir perdäni tutanoklar.Şu sebäpden aşaky kirş we ýokarki kirşleriň not ýazuw boýunça atlaryny her kirşiň perdelerine göre öwrenmeli. Köplenç kän täze öwrenjiler tamdyrany öwrenen wagtlary beter howlukýarlar. Tamdyrany öwrenýän zamanyňyz, gaty ýuwaş we sanap çalmaly.

Onsoň haçanda sazyň umumy bolşuny bileňizde, şol öwrenýän sazyň heňini ,öz içiňizden ýa-da nähilli mynasyp görseňiz tamdyrada çalýan saz bilen hiňlenip öwrenseňiz has hem öňat çalyp bilersyňiz.

Audio( 2 )                                  Lälä       

          Moderato                                                           Türkmen halk heňi

5nji barmak

Türkmen kompozitorlary läläni iki forumda ýazypdyrlar.Aşakdaky läle heňi

 3nji görnüşi.

-II-

Haçanda „ ýaý“ belligi 2 sany tony bir-birine baglanyşdyrsa, onda biz ikinjiNoty kakman , şol birinji notyň kakusy bilen çalýarys.

Tamdyra öwrenmek diňe çalyp bilmek däl-de onuň,saz dünýäsiniň edebiýatini bilmek hem şertdir. Elbetde gynansyk hem häzire çenli ýazylan belli bir kitap „ Türkmen aýdym – saz edebiýati“ diýip, ýok.Şoňa görä geljek sahipalarda Türkmen aýdym saz äleminde meşhur we atlary ebedilik galan halyplaryň bir näçeleri bilen tanyş bolarys.                              

Amangeldi göni( 1833- 1879) 

Amangeldi göni arapgala(Isbender)obasynda eneden dogulýar.Ol syçmazlaryň neberesinden bolupdyr. Amangeldi meşhur dutarçy bolup ýetişýär.

Onuň men diýip jahil wagty Türkmen topragyna kese ýurtly basybaljylar dürli çozuşlary edipdirler.Şol döwürde Ahala Nurberdi Han hanlyk edipdir.

Amangeldi göni ussat tamdyraçy, saz dörediji, mergen, söze çeper bolansoň, Nurberdi Han maslahatçy, sazanda hökmünde ony ýanyndan aýyrmandyr.  Nurberdi Han Amangeldini diýseň gowy görüpdir. Han aga ondan maslahat Soraman, hiç bir işi çözmändir.

Nurberdi Amangeldiň sözüne halkyň pikri diýip düşünüpdir. Şoňa göräde, ýaşulular bilen duşuşanda, Amangeldisyz geňeş geçirmändir. Maslahatda Ahal ilinde ýüze çykan her bir narazyçyligy bileligde çözüpdirler. Amangeldi Şükür bahşy bilen deň- düşrakdyr. Ýöne ýetgijeklig döwrüne ýeten wagtlary Şükür bahşy Gökdepe etrapyndan göçüp, Ürgenje, soňra bolsa, ymykly kaka etrapynyň duşak obasyna barýar. 

Olaryň basym-basymdan duşuşmasalar-da, toýlarda, üşmeklerde görüşüpdirler.  Amangeldiniň kakasynyň ady Orazalydyr. Amangeldi hakda köp rowaýatlar bar. Amangeldi ýaşka,gözüne ilen zady göterip gidiberipdir, diýýärler. „ Ogurlyk edeniň eli kesilýärmiş „ diýen gürrüňi eşidip, ol göni ýola gidipdir diýen ýaly gürrüň bar. Ýenede bir rowaýatda Amangeldi awa gidip, işi paşman aç halda öýe gelýärkä, ýolda molla düşüp, onuň öýünde unaş içip:  „ Ind-ä bir gönilendim „ diýipdir.Molla bolsa: „ gönilenen bolsaň indiden beýläk seniň adyňa Göni garyn goýýarys „ diýýär. Haýsysy dogry bolsa-da bü gürrüňlriň Amangeldiniň ussat tamdyraçy bolup ýetişmegine päsgel bermändigi welin çyn.                                                                               

Amangeldi Nurberdi Hanyň köşgünde bolanda, goşun serkerdeleri hem Amangeldini örän ýagşy görüpdirler. Ylaýtada Berdimyrat Han (Nurberdi haniň ogly), dykma serdar, Öwezmeret serdar, kerimberdi işan, Atalyk Han onuň ussatlyk bilen çalýan sazlaryny höwes bilen diňläpdirler.

Amangeldi göni Gökdepe urşuna gatnaşanlaryň biri. Ol esgerler bilen galanyň bir burçuny gorapdyr diýen gürrüň hem bar. Gowga gatnaşýan adamlaryň biri bolan Kepele kör bahşy hem onuň ýanynda bolupdyr. Kör bahşy Kepele obasyndan bolmaly. Kepele kör (Batyr bahşy)söweş gidip durka, aýdym aýdyp, saz çalyp, söweşjeňleri ruhlandyrypdyr.Ol şol ýerde-de ok degip ölýär. 

Amangeldi göni ýeke ussat tamdyraçy bolman, köp aýdym-sazlary hem döredip-dir. Muňa mysal edip, „ Saltygy „- „ Gökdepe mukamyny „ -„ Burnaşagy „- „ Alagaýşlyny „we beýlekileri görkezmek bolar.

Amangeldiniň döreden „ Heserli „- „ Jeren kyblam „- „ Jelil „„ Haji golak „ ýaly ençeme mukamlary hem Türkmen saz sungatyny müdimlik baýlaşdyrdy.

Amangeldi „ ýeňdik „ diýlende  kybla tarap ýüzüni tutup, namaz okap durka ok degip wepat bolýar. 

