SÖZLÜG ,, L- HARPY;

LEB

LEG

LEÝO

LEZ

LEÝ

LEK

LEL

LEM

LEN

LEŇ

LEP

LER

LET

LEÇ

LEŞ


LEB, kön. s. ser. Dodak. Lebleriniň şirin-şerbet balyndan, Sorsam — öldürerler, sormasam — ölýän (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Dişleriň, dür-däne, lebleriň gaýmak. Öwez baý aljyrap, lebin ýalady. (Ata Salyh, Saýlanan eserler).


LEBIZ, Bir zady ederin diýip berlen söz, bir zada boýun bolup edilýän wada, ykrar, äht. Kim öz lebzini bozsa, kanundan daşary iş etse gaýgyrman. Şol adamlarda ne lebiz bar, nede ykrar (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim).

<>Lebziňde durmak — eden wadaňy ýerine ýetirmek, sözüňde tapylmak, Arap at meýdanda ýörer, Är bolan lebzinde durar («Görogly» eposy).

Lebiz etmek — bir zada boýun bolmak, söz bermek. Men Hojam aganyň ýanynda lebiz etdim, söz berdim (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde). Men içmezlige lebiz etdim.

Lebzini ýuwutmak — eden wadaňdan dänmek, ykrarsyz bolmak, ähtini bozmak. Wadasyny üfläp, lebzini ýuwudan adamyň ýüzüne tüýkürilýän dälmidir?! («Sowet edebiýaty» žurnaly). Hawa Halnazar baý, hawa Ak patyşa öz lebzini ýowutdy (B. Kerbabaew, Aýgytly ädim). Lebizden dänm e k —ser. Lebziňi ýuwutmak. Lebziňden dänmek hem gowy däl.


LEBIZLI, Beren sözünde tapylýan, wadasynda durýan, ykrarly, durnukly. Adam diýeniň lebizli bolar.


LEBIZSIZ, Sözünde tapylmaýan, wadasynda durmaýan, ähtini bozýan, ykrarsyz. Lebizsiz adamyň ugry bolmaz.