Şükür bagşy (1831-1928) Şükür bagşynyñ ady rowaýata öwrüldi.Ol saz çalyjy dörediji ussat bolup, Türkmen sazynyñ taryhynda uly yz galdyran adam. Onuñ Eýran Hanynyñ bagşysy bilen ýaryşyp,agasyny halas edişi dilden-dile geçip,biziñ günlerimize ýetdi. Şükür bagşynyñ atasy Dowada aga Gökdepe etrabynyñ Hurmantgökje obasynda ýaşapdyr.Şüküriñ atasy daýhançylyk bilen meşgul bolupdyr. Dowada aganyñ 3 ogly bolýar.Ulysy Hojamämmet daýhançylyk bilen iş salysypdyr.Ortanjy ogly Hojamberdi izçi bolupdyr.Dowada aganyñ kiçi ogly Şükür sazanda bolupdyr. Şükür bagşynyñ saz öwrenmekde ilkinji mugallam bolan Aly bagşydyr. Ol Şükür sazandanyñ kämilleşmgine degerli ýardym edipdir. Şükür bagşy şol döwrüñ ady belli sazandasy Garadäli gökleñden(sazanda hem dutar ýasaýan belli ussta)hem tälim alypdyr.Garadäli gökleñ Şükür bagşa kümüş çaýylan oñat dutar ýasap beripdir. Beýik ussat pata alan Şükür bagşyGökdepe,Mary,Hiwa ülkelerinde saz çalyp,halka uly hyzmat edýär. Şükür bagşynyñ köp sazlary entek näbelli bolsa-da onuñ ilki döreden “ Salmadan bökdüreni“ , Söýli halany“ şu güne çenli adamlary biperwaý galdyrmaýar. Şükür bagşy Gökdepe etrabynda dogulanam bolsa,bütün ömrüni Duşak obasynda geçirip, 1928 nji ýylda şol ýerde aradan çykýar.
|