SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IMA

IMAN [i:ma:n], dini. Musulman dinine bolan ynanç, uýmaklyk, musulman dinini açyk ykrar etmeklik. Sen meniň diriligim, sen meniň imanym (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Ýene dilesem, ahyret göwher imanymy beriň («Görogly» eposy).

Ykrary ýoguň — imany ýok (nakyl)

Arym köýen-den imanym köýsün (nakyl).


IMANLY [i:ma:nly], Musulman dinine ynanýan, uýýan. Meniň imanly gidenim seniň ne gaýgyňa («Görogly eposy). Imanly adam.


IMANSYZ [i:ma;nsyz], Musulman dinine ynanmaýan, uýmaýaň dinsiz. Din üçin aýaga galanyň, Aşyr ýaly imansyzy öldüreniň kesewisi gögerer (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IMANSYZLYK,  [i:ma:nsyzlyk], Musulman dinine inanmazlyk, uýmazlyk, dinsizlik.