SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KIB

KIL

KIM

KIN

KIO

KIP

KIR

KIS

KIT

KEÇ

KEŞ


KISE [ki:se], 1. ser. Jübi. Üçünji hatyny agşam alypdy, Okap ýene kisesine salypdy. (Çary Aşyr, Poemalar). 2. dial. Goş-golam salynýan halta. Goşlarynyň hemmesini bir kise salyp, agzyny bogdy.


KISELIK [ki :selik], 1. ser. Jübülik. Kiselik biçilen mata bölegi, Kiselik mata.

2. dial. Goş-golam almak üçin haltalyk, haltalyk şal.


KISE'LЬ, Ir-iýmiş şiresine süýt, krahmal goşulyp, ýörite taýýarlanylýan goýy içgi, iýmit.

Kisel taýýarlamak. Çagalar kiselь içdiler.

K
ISLORO'D, him. Howanyň sostawyndaky dem almak üçin gerekli reňksiz, yssyz we wodorod bilen birleşende suw emele getirýän himiki element, gaz. Bu öýde kislorod azmy, näme? (G. Muhtarow, Pьesalar). Kislorod — dury we reňksiz gazdyr, ol ýanmaklyga kömek berýär (M. N   Skatkin, Jansyz tebigat).


KISLOTA', him. Duz emele gelende, metal bilen ýerini çalyşmak häsiýeti bar bolan, düzümi wodorodly, hem-de turşy tagamly himiki birleşme. Gök marinad etmekde sirke kislotasyndan peýdalanylýar («Sowet Türkmenistanynyň aýallary» žurnaly).