SÖZLÜG ,,, KA- HARPY;

KLA

KLE

KLI

KLU


KLUB, 1. Sport oýunlary bilen meşgullanýan adamlary birikdirýän jemgyýetçilik gurama. Kuşt-şaşka kluby.

2. Zähmetkeşleriň medeniet derejesini ýokarlandyrmagy, olaryň gowy dynç almaklaryny guramaklygy wezipe edinýän medeni-aň bilim guramasy we medeniýet işleriniň köpçülikleýin geçirilýän jaýy. Obalarda klub, mekdep saldyryp, Aň-bilime tarap gelen daýhanlar (Mollamurt, Saýlanan eserler). Kolhozçylar indi öz salan klublarynda höwes bilen tomaşa edýärler («Sowet Türkmenistany» gazeti). Klubuň ýanyndaky meýdançanyň kese töweregine bag ekilip, dynç almak üçin uzyn oturgyçlar goýlupdyr («Sowet edebiýaty» žurnaly). Nebitçileriň kluby.


KLUBNI'KA, bot. Gyzyl tudana ýaly miwe berýän pessejik ösümlik we onuň miwesi. Töwerekde klubnika, zemlýanika, çerniga, malina we her dürli iýmişler dos-doludy («Sowet  edebiýaty» žurnaly).


KLUMBA, Içine gül ekilen aýratynja ýer. Men mekdebimiziň bagynda ullakan inedördül klumbanyň ýanynky skameýkanyň üstünde otyrdym («Mydam taýýar» gazeti).