SÖZLÜG ,, KA- HARPY;

KAB

KAW

KAG

KAD

KAZ

KAK

KAL

KAM

KAP

KAR

KAS

KAT

KAU

KAF


KARABI'N, harby. Esasan atly esgerler üçin gysga gundagly tüpeň. Leýtenant bir karabini alyp, biraz dikelibräge-de duşmana tarap çenedi (A Gowşudow, Mähri—Wepa) Beýleki ikisi bolsa ellerindäki karabinlerini gezeşip, oglanyň üstüne okduryldylar («Mydam taýýar» gazeti).


KARAM [kara:m], Oýnuň we ş. m düzgünini bozmaklyk, aldaw. Aşyry karam bije bilen pälelige iberdiler (B Kerbabaew, Aýgytly ädim). Karam etmek.


KARAMÇYLYK [kara:mçylyk], Oýnuň we ş. m düzgünini bozmaklyk, aldamaklyk.


KARANTI'N, 1. Ýokanç kesele sezewar bolan adam bilen aragatnaşykda bolanlary wagtlaýynça aýry saklaýyş. Annaguly dagy heniz karantindedi (A. Durdyew, Saýlanan eserler).

2. Ýokanç keselleriň ýaýran ýerin-den gelenleri barlaýan punkt.


KARAR [kara:r] I, Hökümet tarapyndan çykarylýan ýa-da köpçülikleýin kabul edilýän buýruk. Hökümetiň eden kararyn görüp, Haýyrly peýdasyn bilen daýhanlar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Maslahatda karar boldy, ýerleşdi, Işçi, batrak, orta garyp birleşdi (Durdy Gylyç, Goşgular).

<> Karara gelmek — belli bir netijä gelmek.


KARAR [kara:r] II, Sabyr, çydam, takat. Biri-birlerini görmeseler, ýürekleri karar bermezdi (A. Durdyew, Saýlanan eserler). Bir ýerde durmaga kararym ýetmän, iki ýana zowzuldap ýörün (B. Pürliew, Ilkinji gün).


KARARLAŞMAK [kara:rlaşmak], Belli bir netijä, karara gelmek, wadalaşmak. Olar kararlaşyp çykyp gitdiler (A Gowşudow, Powestler we hekaýalar).


KARARLY [kara:rly], Sabyrly, çydamly, takatly. Senden karar tapar jahan, Mydam bir kararly daglar («Türkmen halk şahyrana döredijiligi») Ol örän kararly adam.


KARARSYZ [kara:rsyz], Sabyrsyz, çydamsyz, takat-syz. Kararsyz adam Kararsyz hal-ýagdaý.


KARARSYZLYK [kara:rsyzlyk], Sabyrsyzlyk, çydamsyzlyk, takatsyzlyk. Ol heniz hem kararsyzlygy bilen garaşyp, agşamyň tum-garaňkysyny ýagşy düşürdi (N Saryhanow, Saýlanan eserler).


KARBÝURA'TOR, Içinden ot alýan dwigatellerde suwuk ýangyç bilen howanyň birikmeginden ýangyç garyndysyny emele getirýän enjam. Kemçilik hem şondamyka diýýärin — diýip, Annadurdy, karbýuratora ýapyşdy (N. Pomma, Taýlak hyzzyn).


KARZ, Gaýtaryp bermek şerti bilen wagtaýyn alynýan ýa berilýän, şeýle hem alnan pul, zat. Maňa köp pul gerek däl, iki ýüz manat karz berseň bolýar (A Durdyew, Saýlanan eserler) Sen hökümete geljek ýylky bergiňi beripsiň, eger gysdansaň, ondan karz hem alyp bilersiň (A Gowşudow, Mähri—Wepa).


KARZDAR [karzda:r], Gaýtaryp bermek şerti bilen wagtlaýyn pul ýa-da zat alan adam, bergidar Karzdar bolmak.


KARIKATURA, Gülkünç edilip çekilen surat. Listokda iki sany karikatura çekilipdi (N. Jumaew derek). Ramanyň içinde, aýnanyň aşagynda duran karikatura gözüni dikdi («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KARIKATURAÇY, Gülkünç suratlary çekýän hudožnik.


KARKA'S,   Ymaratyň, jaýyň demir ýa-da  agaçdan bolan  esasy  skeleti, göwresi.Demir   beton karkasy bolan jaý köp ýyllap abat durar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KARNAWA'L, Tans, oýun  we çykyşlar bilen geçirilýän milli baýram. Pionerler we mekdep okuwçylary hem karnawallara we sport ýaryşlaryna gatnaşýarlar («Mydam taýýar» gazeti).


KARNI'Z, 1. Jaýyň ýokary gyrasyndaky, erňegindäki figuraly çykyt.

2. Gapy ýa-da aýna perdesi asylýan, kakylýan kese agaç.


KART, Ýüzi san bellikli we suratly oýnalýan kagyz. Jahyl mahallarynda ikisi kart oýnapdyrlar . (N. Saryhanow, Saýlanan eserler) Indi agşamlaryna, kart oýnap başlapdy (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KARTA, 1. geogr. Ýeriň üst şekili çekilip görkezilen çyzgy. Kabinetiň diwarlarynda kartalar  diagrammalar bar («Sowet edebiýaty» žurnaly) Kolhozyň bütin ekerançylyk meýdanynyň hem bagçylygynyň kartasy bardy. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde ).

