Ussadym

Gönebege bagyşlanan ol mukam

Kel bagşy ýaşka öz döwrüniň uly halypasy AMANGELDI GÖNEBEGE şägirt bolup –dyr.Şonuň üçin ýaş sazanda 7 ýyla golaý Gönebegiň öýünde bolup, saz öwrenipdir.

Kel bagşy Gönebegden tälim alyp kämillige ýetensoň öz halypasyna bagyşlap “ Ussadym “ diýen sazy döredipdir.

Kel bagşy özüniň “ Ussadym “ sazynyň birinji bölüminde Gönebegiň aýalynyň Ỳetişiklidigini, Işeňerdigini, Hyzmatlydygyny teswirläpdir.Şonuň üçin “ Ussadym “ diňläniňde maşgalanyň hyzmatyna gaýym Türkmen zenanynyň öýüň ortasynda oturyp mäşirik saraýyşy, her aýagynyň başam barmagyna bir sallançag bagyny orap, iki sallançagy bir wagtda üräp, çagalaryny hüwdeleýşigöz öňüne gelýär.

Şonuň üçin sazyň kakuwy hem üwrülip duran sallançagyň gidip-gelip duran badyna meňzäp dur.“ Ussadymyň “ ortaky bölümi bolsa iki ýana hallan atýan mäşirigiň pyrlanyp durşy kybaldaş gelýär. Sazyň soňky bölümi hem Gönebegiň alaşysyny ýorgaladyp barşyny göz öňüne getirýär.

„ Ussadym „ sazy hakda bir kiçijik hekaýam bar.Bir gün Gönebek halypa şägirdi Allaberdini ýanyna çagyrdy-da, oňa Yzganda gidip agşama çenli kakasyny alyp gelmegi tabşyrdy.Allaberdi agşamara kakasyny alyp gelende öýde Gönebek halypdan başga-da üç- dört sany ak sakgal ýaşuly otyrdy.Salam hälekden soň Gönebek halypa myhmanlaryna ýüzlendi :

-- Adamlar ynha, şu ýigid-ä meniň şägirdim bolmaly.Ilki gelende oglanjykdy, indi ýigit çykdy, bu zaňňar ady Allaberdi.Men-ä muňa „ Kel Han „ diýýän.sebäbi meniň ençe ýyllap ony eýt, muny beýt, diýen iňirdilerim munuň saçyny düşüripdir.Ynha, bu gyrçuw sakgalam onuň kakasy Aýdogdy ýuwaş.Gaýraky Yzgantdan gelen-dir.Oturymy şu ýerde.Siz maňa : „ Şu gün-ä Gönebek bize uly höwes bilen saz çal-yp berer “ diýip, oturansyňyz….

Atabakar aga ýaşulylara seredip aýtdy:

--Hawa, biz-e şeýle bolar—diýip, gulak gabardyp oturandyrys.

--Ỳok, beýle däl, adamlar.men dutary elime –de aljak däl.bu gün meniň şägirdim, köp ýyllap çir-çitir bolup saz öwrenen kel hany synagdan geçirmeli.Munuň kakasyn-am şonuň üçin çagyrdyk.Eger sizin synaňyzdan gowy geçip bilse, men muňa edil häzir pata berjek.Törde sakgalyny ýere ýetiräýjek bolup, egilip oturan Atabakar aga biraz dikelip gepledi.

--Baý- bow, Göni, bizi sen bu gün beýle iş üçin çagyran ekeniň – ow.

Beýleki ýasulylaram gozganyşdylar.Gönebek sözüni dowam etdi.

--Adamlar, Yzgantly sakgaldaşym Aýdogdy ýuwaşyň ogly Allaberdini meniň ýanym-da ençe ýyllap saz öwrendi.menem bilenimi öwretdim.Indi muňa öwredip biljek zadym ýok.Töweleme, indi bu menden ozdurdy.Bolmalysam şeýle –dä adamlar.

Ỳaşulylar gök çaýdan nepeslerini durlansoň Gönebek halypa dutary şägirdine uzatdy :

--Hany, Kel han, ýasulylara „ Bolmuşamy „ edip ber.

Şonda şägirt „ bolmaşam „ sazy çalyp berdi.

--Heý tüweleme, senä Gönebegiň özüçeräk çalaýdyň muny– diýip, Kerwen aga saz gutaryp-gutarmanka dillendi.

--Gümansyratmagyn Kerwen, özçüräk däl-de, özüçe...has dogrusy, gowrak çaldy diýsene – Diýip, Gönebek dikeldi.

--Şägirt halypasyndan ozdurmasa kär ýiter ahwetin.Hany Kel han „ Şadillini „ bir edip ber bakaly.Allaberdi dutarynyň kirşini gatyrak çekip, „ Şadillini „ çaldy.

--Adamlar, heý kemi barmy? „Ybraýym şadillini „ özümem ýaňky ýaly çalyp bilerin öýdemok.Jahyl oglanda, edil omrup barýar – how –Diýip, Gönebek halypa soňky sözüni aýtdy.

—Makul bilseňmen-ä Allaberdi Aýdogdy ogluna pata beräýjek.

--Anha ogul, synagdana geçdiň, ak pata aldyň.Indi bize bir salym hezil ber bakaly.Allaberdi dutarynyň sapyny sypap güýmendi.Oglunyň hüý-häsiýetine belet Aýdogdy aga onuň bir zat diýjek bolýandygyny aňyp :

„ Näme diýjek bolýaň ? çekinme-de aýdyber „ Diýdi.Allaberdi ýere bakyp zordan gepledi :

Aý, Gönebek halypama bagyşlap bir heňjagaz taslapdym.Şony entek hiç kime-de eşitdiremokdym.diňe daga gidem-de öz-özüme çalyp berýärdim.Häzir şony çalyp beräýsem diýjek bolýan.Şägirdiniň bu sözüni eşidip Gönebek halypa ýassygy tirsekläp ýatan ýerinden derrew dikeldi.Özi hakdaky täze sazy eşitmäge howlukdy. Gönebek halypa bagyşlanan sazy eşitmäge hemmelerem howlagan bolara çemli, ýerli-ýerden seslendiler :

--äh, sen-ä tüýs sägirt ekeniň – ow.-- Ussat hakda saz düzdüm diýsene.

-- Hany, Göni, diňle bakaly öz heňiňi.

-- Hany, çal,ogul, ol niçek heňkä ? Şonda Allaberdi bir saz çaldy.Ony biz günde-günaşa radio-da „ Ussadym „ diýip diňleýäris.Saz gutaran badyna Gönebek halypa şägirdiniň arkasyna kakdy.

-- Berekella,senden tama-da şeýledi.

-- Gönebek, heý armanyň galdymy ? ýaňky sazyň bir ýerinde dogurdanam seniň al-yorgaňy säpjedip barşyň ýadyňa düşýär.

-- Hany, onda ogul halypň Gönebege bagyşlan sazyňy ýene bir gezek çalyp ber bakaly. “ Ussadymyň “ saldamly kakuwlary ýaşulylaryň gowruny ýatyrdy.Olar ýuwaşjadan sakgallaryny gymyldadyp, saz ummanyna çümüp gitdiler.