BRI

BRIGA'DA, 1. Önümçilikde bölünip özbaşdak işleýän adamlar topary. Sekiz adamdan ybarat döwekçiler brigadasy düzülip, brigadanyň ýolbaşçysy hem Sähet bellendi (A. Gowşudow, Mähri—Wepa). Çagalar traktor brigadasyna ekskursiýa gitdiler («Pioner žurnaly).

2. Harby bölümleriň birikmesi. Tank brigadasy.

3. Otla hyzmat edýän işgärler topary.


BRIGADIR, Brigadanyň ýolbaşçysy. Enebaý bilen Ata-da şu brigadiriň brigadasyndadylar (B.Gurbanow, Duşuşyk). Oraz iki ýyldan bäri «Ýalkym» kolhozynda brigadir bolup işleýär.


BRIGADIRLIK, Brigadiriň käri, wezipesi. Sen brigadirlige razylyk beripsiň — diýdi (N. Pomma,

Taýlak hyzzyn).


BRILLIA'NT, Gymmat baha daş. Gulagyndan, brilliant ysyrga asmandy.(«Sowet edebiýaty»  žurnaly).


BRITANIÝALYLAR, Beýik Britaniýanyň ilaty, iňlisler.