SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KADA [ka:da], 1. Düzgün, kanun. Ýazyžy özüniň gahrymanlary hakyndaky hekaýasyny. edebi diliň kadasy boýunça beýan edýär (A. Kekilow, Edebiýat teoriýasy).

2. Däp, adat, endik bolup giden tertip. Stoluň üsti iňlis kadasyna görä serwizlenipdi (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).


KADA-KANUN [ka:da-ka:nu:n], Düzgün-tertip, kada, kanun Sowet hökümetiniň kada-kanunlary obalara ýaýrap, obalar sowetleişip başlady (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Her zadyň öz kada-kanuny bar.


KADALAŞDYRMAK [ka:dalaşdyrmak], 1. Belli bir kada salmak. 2. Kanunlaşdyrmak, düzgünleşdirmek, tertipleşdirmek, sazlamak. Ilkibada käbir etmezçilikler-de ýüze çykdy. Nazar şol zatlaryň hemmesini kadalaşdyrdylar. Hindi-Hytaýdan gelýän soňky habarlar Laosyň korollyk hökümetein, hem sotsialistik lageriň döwletleri bilen hem gatnaşyklaryny kadalaşdyrmaga çalyşýandygyna şaýatlyk edýär («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KADALY [ka:daly], 1. Düzgünli, tertipli, kanunly. Mekdep okuwçylarynyň durmuşynda kadaly tertibi bellemek-de örän möhümdir (I. T. Ogorodnikow, P. N. Şimbirew, Pedagogika). 2. Wagtly-wagtynda, yzygiderli, normal, saz, regulýar. Nebit çykan guýularyň kadaly işledilmegi iş üstünliklerini gazanmaklyga mümkinçilik berýär («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly). Bedenterbiýe bilen meşgullanýan adamda kadaly we wagtly-wagtynda dem almak möhüm rolь oýnaýar («Pioner» žurnaly).


KADALYLYK [ka:dalylyk], 1. Düzgünlilik, tertiplilik, kanunlylyk. 2. Yzygiderlilik, normalylyk. sazlaşyklylyk.


KADASYZ [kagdasyz], 1. Düzgünsiz, tertipspz, kanunsyz. Kadasyz ýagdaý dowam edýärdi. 2. Yzygiderli bolmadyk, normal däl, regulýar däl, sazlaşyksyz.


KADASYZLYK [ka:dasyzlyk], 1. Düzgünsizlik, tertipsizlik, kanunsyzlyk.

2. Yzygiderli dällik, normal dällik, saz dällik, regulýar dällik. Maşynyň işleýşiniň kadasyzlygy.


KADET I, Patyşa Russiýasy döwründe: kadet korpusynda bilim alan okuwçy.

<>Kadet korpusy — patyşa Russiýasynda: dworýanlaryň ogullaryny ofitserlik gullugyna taýýarlaýan ýapyk orta harby okuw jaýy.


KADE'T II, syýasy. Patyşa Russiýasynda: imperialistik buržuaziýanyň konstitutsion-demokratik partiýa diýlip atlandyrylýan partiýanyň çleni.


KADR, kinem. 1. Kinoplionkadaky aýry-aýry surat. «Sergezden» kinofilyninden kadr.

2. Kinofilyndäki aýratyn sahna ýa-da epizod.


KADRLAR, 1. harby. Goşun bölüminiň hemişelik sostawy.

2. Bir edaranyň, guramanyň ýörite taýýarlan işgärler topary, sostawy. Ylymlar akademiýasynda, ýokary okuw jaýlarynda her ugurdan başy çykýan milli kadrlar ösüp ýetşidi («Sowet edebiýaty» žurnaly).