SÖZLÜG ,,, A-HARPY;

AJA

AJDAR, ser. A j d a r h a.

Ajdarlar nagra çekip, Arslanlar arlaşardy (Nury Annagylyç, Saýlanan eserler). Ajdar gördüňmi, şir gördüňmi, ganyň gaçyp-dyr-la! («Görogly» eposy).


AJDARHA [a:jdarha:], Fantastik ertekilerde aýdylýan ýylana meňzeş köp kelleli äpet uly mifiki haýwan. Gudrat bilen bina bolan ajdarha, Bent eýleme perizadyň ýoluny («Görogly» eposy). Bu şol ajdarhany gorkuzan haýýar heleýdir (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


AJAÝYP [aja:ýyp], 1. Örän gowy, oňat, juda ýagşy. 

Ajaýyp işi üçin hökümetimiz ony Zähmet Gyzyl Baýdak ordeni bilen sylaglady. Kolhoz gurluşygy ajaýyp guramaçylary ösdürip ýetişdirdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).

2. Täsin galdyryjy, haýran galdyryjy, görmegeý, gözel, ajap. Moskwa ajaýyp şäher eken (K. Işanow, Watan üçin). Adamzat ajaýyp zatlar döredýär («Görogly» eposy). Halk Magtymgulynyň bu ajaýyp setirlerini öz atalar sözi bilen deň hatarda ulanýar we söýýär («Ede-biýat»).


AJAÝYPLYK [aja:ýyplyk], 1. Örän gowulyk, juda ýagşylyk, oňatlyk.

2. Täsinlik, haýran galyjylyk, örän owadanlyk, gözellik, ajaplyk. Gijäniň ajaýyplyklary-da onuň ünsüni çekip bilmedi («Kolhoz günleri»).


AJAL, Ölüm pursaty, ölüm. Ajal penjesini, gyza saldylar (M. Gorьkiý, Eserler). Soýasana şol horazy! Öz ajalyny özi dileýär (N. Jumaew, Ak derek). Ajaly ýeten tilki hinine bakyp üýrär (nakyl).

* Ajal donyn  geýmek — ölmek.

Neberesi sessiz galyp işine, Ol Lýudwig ajal donuny geýdi (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler).

Ajala el bulamak — howply işe baş goşmak.

Ajalyňa howlukmak — ser. Ajala el bulamak.


AJALLY, Ölüm howply, ölümli.


AJALSYZ, Ajaly ýetmedik, wagtyndan öň, biwagt ölen.


AJAMAK [a:jamak], Tagamy turşamak, ynjap ajy bolmak. Yzgaryň ysy bilen ajan üzüm suwunyň ysy gatyşyp aňkaýaray (A. Gowşudow, Köpetdagyň etegin-de). Hamyr ajapdyr. 

* Gygy ajamak — ser. G y k.

It ýaly guduzlan faşistleriň gygy ajapdyr (Ata Salyh, Saýlanan.eserler).


AJAP, ser. A j a ý y n.

Ne ajap pikir bu säher çagynda, Gezim edýän ýaly seýil bagynda, Beýik şöhrat alan ajap nagşyň bar (N. Pomma, Saýlanan eserler).


AJAPLYK, Ajaýyplyk, gowulyk, oňatlyk, owadanlyk, gyzyklylyk, üýtgeşiklik.

Hany sen  Moskwa, gözel ýüz baply, Sen, sen, ajaplygyň, eziz watany (A. C. Puşkin, Saýlanan eserler).


AJARLAR, Ajarystan ASSR-niň ýerli halky, esasy ilaty.


AJATMAK [agjatmak], 1. Tagamyny ajy hala öwürmek, ajamagyna sebäp bolmak, ajy etmek.

Hyýar agzymy ajatdy.

2. Turşatmak, ötüşdirip turşy etmek. Işime ýetişip bilmän, hamyrymy ajadypdyryn.