SÖZLÜG ;   I- HARPY;

IMP

IMPERÝALI'ZM, Kapitalizmiň iň ýokary we iň soňky stadiýasy. Imperializmi monopolistik kapitalizm diýip, Lenin kesgitleýärdi (SSSR taryhy). Ýapon imperializmi, zynjyrdan boşap, Bize hüjüm edip bilmersiň ýaşap (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Siz imperializmiň ýagly lukmasyna gyzygyp, bu gün meni daňsaňyz, ertir olar özüňize meňzeş itlere sizi daňdyrarlar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


IMPERIALI'ST, Imperializmiň syýasatyny ýöredýän iri kapitalist. Basybaljy imperialistler bakna ýurtlaryň baýlygyny demlerine dartýarlar-da, onuň ýerine açlyk, gedaýçylyk belasyny dökýärler (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Eger imperialistler bizi asu-da günlerimize goýmak islemeseler, onda faşizm takdyrynyň olara-da garaşýanyny goý olar unutmasynlar. Düýnki çopan oglunyň hem niýetiniň şondadygyny, ynanjynyň mäkämdigini, şol ynanjyň, şol gaýratyň hemşie üstün çykýandygyny, çykjakdygyny, goý, betpäl imperialistler bilsinler (B. Kerbabaew, Aýsoltan).


IMPERIALISTIK, Imperializme has bolan. Imperialistik uruş. Imperialistik syýasat. Imperialistik monppoliýalar.


IMPERIÝA, 1. Başynda imperator durýan monarhik döwlet. 2. Iri imperialistik kolonial döwlet. IV asyryň ahyrynda Rim imperiýasy iki bölege: gündogar we günbatar bölege bölünipdir (SSSR taryhy).


I'MPORT, ykd. Bir ýurda daşary ýurtdan haryt getiriş. Leýptsigde her ýylda baglaşylýan eksport we import ylalaşyklary bardy («Sowet Türkmenistany» gazeti).


IMPORTIOR, ykd. Daşary ýurtdan haryt getirýän.