Amangeldi söweş edip ýörkä, Nurberdi Han Mary etrapynda kesel ýatypdyr. Ol Gökdepe gelip Amangeldiň guburynyň ýanynda çöke düşüp, bozulypdyr. Nurberdi Hanyň ogly Berdimyrat Hanam şol söweşde wepat bolýar. Nurberdi Han oglunyň gahramanlarça ölenine buýsanypdyr. Ýöne ol “Indi Amangeldi göni ýaly sazanda bu golaýda döremez. Amangeldini hemişelik ýitirdik” diýipdir.

Gökdepe söwesi: 28 awgust, 1879 – 12nji Januar 1881 bolan. Türkmen aýdym-sazlary görşüňüz ýaly hemmesi dürmüş wakalara degişli.                                                            

Kel bagşi   Annaberdi aýdogdi ogly (1850-1923)                                      

Meşhur Türkmen dutarçysy, saz dörediji kompozitor, halypa Kel bagşi Gökdepe etrabynda Yzgant obasynda daýhan maşgalasynda doglupdyr.

Kel bagşynyň atasy Aýdogdy dutar çalyp bilse-de, ussatlyk derejesine ýetip bilmändir.

Kel bagşy öz döwrüniň meşhur sazandalary bolan Gulgeldi ussa, Amangeldi göni, Sary bagşy,we beýleki ussat bagşy-sazandalar bilen duşuşyp, öz ukybini kämilleşdirýär.

Şol döwürlerde ýazgy maşynlary bolman soň,onuň öz eli bilen çalan sazlarynyň ýazgysy biziň döwürmize gelip ýetmändir.Şeýle bolsa-da,onuň döreden „Hatija“ „Jerenim“ „ Suwa geledir“ „Kepderi“ „ Ak eşekli“ „ Ýusup owgan“ ýaly sazlary Türkmen Bagşy-sazandalarnyň çalynmalaryndan düşmän gelýär.

Kel bagşy 1923nji ýylda aradan çykýar.Onuň şöhraty Türkmen sazynyň taryhyna ebedilik girdi.                      

Täçmämmet suhanguly(1865-1942) 

Täçmämmed suhanguly1865nji ýylda Gökdepe etrabynyň Ýangala obasynda eneden bolýar.

Täçmämmet aganyň 2 ogly saza ukyply bolupdyr.

Ogly Hojamämmet ökde sazanda bolup ýetişse-de keselläp ir aradan çykýar. Hojamämmet ölümi atasyna diýseň agyr degýär.Çary Täçmämmet halypa dutarçy bolup ýetişýär.Täçmämmet aga köp ýyllap Türkmenistanyň radiosynda , döwlet filarmoniýasynda sazanda bolup işleýär.

Täçmämmet aga 1932nji ýylda „ Azatlyk“ diýen sazyny döredýär. Bu saz şu güne çenli özüniň ýokary çeperçiligi bilen halk saz gurallary ansamblynyň , Orkestirleriň ýekeligde tamdyra çalýanlaryň çalymyndan düşmän gelýär.

Täçmämmet aganyň „ Bag içinde“ „Türkmenistanym“  ýaly sazlary hem Türkmen sazynyň altyn hazynasyna girdi. Täçmämmet aga halk saz gurallary Ansamblary,orkestirleri üçün „Gökdepe mukamy“ „Aýralyk mukamy“„Dag arman“ „ Gyzdurdy“  ýaly sazlaryň köpçilik bolup ýerine ýetirilýän nusgalaryny döretdi.

Täçmämmet aga 1940nji ýylda Türkmenistaniň kompozitorlarynyň birleşik agzalaryna kabul edilýär.Ol tä ömrüniň ahyryna çenli ýaşlara elinden gelen kömegini gaýgyrmaýar.

Täçmämmet aga 1942nji ýylda Kaka etrabynda tragyk ýagdaýda aradan çykýar.  

Şükür bagşy(1831-1928) 

Şükür bagşynyň ady rowaýata öwrüldi.Ol saz çalyjy – dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyň taryhynda uly yz galdyran adam.

Onuň Eýran Hanynyň bagşysy bilen ýaryşyp, agasyny halas edişi dilden-dile geçip, biziň günlerimize ýetdi. Şükür bagşynyň atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyň Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr.

Şüküriň atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr. Dowada aganyň 3 ogly bolýar.Ulysy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salysypdyr. Ortanjy ogly Hojamberdi izçi bolupdyr.Dowada aganyň kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr.

Şükür bagşynyň saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr. Ol Şükür sazandanyň kämilleşmgine degerli ýardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüň ady belli sazandasy Garadäli gökleňden (sazanda hem dutar ýasaýan belli ussta) hem tälim alypdyr.

Garadäli gökleň Şükür bagşa kümüş çaýylan oňat dutar ýasap beripdir. Beýik ussat pata alan Şükür bagşy Gökdepe, Mary, Hiwa ülkelerinde saz çalyp,halka uly hyzmat edýär.

Şükür bagşynyň köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuň ilki döreden “ Salmadan bökdüreni“ , Söýli halany“  şu güne çenli adamlary biperwaý galdyrmaýar.

Şükür bagşy Gökdepe etrapynda dogulanam bolsa, bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ýylda şol ýerde aradan çykýar. 

Türkmenler ýüzlerçe ýyl boýunça özüniň taryhy wakalaryny we isleglerini aýdymdyr ýa-da saz böleg bilen beýan edip, nesilden- nesle geçirip, ýitirmändir. Netije alsak, onda Tamdyrany dogry çalmak we onuň awazyny, manysy hakynda düşünişmek üçin bolsa, sazlaryň kim we näme waka degişlidigini bilsek has hem gowy bolardy.