AJY [a:jy], 1. Ýiti we ýakymsyz täsir edýän tagam, süýji bolmadyk, süýji däl. Işden soňky ajy çaý, Jana berýärdi şypa (A. Nyýazow, Şygyrlar). Ajy hyýar. Ajy burç. Ajysy bolmadygyň süýjüsi bolmaz (nakyl). 2. göç. m. Agyr, erbet, kyn. Ajy bir durmuşda gözýaşyn seçdi, Garybyň görjegni gör eden kanun (N. Pomma, Saýlanan eserler). * Ajy deriňi (d ö k m e k) ç y k a r m a k ser. D e r. Bu teklip, dogaly bäri ajy der dökmedik adamy ör-gökden getirer («Tokmak» žurnaly). Ajy ýylgyrmak gaharly we kinaýaly gülmek. Ol oňa ajy ýylgyrmak bilen seretdi («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). A j y s ö z ser. S ö z. Durdynyň ajy sözi Artyga kemsiz degdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ajy habar ser. H a b a r. Ajy habar getirmek. Ajy habar aýtmak. Ajyňy pürkmek biriniň ýüzüni almak, biriniň üstüne gaharly gygyrmak. Şol ýumruk ýaly garrynyň üstüne ajyňy pürkmäge neneň diliň aýlandy! (B. Pürliew, Ilkinji gün). AJYBALGAZ [a:jybalgaz], bot. Ýakymlyja , ysly-iýilýän ot. Ajybalgaz çykdy, tebipleriň goly baglan-dy (nakyl). AJYBUÝAN [a:jybuýan], bot. Iri baldakly, ownuk ýaprakly, ajy tagamly, mal iýmeýän ösümlik. AJYDÄNE [a:jydäne], Maňzy ajy bolan. Ajydäne erik. Ajydäne şänik. AJYKDYRMAK [a:jykdyrmak], Birini aç goýmak; iýmek islegini döretmek. Çagany ajykdyrmak. Mallary ot bermän ajykdyrmak. AJYKMAK [a:jykmak], Aç galmak, açlygyňy syzmak, iýesiň gelmek, aç bolmak. Şagal bir gün ajykdy, Awuň gözlegine çykdy («Sowet edebiýaty» žurnaly). Ajyksaň, çopan ýanyna; suwsasaň, daýhan ýanyna bar (nakyl). AJYMTYK [a:jymtyk], Biraz ajan, birneme ajy bolan, ajy tagamy duýulýan. Keselere guýlan ajymtyk gök çaýlar bugarýardy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). * Ajymtyk ýylgyrmak gaharly we kinaýaly, gulümjiremek. Durdy rahat oturyp bilmedi, ajymtyk ýylgyrdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). AJYTERE [a:jytere], bot. Ýasy ýaprakly iýilýän ajymtyk ot. AJYTMAK [a:jytmak], Turşutmak (ýüz hakda). |