SÖZLÜG ,,, KA- HARPY; |
KUW |
|||
KUWWAT [kuwwa:t], Güýç, gujur, zor. Kuwwatymyz artar, asla egsilmez. (Ata Salyh, Saýlanan eserler). Moskwa uly at, Moskwa şöhrat, Moskwa halkyma berýär güýç,, kuwwat (K. Işanow, Watan üçin).
KUWWATLANMAK [kuwwa:tlanmak], Kuwwatly bolmak,zor bolmak, gujurlanmak, güýçlenmek. Gymmatly sözler bilen kuwwatlandy (Ata Salyh, Saýlanan eserler).
KUWWATLY [kuwwa:tly], Gujurly, zor, güýçli. Ak guşlar kuwwatly, çyn zähmetiň burawy. (N. Pomma, aýlanan eserler). Kolhozda kuwwatly elektrik stantsiýasy guraldy («Sowet edebiýaty» žurnaly).
KUWWATLYLYK [kuwwa:tlylyk], Gujurlylyk, zorluk, güýçlülik. Urartu döwleti täze eradan öňki VIII asryň ortalarynda has uly möçbere we kuwwatlylyga ýetişipdir (SSSR taryhy). Kuwwatlylyk, agzybirlik bizde bar. (Ata Salyh, Saýlanan eserler).
KUWWATSYZ [kuwwa:tsyz], Gujursyz, zor däl, güýçsüu. Kuwwatsyz adam.
KUWWATSYZLANMAK [kuwwa:tsyzlanmak], Kuwwatdan düşmek, güýçden galmak, güýçsüzlenmek.
KUWWATSYZLYK [kuwwa:tsyzlyk], Zor dällik, güýçsüzlik, gujursyzlyk. |