SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KLA

KLE

KLI

KLU


KLIÝE'NT, Bir zady zakaz edýän, buýurýan adam, bir ýere hemişe baryp durýan adam, müşderi. Naharhana arassalygy, kliýentlere oňat hyzmat edýänligi bilen tapawutlanýar («Sowet Türkmenistany» gazeti).


KLI'ZMA, 1. Emeli usul bilen ýogyn içegä suwuklyk göýbermek, iç arassalamak. Klizma etmek. 2. Şonuň ýaly usul bilen ýogyn içegä suwuklyk goýbermek üçin gural. Rezinden edilen klizma.


KLI'MAT, Her bir ýeriň, ýurduň meteorologik şertleri, howa aýratynlyklary, howa ýagdaýy. Tokaý klimaty mylaýymlaşdyrýar («SSSR-iň ykdysady geografiýasy»). Sowuk klimat. Yssy klimat. Klimat aýratynlyklary. Deňiz klimaty.


KLIMATOLOTIÝA, Klimat, howa ýagdaýlaryny öwrenýän ylym.


KLI'NIKA, med. Ylym we okuw işleri bilen birlikde alnyp barylýan kesel bejeriş edarasy, keselhana. Onuň klinikada häzir zerur işi bar. Maýa Antonowna şäher klinikasynyň wraçydy («Sowet edebiýaty» žurnaly).


KLIŞE', tipogr. Metbugatda çap etmek üçin metal-dan ýa-da agaçdan ýonulyp taýýarlanylýan surat şekili. Suratyň klişesini taýýarlamak.