2 Ekin ekmek üçin taýýarlanyp goýlan ýa-da ekin ekilen giň meýdan Kartalaryň gyralaryna ekilen tug agaçlary beýikli-pesli hatar bolup durlar («Sowet edebiýaty» žurnaly). Biz, bir kartanyň gowaçasy mazaly açylýança, güýmeň-süýmeň bilen wagt geçirýäs («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KARTALAŞDYRMAK, 1. Bir ýeriň we ş. m. keşbini karta salmak, karta göçürmek.

2. Ýeri kartalara bölmek.


KARTBAZ [kartba:z], Kart oýny bilen düýpli meşgul bolýan adam, humarbaz, kartkeş. Gurt ýaly bir kartbaz — tüýkesmäni çagyrmagy, elbetde, bir geň zatdy , (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KARTE'Ç,   1.  Aw tüpeňi üçin  ulanylýan  iri seçme, 2. harby. Köpçülikleýin gyrmak maksady  bilen ýakyn  aralyga atylýan  artilleriýa  snarýady.


KARTI'NA,   Kinofilym, kino.  Olaryň   döwrümiziň  talabyna laýyk çeper kartinalar döretjekdiklerine  türkmen   halky  ynanýar   («Sowet edebiýaty»  žurnaly). Bir uly telpekli oba adamsy bir näçe sapar bize kartinada  duşdy.

(A.   Gowşudow,  Mähri—Wepa).


KARTKEŞ, ser K a r t b a z. Kartkeşiňki özüňe belli, şu gün ol ýüz manat pul utan hem bolsa, soňkusy gün onuň jübüsinde gara köpük tapdyranok (A. Gowşudow, Mähri—Wepa).


KARTOGRA'MMA, Kartanyň ýüzünde statistik maglumatlar görkezilen çyzgy.


KARTOGRAF,  Karta düzýän spetsialist. Kartograflar  karta düzmek işine girşidiler.


KARTOGRA'FIÝA, Geografiýa kartalaryny düzmek hakyndaky ylym.


KARTO'N,  Preslenen örän gaty galyň kagyz. Ol otagda köp eglenmän, eline bir karton kagyzyny aldy («Mydam   taýýar»   gazeti). Ol agaçdan  kagyzyň  ýuka sortuny,   gabygyndan bolsa  karton   taýýarlamak  bolar («Ýaş kommunist» gazeti).


KARTOTE'KA, Bir maksat üçin ýygnalan ýazgyly , kartoçkalaryň jemi. Sözlük kartotekasy Kitaphana kartotekasy.


KARTOTEKAÇY, Kartoteka üstünde işleýän işgär, kartoteka düzýän işgär. Kartotekaçy bolup kitaphanada işleýärin.


KARTOÇKA, 1. Dörtgyraň kagyz  ýa da  karton. Kartoçka göçürilen ýazgylar. 2. Belli bir zat almak üçin ýüzi ýazgyly kagyz. 3. Kiçijik fotosurat.


KARTO'ŞKA. gepl. d. Köki miweli gök ekin we onuň krahmala baý, nahara atylýan hasyly, ýeralma. Geljek ýaz irki kartoşka ekmek üçin bellän ýerim göwnüňe ýaramadymy? (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Kartoşka ekini. Kartoşka uny.


KARTHANA [kartha:na], Kart oýnalýan jaý. Haraba bolup galan degirmen şowundamy ýa-da öýüni karthana öwren adamlaryň biriniň öýündemi, Gurt hem şol oýnuň halkasynda peýda bolýar (A. Gowşudow, Mähri— Wepa).


KARUSE'LЬ, Münüp aýlanmak üçin ýörite ýasalan oturgyçly, her hili oýnawaçly pyrlanyp duran gurluş. Biziň öz çagalar şäherjigimiz bar. Onda karuselь, sallançak we hiňňildik bar («Mydam tanýar» gazeti). Çagalar karuselь münüp aýlandylar.


KARЬER, Magdanlaryň we ş. m. ýerden gazylyp çykarylýan ýeri. Çagyl karьýeri. Daş karьeri.


KARЬERI'ZM, Wezipeli gulluga kowalaşmaklyk, karьera kowalaşmaklyk.


KARЬERI'ST, Karьerizmiň tarapdary, wezipeli gulluga, karьera kowalaşýan. Ol dar düşünjeli bir karьerist (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). «Derňewçi» atly orama eserinde uezd şäherinde bolan parahorlary, ogrulary, karьeristleri, çinownikleri paş edýär («Mydam taýýar» gazetn).


KARЬERISTIK, Karьera esaslanan, karьera degişli bolan. Eger ol özüniň karьeristik niýeti bilen şu pikire gelen hem bolsa, jähennem, ýokary mekdepde okamagy belki oňa peýda eder (A. Gowşudow, Saýlanan eserler).


KARY [ka:ry], kön s. Kitaby ýat tutan, ýatkeş adam (köplenç kör adam hakda). Kary bir gün büdräp ýykylypdyr (Ata Salyh, Saýlanan eserler).